HABARLAR

Ykdysady ösüşiň esasy ugry

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 12-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda 2020-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy. Mejlisiň dowamynda şu ýyl üçin Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we degişli ugurda döwlet ähmiýetli birnäçe maksatnamalary tassyklamak hakyndaky Kararlara gol çekildi. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Bu ugurda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak işi hem üstünlikli amala aşyrylýar. Ykdysady ösüşiň esasy ugry bolan sanly ulgamyň ýurdumyzda önümçilige giňden ornaşdyrylmagy halk hojalygynyň pudaklarynyň ýokary depginler bilen ösmegine ýardam berýär. Ýurdumyzda degişli ugurda alnyp barylýan özgertmeler milli Liderimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda durmuşa geçirilýär.

Özyg­ty­ýar­ly­ly­gyň buý­sanç­ly ga­dam­la­ry

Ýurt Ga­raş­syz­ly­gy­myz ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak aja­ýyp gym­mat­lyk­dyr. Döw­le­ti­mi­ziň mu­kad­des­lik de­re­je­si­ne gö­te­ri­len bu be­ýik gym­mat­ly­gy mi­ze­mez­li­giň, hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­niň we bag­ty­ýar­ly­gy­nyň göz­ba­şy­dyr. Hal­ky­my­zyň özyg­ty­ýar­ly­ly­gyn­da ― mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gyn­da ata-ba­ba­la­ry­my­zyň er­kin, pa­ra­hat, aba­dan hem-de bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­mak ba­ra­da­ky süý­ji ar­zuw­la­ry, be­lent mak­sat­la­ry, eziz Wa­ta­ny­my­zyň şöh­rat­ly taryhy, şu gü­ni hem-de be­ýik gel­je­gi jem­le­nen­dir. Ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň yg­lan edi­le­ni­ne şu ýyl te­ge­lek 30 ýyl bol­ýar. Bu ta­ryh üçin on­çak­ly uzak bol­ma­dyk möh­let bol­sa-da, türk­men hal­ky üçin ägirt uly öz­ge­riş­likle­riň, öz­gert­me­le­riň, röw­şen gel­je­gi gur­ma­ga gö­nük­di­ri­len aja­ýyp baş­lan­gyç­la­ryň, ag­zy­bir hal­kyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­nyň gül­läp ösen döw­rü­dir. Ge­çen bu gys­ga döw­rüň için­de ýur­du­myz­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler bol­sa sa­nar­dan kän­dir. Häzirki bagtyýarlyk döwrü­mizde türk­men döw­le­ti­niň şan-şöh­ra­ty dün­ýä ýa­ýy­lyp,

Ar­ka­dag gur­dur­dy kuw­wat­ly des­ga

Şu ýy­lyň 15-nji ýan­wa­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz «Ma­laý» gaz kä­nin­de bo­lup, bu ýer­de gur­lan gaz gy­sy­jy des­ga­nyň işi­ne ak pa­ta ber­di. Bu ta­ry­hy wa­ka my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra gat­naş­mak ma­ňa-da mi­ýes­ser et­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz da­ba­ra­da eden çy­ky­şyn­da tä­ze gu­rul­ýan des­ga­lar­da eko­lo­gik howp­suz­ly­gyň ta­lap­la­ry­nyň berk ber­jaý edil­ýän­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­ta­dy. Kuw­wat­ly des­ga­nyň bu ba­bat­da­ky ka­da­la­ra do­ly la­ýyk gel­ýän­di­gi gu­wan­dy­ry­jy­dyr. Bu­lar­dan baş­ga-da des­ga­da zäh­met çek­ýän­ler üçin amat­ly iş we dur­muş şert­le­ri­niň dö­re­di­len­di­gi­ni bel­le­mek ýa­kym­ly­dyr. Kuw­wat­ly des­ga­nyň kä­mil komp­ýu­ter­le­riň we aw­to­ma­ti­ki en­jam­la­ryň üs­ti bi­len do­lan­dy­ryl­ma­gy bol­sa iş­le­mek üçin goş­ma­ça amat­ly­lyk­la­ry dö­red­ýär. Te­bi­gy gaz ýur­du­my­zyň uly baý­ly­gy bo­lup, ol ösüş­le­re, dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we yna­nyş­ma­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga, ila­tyň ýa­şaý­şy­ny aba­dan­çy­ly­ga bes­le­mä­ge hyz­mat ed­ýär. Ma­laý­dan türk­men ga­zy­nyň alys­da­ky Hy­taý döw­le­ti­ne bök­den

Maksadalaýyk işler ýola goýulýar

«Ker­ki-500» — döw­re­bap elekt­rik bekedi

Şu ýy­lyň ba­şyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Aki­na — And­hoý men­zil­le­ri­niň ara­syn­da­ky 30 ki­lo­metr­lik de­mir ýo­luň, Ker­ki — Şi­bir­gan ug­ry bo­ýun­ça güý­je­nme­si 500 ki­lo­wolt bo­lan 153 ki­lo­metr­lik elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­myň, şeý­le hem Ymam­na­zar — Aki­na hem-de Ser­heta­bat — Tur­gun­dy op­ti­ki-sü­ýüm­li hal­ka­ra ul­ga­myň açy­ly­şy­na ak pa­ta ber­di. Şeý­le des­ga­la­ryň ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi Ow­ga­nys­ta­nyň se­na­gat we dur­muş-üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň di­kel­dil­me­gi­ne, ýur­duň yk­dy­sa­dy taý­dan ösü­şi­ne kuw­wat­ly iter­gi be­rer. Ýur­du­myz­da elekt­rik to­gu­ny art­dyr­mak ba­ra­da uly we­zi­pe­ler öň­de go­ýul­ýar we ama­la aşy­ryl­ýar. Bu ba­bat­da goň­şy Ow­ga­nys­tan döw­le­ti­ne ibe­ril­ýän kö­mek — elekt­rik to­gy uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Öň ow­gan hal­ky­na 110 ki­lo­wolt­lyk ge­çi­ri­ji ar­ka­ly elekt­rik ener­gi­ýa­sy ibe­ril­ýär­di. Hä­zir­ki wagt­da tä­ze ul­ga­myň işe gi­ri­zil­me­gi bi­len kuw­wat­ly­ly­gy ba­bat­da se­bit­de ýe­ke-täk ha­sap­la­nyl­ýan «Ker­ki-500» elekt­rik be­ke­di Ow­ga­nys­ta­na 220 ki­lo­wolt­lyk elekt

Depginli ösüşler we döwrebap çözgütler

Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň öňünde goýýan strategik wezipelerini ýerine ýetirmekde bank ulgamy möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan pul-karz syýasatynyň çäklerinde onuň degişli gurallaryny sazlaşykly ulanmak arkaly ykdysadyýetimiziň depginli ösüşi we makroykdysady deňeçerligi üpjün edilýär. Milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçýän döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek ugrunda diwersifikasiýalaşdyrylan, bäsdeşlige ukyply, innowasion ösüşi üpjün etmek üçin maliýe we bank ulgamlarynyň durnukly bolmagyny gazanmak wajypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen dabaralandyrylyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň giňden bellenilýän ýylynda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmäge, ygtybarly maliýe-bank ulgamyny döretmäge, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi netijesinde Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky hem öz işjeňligini «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiý

Milli ykdysadyýetde täze strategiýa

12-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýylyň jemlerine hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça Strategiýa» hem-de şu Strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler hem-de innowasion ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen çäreler häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde dowam edýän maliýe çökgünliginiň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän ýaramaz täsirleriniň öňüni almakda oňyn netijeleri berdi. Şu ýylyň ýanwar aýynyň netijelerine görä, jemi içerki önümiň 5,9 göterim artandygy hem muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 66-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni hem-de az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. BAE-den, Şotlandiýadan, Owganystandan, Singapurdan gelen işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ECO-93 belgili awtoulag benzinini, suwuklandyrylan gazy hem-de tehniki kükürdi satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň, Hytaýyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna tekiz reňklenen we tüýjümek žakkard önümlerini, nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 110 million 672 müň dollaryndan gowrak boldy.

Toýa ýaraýan ak pagta

«Pylanam toýuny çaltlaşdyrypdyr, pagtasyn-a geçirip gaýdypdyrlar» diýen süýji habar köplere tanyşdyr. Iki tarap ylalaşyp, sähet bellenensoň, Lebap sebitlerindäki toý hysyrdylary gyz tarapyndan tikiljek ýorgandyr düşekçeler üçin bir top pamyk eltip gaýtmakdan başlanýar. Ony guda ýere öýlenjek ýigidiň dostlarynyň ýa jigileriniň biri eltip gaýdar. Baý, özem ýeňil gopýandyr-ow şol ýigdekçe. Ýakynda dosty (ýa agasy) öýlenjek ýigit-dä! Döwletli etrabynyň Kerkiçi şäherçesindäki pagta arassalaýjy kärhanada bolanymda, şol süýji duýgular ýene bir ýola serime doldy. Asyl, biz obamyzda atlandyrylyşy ýaly, «toý pagtalarynyň» taýýarlanylýan ýerine gelen ekenig-ä! Kärhananyň, takmynan, 100 metre dagy uzaýan iş zynjyrynyň bir çetinden girýän pagtalar beýleki çetine «toý pagtasy» bolup çykyp dur. Aňyrsy 10 — 15 minutdan hem bir top (200 — 225 kilogram çemesi) pagta taýýar.

Yhlasly zähmetiň netijesi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda eziz Diýarymyzyň ýataklaryndan uglewodorod çig mallaryny gözläp tapmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň hünärmenleri netijeli zähmet çekýärler. Olar burawlanan hem-de burawlaýyş işleri dowam edýän guýularda Ýeriň geofiziki gatlaklaryny anyk öwrenmek, takyklanan önümli çuňluklarda zerur bolan halatynda partlaýyş işlerini amala aşyrmak ýaly möhüm işleri ýerine ýetirýärler. Her biri anyk kesgitlemeleri talap edýän bu derwaýys işlerde müdirligiň Balkanabatdaky barlamhanalaryndan, Arkadag Prezidentimiziň hemaýat-goldawy esasynda daşary ýurtlardan satyn alnyp, iň kämil awtoulaglarda ýerleşdirilen tehnologiýalardan netijeli peýdalanylýar. Nebitgaz toplumynyň häzirki zaman enjamlarydyr tehnologiýalary bilen ýeterlik derejede üpjün edilen müdirligiň ekspedisiýalarynda we ýörite gulluklarynda bitirilýän işler ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Kärhanada oňat görkezijilere eýe bolunýar. Şu ýylyň geçen döwründe kärhananyň önümçilik düzümleri boýunça jemi 7 million manatlyga golaý işler özleşdirilip, meýilnama 122 göterim ýerine ýetirildi.