HABARLAR

Guwandyryjy netijeler gazanylýar

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň ýerlerdäki gaz hojalyk edaralarynyň işçi-hünärmenleri demirgazyk welaýatyň obadyr şäherlerinde hereket edýän dürli basyşly gaz geçirijileri we gaz desgalaryny güýz-gyş möwsümine taýýarlamak ugrunda maksada okgunly işleri alyp barýarlar. Müdirligiň gazçylarynyň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Daşoguz welaýatyny gazlaşdyrmak boýunça ülşüniň işgärleri bilen bilelikde gaz desgalarynyň durkuny üýtgetmek we zerur ýerlerini düýpli abatlamak, bitewi gaz ulgamlaryny gyş möwsümine taýýarlamak hem-de täze gurulýan desgalary gazlaşdyrmak ugrunda durmuşa geçirýän işleriniň netijesinde welaýatyň medeni zolakdan uzakda ýerleşýän ilatly obalarynyň ýaşaýjylary hem ýylyň islendik möwsüminde gymmatly «mawy ýangyjyň» eşretli hözirini görmäge doly mümkinçilik alýarlar. Ýeri gelende aýdanymyzda, müdirligiň gazçylarynyň ýokarda ady agzalan Gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Daşoguz welaýatyny gazlaşdyrmak boýunça ülşüniň Boldumsaz etrabynda tejribeli ussa we halypa gazçy Myrat Arazowyň ýolbaşçylygynda iş alyp barýan işçi-hünärmenleri tarapyndan ýylyň başyndan bäri ýurdumyzda hereket edýän milli Maksatnamalara laýyklykda, ilatly ýerleri gazlaşdyrmakda hem-de öň bar bolan gaz ulgamlarynyň

Nebitgaz senagatynyň möhüm wezipeleri

Ýurdumyzyň nebitgaz toplumy hem-de energetika pudagy döwrebap ösdürilýär, olara sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylýar. Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň wakalary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen il-ýurt bähbitli tutumly işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz: «Dürli pudaklarda bar bolan uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanyp, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi dowam etdirmek, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň sanawyny we eksport edilýän ugurlaryny giňeltmek wajypdyr» diýip, aýratyn belleýär.

Suw üpjünçiliginde bökdençlik bolmaz

«Türkmengaz» döwlet konserniniň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan «Marygazçykaryş» müdirliginiň gaz känlerinden «mawy ýangyjyň» çykarylmagynda, soňra bolsa sarp edijilere bökdençsiz ugradylmagynda kärhananyň hyzmat ediş ulgamynyň degişli edara-kärhanalarynyň zähmet adamlarynyň hem mynasyp paýy bar. Müdirligiň durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň suw, bug üpjünçilik sehiniň suw beketleriniň işgärleriniň işleri hem bellenilmegine mynasypdyr. Sehiň Garagum derýasynyň sag kenarynda ýerleşýän «Zähmet» suw bekediniň işgärleri müdirligiň Üçajy, «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Malaý gaz känleriniň gazçylaryny ýylyň bütin dowamynda arassa suw bilen ýeterlik möçberde üpjün edýärler. Sarp edijilere ugradylýan arassa suw gaz känleriniň guýularyndan çykarylýan tebigy gazy sowatmak hem-de beýleki önümçilik maksatlary üçin peýdalanylýar.

Nebitgaz guýularyny burawlamagyň aýratynlyklary

Nebit we gaz çykarýan guýy ýörite buraw turbasyna ýa-da buraw turbalarynyň sütünlerine towlanyp dakylan, demir isgene (dolota) bilen burawlanýar. Aýlamak amatly bolar ýaly, ýokarky turba kwadrat görnüşinde edilýär. Isgenäniň kesýän bölegi berk ergin (splaw), kämahal bolsa gerekli bolan ýagdaýynda almaz bilen enjamlaşdyrylýar. Turbalary aýlamaklyk maşynlaryň aýlanýan bölegine (rotora) aýlap goýberme güýjüni berýän, kwadrat turbany aýlamak üçin onuň ölçegindäki gysyjy demir agzy bolan ýörite mehanizmleriň kömegi bilen amala aşyrylýar. Şeýle burawlamaklyk rotor usuly diýlip atlandyrylýar. Turbaly burawlamak usuly hem bar. Bu usulda turbanyň ahyryna isgeneden başga-da ýörite agregat–turbobur (gidrawliki dwigatel) dakylýar. Bu agregat arkaly isgenäni aýlamak nasosyň kömegi bilen turbanyň içine goýberilýän toýunly erginiň güýçli akymly suwuklygy bilen amala aşyrylýar. Şeýle hem elektroburawlamak usuly hem bar. Bu usulda isgenäni aýlaýan agregat turbanyň aşaky bölegine birikdirilýän ýörite düzütli elektrodwigateliň kömegi bilen hereketlendirilýär. Soňky agzalan usullaryň ikisinde hem buraw turbalary aýlanmaýar, isgenäni aýlamaklyk turba ýa-da elektroagregatlaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Taslama boýunça guýynyň çuňlugy kesgitli aralyklarda bölünýär, bu aralyga ý

Bu günki buraw ertirki nebit

Şanly ýyldaky şowly netijeler

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň gaýratly hünärmenleriniň ruhubelentlik, agzybirlik we başarjaňlyk bilen çekýän zähmetiniň netijesinde «mawy ýangyjyň» akymy barha batlanýar. Anyk mysallara ýüzlensek, şanly ýylyň geçen dokuz aýynda müdirlik boýunça tebigy gazyň 7 milliard 527,1 million kub metrden gowragyny öndürmek bellenipdi. Baýlyk çykaryjylar tarapyndan geçen döwürde öndürilen harytlyk önüm 7 milliard 570,6 million kub metrden gowraga barabar boldy. Şeýle-de müdirlik boýunça üstümizdäki ýylyň geçen döwründe gaz kondensatynyň 27,3 müň tonnadan gowragy öndürildi. Munuň özi 1 müň tonna golaý gymmatly çig malyň meýilnama goşmaça öndürilendiginden habar berýär.

Gaz gorlary artdyrylýar

Zäkli-Derweze känler toplumynyň sanawyna girýän Çalçulba-Gündogar Çaljulba käniniň ýerleşýän ýeri bolan Merkezi Garagumy geologik taýdan öwrenmek irki döwürlerde başlanan. 1935-nji ýylda ilkinji maglumatlaryň biri bolan «Merkezi Garagumuň täze geologik maglumatlary we onuň nebitgazlylygy» atly makalada ol ýerleriň nebitgazly bolmaklyk mümkinçiliginiň barlygy barada ýazylan, kükürtli depeleriň nebitgaz bilen bagly bolmaklygynyň mümkindigi aýdylýar. 1957-nji ýylda bu ülkede geologik barlag işlerini geçirmek giňden ýaýbaňlandyrylýar. 1958-nji ýylda meýdanyň nebitgazlylygyny öwrenmek üçin geçirilen seýsmiki profilleriň biriniň ugrunda Şyh gümmezinde 101-nji belgili gurluş-profil guýusy goýulýar. 1959-njy ýylyň maý aýynda ol guýuda gazyň açyk çüwdürilmesiniň bolmagy bilen onuň gazdoýgunlydygy ýüze çykarylýar.

Kärhanada işler talabalaýyk alnyp barylýar

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) taýýarlanýan önümleri ýurdumyzyň içerki sarp edijilerine we daşarky bazarlarda ýerlemekde gazanylýan ýokary netijelerde «Kenar» toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň ähmiýeti uludyr. «Kenar» ýurdumyzdaky iň baýry kärhanalaryň biridir. Onuň düýbi 1886-njy ýylda şol wagtky Zakaspiý oblastynyň ýolbaşçylarynyň doganlar Nobelleriň nebit ammarlary üçin ýer parçasyny bölüp bermek barada beren rugsatnamasy esasynda tutulan. 2006-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan ol Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda TNGIZT-niň «Kenar» toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasy diýlip atlandyrylýar. Irki döwürde kärhanada durkuny täzelemek işleri, esasan, 1965 — 1968-nji ýyllarda ýerine ýetirildi. Onuň umumy meýdany — 271,80 ga. Häzirki wagtda kärhanada 720-den gowrak adam işleýär.

Ýangyç-energetika: hyzmatdaşlyk we mümkinçilikler

Uglewodorod serişdeleriniň ägirt gorlaryna eýe bolan Türkmenistan öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen işewür gatnaşyklary ýola goýup, energiýa çeşmeleriniň dünýä bazaryna çykarylýan möçberlerini yzygiderli artdyrýar. Ýurdumyzda bu ugurda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalary diňe bir ykdysady bähbitler bilen çäklenmän, eýsem, sebitiň we dünýäniň energetika howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna goşant goşmaga hem gönükdirilýär. 23 — 25-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly XXIX halkara maslahat we sergi ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, pudaga täze tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilik döreder. Tebigy gazyň tassyklanan gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýän ýurdumyz halkara nebitgaz bazaryndaky ornuny yzygiderli pugtalandyrýar. Bütindünýä ykdysadyýetiniň çökgünlikden çykmagy uglewodorod serişdelerine islegiň artmagyny we olaryň bahalarynyň ýokarlanmagyny şertlendirýär. Munuň özi nebiti we gazy eksport ediji ýurtlara bar bolan mümkinçilikleri doly durmuşa geçirmäge hem-de «ýaşyl» ykdysadyýete geçiş döwründe pudaga innowasiýalary ornaşdyrmaga oňyn şertleri döredýär. Hormatly

Önümçiligiň kuwwaty artdyrylýar

Diýarymyzda ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek boýunça yzygiderli işler geçirilýär. Innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýan häzirki zaman kärhanalar gurlup, önümçilik kuwwaty artdyrylýar. Bu bolsa diňe bir öňde goýlan maksatlara ýetmäge badalga bolman, eýsem, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has hem gowulanmagyna ýardam berýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetine özüniň uly goşandyny goşýan önümçilik kärhanalarynyň biri-de Balkan welaýat «Azyk» önümçilik birleşigidir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu önümçilik birleşiginde şu ýylyň 8 aýynyň jemi boýunça öndürilen önümleriň umumy möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 122 göterime ýetirildi we ösüş depgini 105 göterime deň boldy.