HABARLAR

Merkezi Aziýanyň ulag geçelgeleri Astanada geçirilen bilermenler duşuşygynyň üns merkezinde boldy

11-12-nji dekabrda halkara platforma – Astana klubynyň mejlisi adybir şäherde geçirildi. Onuň maksatnamasyna 8 sany tematiki bölümçe mejlisleri, şol sanda Merkezi Aziýada giň gerimli arabaglanyşyga, sebit ösüşiniň täze mümkinçiliklerine bagyşlanan pikir alyşmalar girizildi. Her ýylda geçirilmegi däbe öwrülen çärä öňdebaryjy analiz merkezleriniň, şol sanda Belgiýanyň, Hytaýyň, Hindistanyň, Russiýanyň, Günorta Koreýanyň, Ispaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, ABŞ-nyň we Türkiýäniň döwlet edaralarynyň 40-dan gowrak wekili gatnaşdy. Hususan-da, Ýewropa bilen Hytaýyň arasynda ulag ýollarynyň işjeňleşmegi bilen iki tarapyň arasynda ýerleşýän Merkezi Aziýanyň Günbatar bilen Gündogaryň arasyndaky arabaglanyşygyň pugtalanmagy bilen bähbitleri görüp başlandygy bellendi. Şanhaý şäheriniň Fudan uniwersitetiniň Russiýa we Merkezi Aziýa boýunça barlaglar merkeziniň professory Çžao Huaşeniň belleýşi ýaly: "Merkezi Aziýa Hytaý bilen Ýewropanyň arasyndaky yklymüsti köprüdir.

Myhmanlar megapolisde

Arkadag şäheri bagtyýar raýatlarymyzyň müňlerçesine täze jaýly, täze işli bolmak, ýaşaýan täze şäherine guwanmak, buýsanmak bagtyny peşgeş berdi. Şäher öz binagärlik aýratynlyklary boýunça tapawutlanýan, türkmen halkynyň taryhyny, häzirki gününi we geljegini bir ýere jemlemek bilen, diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýada ilkinji «akylly» şäherdir. «Aý dogsa, älem görer» diýlişi ýaly, bu günki gün Arkadag şäheriniň gözelligi, onuň ýaşaýyş-durmuş, saglyk, sport, medeni ugurlardaky mümkinçilikleri bilen tanyşmak üçin daşary ýurtlardan yzygiderli myhmanlar gelýärler. Golaýda paýtagtymyzda geçirilen «Jemgyýetçilik saglygy goraýyşda ýüze çykýan howplara taýýarlyk we olara garşy göreşmek meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygy» atly lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurtly wekiliýetiň agzalary hem Arkadag şäherine myhman boldular. Täze şäheri görmäge gelen myhmanlaryň hatarynda köp sanly diplomatlar, Goşulyşmazlyk Hereketine agza döwletleriň 30-a golaýyndan lukmançylyk edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň we BMG-niň beýleki düzümleriniň wekilleri bar.

Ösüşiň möhüm ugry

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulag ulgamyndaky ösüşler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkidýär. Ykdysady kuwwatyň berkemegi bolsa, gönüden-göni raýatlaryň eşretli durmuşda ýaşamagyny we ata Watanymyzyň halkara derejedäki abraý-mertebesiniň artmagyny şertlendirýär. Dünýäniň ulag ulgamyna işjeň goşulmak ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Diýarymyz iki yklymyň çatrygynda, amatly çäkde ýerleşmek bilen, ulaglaryň ähli görnüşlerini ösdürmegiň uly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýar. Halkara tejribeden mälim bolşy ýaly, dünýä döwletleriniň ykdysadyýetiniň özeni sebit we halkara derejede deňiz-derýa, awtomobil, demir ýol, howa ulaglarynyň hereketiniň häzirki zaman, döwrebap şertleriniň emele gelmegine bagly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk barha giň gerime eýe bolýar. Bu hyzmatdaşlygyň esasy ugry hökmünde dünýä halklarynyň bähbidini araýan halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek meselesine möhüm orun degişlidir. Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmegi ulag ulgamyny ösdürmäge niýetlenen halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmäg

Türkmenistan Ýerewanda geçiriljek deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ministrleriniň duşuşygyna gatnaşar

Türkmenistanyň wekiliýeti 14-15-nji dekabrda Ýerewanda (Ermenistan) geçiriljek deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ministrleriniň duşuşygyna gatnaşar. Bu barada ermeni metbugatyna salgylanyp, «Report.az» habar berýär. Ermenistanyň çäginde BMG bilen bilelikde guralan iň iri çäreleriň biri bolmagyna garaşylýan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň duşuşygynyň temasy «Durnukly ykdysadyýet üçin deňhukukly, elýeter we inklýuziw ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek» diýlip atlandyrylar. Bu forum 2024-nji ýylyň iýun aýynda Kigalide (Ruanda) geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça Üçünji konferensiýasyna taýýarlyk bilen bagly tematiki duşuşyk bolar.

Dialog — ylalaşyp bilmek sungaty

Bitarap Türkmenistan dünýä bileleşigini bu sungaty ilerletmäge çagyrýar Häzirki zaman dünýäsinde dialogyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy gazanmagyň, köptaraplaýyn, netijeli, deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň guralyna öwrülendigi nazara alnanda, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlüp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan işjeň ilerledilýän «Dialog — parahatçylygyň kepili» başlangyjynyň näderejede ähmiýetlidigi öz-özünden düşnükli bolýar. 11-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen wekilçilikli forum hem ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy hökmünde ileri tutýan bu başlangyjynyň Ýer ýüzünde giň goldawa mynasyp bolýandygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

Umumadamzat ähmiýetli gymmatlyklary sarpalap

ÝUNESKO kluby açyldy

Häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça edarasy (ÝUNESKO) bilen gatnaşyklar giň gerime we netijeli häsiýete eýe bolýar. Bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmekde hem-de özara amaly hereketleri birleşdirmekde ÝUNESKO klublaryna aýratyn orun degişlidir. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 28 ýyllygynyň öňüsyrasynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Dermanlyk ösümliklerimiz — saglygymyz, mirasymyz» atly ÝUNESKO klubunyň açylmagy lukmançylyk diplomatiýasyny ilerletmekde täze ädim boldy. Klubuň öz işine başlamagy mynasybetli dabara uly ruhubelentlige beslendi. Onda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa gutlag sözüni sözläp:

Türkmenistan — Türkiýe: ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda

6-njy dekabrda geçirilen Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň esasy meselesi geljek üçin ägirt uly mümkinçilikleri hasaba almak arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekden ybarat boldy. Işewürlik maslahatyna gatnaşyjylar okgunly ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň nukdaýnazaryndan çäräniň möhüm ähmiýetini bellediler. Bu gatnaşyklar soňky ýyllarda üsti ýetirilýän täze mazmun bilen hil taýdan depginli ösüşe eýe boldy. Munuň şeýledigine iki ýurduň arasynda yzygiderli artýan söwda dolanyşygynyň möçberi hem şaýatlyk edýär. Türkmen-türk işewürlik maslahatynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdow, Türkiýäniň daşary ykdysady aragatnaşyklar boýunça komitetiniň müdiriýetiniň agzasy Ahmet Çalyk, Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň müdiriýetiniň agzasy Seljuk Öztürk, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew, Türkiýäniň wise-prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türk tarapynyň başlygy Jewdet Ýylmaz öz çykyşlarynda iki dostlukly ýurduň işewür wekilleriniň özara bähbitli söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek üçin bar bolan ähli mümkinçilikleri netijeli ulanmagyň zerurdygyny bellediler.

Türkmen-amerikan işewürlik gatnaşyklarynyň gerimi giňeýär

5-nji dekabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda 10-njy Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki ýurduň ugurdaş döwlet edaralarynyň we işewür düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. «Tegelek stoluň» başyndaky duşuşyk görnüşinde geçirilen maslahat Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň umumy gyzyklanmalara gabat gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmegi maksat edinýändiklerini görkezdi. Bar bolan ägirt uly mümkinçilikler netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek, ony täze, anyk mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin şertleri döredýär. «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen wekiliýetiň düzüminde «Case New Holland Industrial», «Climate Compass LLC», «Honeywell», «John Deere», «Palo Alto Networks», «VISA», «Westport Trading Europe Limited» ýaly meşhur kompaniýalaryň ýolbaşçylary we wekilleri bar.

Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi

6 — 8-nji dekabr aralygynda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň 10-njy sergisi geçirildi. Nobatdaky gözden geçirilişe gatnaşmak maksady bilen Türkiýäniň döwlet düzümleriniň wekillerinden ybarat topar, ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň we hususy kärhanalaryň 100-e golaýynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri paýtagtymyza geldiler.