HABARLAR

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Gyrgyz Respublikasyndan, Gazagystandan, Owganystandan we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen portlandsementi, «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle-de türkmen telekeçileriniň hem-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 1 million 557 müň 400 amerikan dollaryna deň boldy.

Mahabatyň gelip çykyşy we ösüş ýoly

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Mahabat hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (2016 ý.) kabul edilmegi bilen, bu ulgamyň işini giň gerimde ýaýbaňlandyrmaga täze mümkinçilikler açylyp, bu ugurda iş alyp barýan taraplaryň işleriniň hukuk binýady pugtalandyryldy. Häzirki wagtda dürli mahabat gulluklary, neşirleri öz işlerini üstünlikli alyp barýarlar.

Marketingiň esaslary

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). 2. Marketingiň düýp mazmuny we onuň wezipeleri.

Ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda esasy çemeleşmeler

Ýurduň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylyk düşünjesi döwletiň baýlyklaryny içerki we halkara bazarlarda bäsdeşlik artykmaçlyklaryny döretmek we durmuşa geçirmek üçin netijeli ulanmak ukyby bolup durýar. Ol ykdysadyýetdäki ösüş derejesini, ýurduň innowasion kuwwatyny, infrastruktura mümkinçiliklerini, dolandyryşyň hilini we işewürligiň şertlerini şöhlelendirýär. Ýokary bäsdeşlige ukyplylyk ykdysadyýete maýa goýumlaryny çekmäge, eksportyň ösmegine we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Şu makalada durnukly ösüş üçin ýurduň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin esasy çemeleşmeleri beýan etmäge çalşarys. Ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak bu makroykdysady faktorlary strategik taýdan dolandyrmagy, infrastrukturany ösdürmegi, işewürlik şertlerini gowulandyrmagy we ýurduň innowasion kuwwatyny ýokarlandyrmagy öz içine alýan toplumlaýyn mesele bolup durýar. Häzirki zaman şertlerinde bolsa, globallaşmagy, sanly ulgama geçmegi we ekologik talaplaryň täsirlerini hem göz öňünde tutmak zerurdyr. Aňsat bolmadyk bu meselede ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin esasy çemeleşmeleri we strategiýalary agzap geçmek dogrudyr:

2024-nji ýylyň öňdebaryjy dokma kompaniýalary

Juda irki siwilizasiýalardan gözbaş alyp gaýdýan dokma senagaty dünýäniň iň uly we iň gadymy pudaklaryndan biridir. Şeýle-de bu pudak dünýä ykdysadyýetiniň millionlarça adama iş mümkinçiligini döredýän möhüm bölegidir. Süýüm we ýüplük öndürmekden taýýar önümlere çenli önümçilik ulgamyny amala aşyrýan bu pudak çylşyrymly ugurlaryň biri hasaplanýar. Sarp edijileriň ösen islegleri nazarda tutulyp, bu ugur boýunça möhüm üýtgeşmeler bolup geçdi. Dünýädäki iň irki esaslandyrylan kompaniýalar ägirt uly tehnologik ösüşlere eýe boldular. Bazarda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümleri öndürmek üçin bolsa, dokma önümçiligi bilen meşgullanýan kompaniýalara ýokary kuwwatly innowasiýa we durnukly ösüş iňňän uly zerurlyga öwrülýär. Çalt üýtgeýän landşaftda bu ugurdaky kompaniýalaryň üstünligini üpjün etmek kämil tendensiýalardyr tehnologiýalar bilen täzelenip durmagy şertlendirýär. Ýer ýüzünde ýokary öndürijilikli kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen, dünýä bazarynda öz ornuny pugtalandyrýan dokma kompaniýalary diýseň köp. 2024-nji ýylda iň öňdebaryjylaryň sanawynda durýan käbir kompaniýalar barada durup geçmek isleýäris.

Altyn öwüşginli ykdysadyýet

Ermenistan geçen asyryň 80-nji ýyllarynda çig malyň we energiýanyň öwezine goňşy ýurtlaryny maşyn gurallary, dokma we beýleki taýýar önümler bilen üpjün edip, häzirki zaman senagat pudagyny ösdürdi. Merkezleşdirilen ykdysady ulgamyň dargamagy hem-de ýurduň syýasy durnuksyzlygy 1990-njy ýyllaryň başynda ykdysady çökgünligiň ýüze çykmagyna sebäp boldy. Soňky ýyllarda hasaba alnan depginli ösüşe garamazdan, 2020-nji ýylda gaýtadan ýüze çykan geosyýasy meseleler ýurduň jemi içerki önüminiň 7,2 göterim pese düşmegine getirdi. Netijede, şol ýyl Ermenistanyň döwlet karzy 67,7 göterime çenli ýokarlandy, ýöne oýlanyşykly ykdysady çemeleşmeler arkaly 2022-nji ýylda görkezijini 50 göterime çenli peseltmegiň hötdesinden geldiler. Bütindünýä Bankynyň resmi hasabatyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň jemleri boýunça Ermenistanyň jemi içerki önümi 24,21 milliard amerikan dollaryna deň boldy. «Trading Economicsiň» hünärmenleriniň çaklamalaryna görä, 2024-nji ýylyň ahyryna çenli bu görkezijiniň 24,14 milliard amerikan dollaryna, 2025-nji ýylda bolsa 25,70 milliard amerikan dollaryna çenli ýokarlanmagyna garaşylýar. Ermenistanda jemi içerki önüm 1990-njy ýyldan 2023-nji ýyla çenli ortaça 7,41 milliard amerikan dollary möçberinde ýokarlandy. Ýeri gelende bellesek, Ermenistanyň JIÖ

Russiýada mesgäniň bahasy gymmatlaýar

«Rosstat» statistika gullugynyň habaryna görä, Russiýada şu ýylyň başyndan bäri, mesgäniň bahasy 25,7 göterim gymmatlady. Soňky hepdäniň dowamynda bolsa bu görkeziji 1,9 göterime çenli ýokarlanypdyr. Şeýle-de «Rosstat» soňky hepdäniň dowamynda peýniriň we gaýmagyň bahalarynyň 0,7 göterim gymmatlandygyny mälim edýär.

Paýnamalaryny satyp başlady

«Bloomberg» ykdysady habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, «Boeing» kompaniýasy 19 milliard amerikan dollary baha deň bolan paýnamasynyň satuwyna badalga berdi. «Boeing» maýa goýujylara 90 million adaty paýnamalaryny hödürledi. Bu resminamalaryň bahasy 13,95 milliard amerikan dollaryna barabardyr. Mundan başga-da, kompaniýa bahasy 5 milliard amerikan dollaryna deň bolan depozit paýnamalarynyň satuwy dogrusynda hem yglan etdi.

«Dropbox» işgärleriniň sanyny azaldar

«Dropbox Inc.» amerikan kompaniýasy işgärleriniň 20 göterimini işden boşatmagy meýilleşdirýär. Beýle üýtgeşmeler kompaniýanyň käbir bölümleriniň emeli aň tehnologiýalary arkaly enjamlaşdyrylmagy bilen baglanyşyklydyr. Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylyň ahyrynda kompaniýanyň işgärler düzümi 2693-den ybaratdy.

ABŞ-nyň ilatynyň girdejisi ýokarlanýar

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň söwda ministrliginiň mälim etmegine görä, 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda ýurduň ilatynyň girdejisi awgust aýynyň girdejisine garanyňda, 0,3 göterim ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde, ýurduň ilatynyň çykdajysy hem 0,2 göterim ýokarlandy.