Hemişelik Bitarap Türkmenistan ekologiýa, daşky gurşawy goramak meselelerini çözmekde, sebitde hem-de dünýäde ekologik abadançylygy üpjün etmekde Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň ählumumy, sebit we milli gurallarynyň utgaşdyrylmalydygyndan, biri-biriniň üstüniň ýetirilmelidiginden ugur alýar. Dünýäde häzirki ekologik meseleleriň üstünlikli çözülmegi ähli döwletleriň tagallalarynyň birleşdirilmegini talap edýär.
Tebigatdan peýdalanmak jemgyýetiň daşky gurşaw bilen özara gatnaşygynyň özeni bolmagynda galýar. Çünki tebigy çig mal ähli ulgamlarda diýen ýaly ulanylmak bilen, ylaýta-da, himiýa we nebithimiýa önümçiligi, energetika we gaýry senagat ugurlary adamzat ýaşaýşynda möhüm ähmiýete eýedir.