Myhmanlar megapolisde

14 Dekabr 2023
1002

Arkadag şäheri bagtyýar raýatlarymyzyň müňlerçesine täze jaýly, täze işli bolmak, ýaşaýan täze şäherine guwanmak, buýsanmak bagtyny peşgeş berdi. Şäher öz binagärlik aýratynlyklary boýunça tapawutlanýan, türkmen halkynyň taryhyny, häzirki gününi we geljegini bir ýere jemlemek bilen, diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýada ilkinji «akylly» şäherdir.

«Aý dogsa, älem görer» diýlişi ýaly, bu günki gün Arkadag şäheriniň gözelligi, onuň ýaşaýyş-durmuş, saglyk, sport, medeni ugurlardaky mümkinçilikleri bilen tanyşmak üçin daşary ýurtlardan yzygiderli myhmanlar gelýärler. Golaýda paýtagtymyzda geçirilen «Jemgyýetçilik saglygy goraýyşda ýüze çykýan howplara taýýarlyk we olara garşy göreşmek meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygy» atly lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurtly wekiliýetiň agzalary hem Arkadag şäherine myhman boldular. Täze şäheri görmäge gelen myhmanlaryň hatarynda köp sanly diplomatlar, Goşulyşmazlyk Hereketine agza döwletleriň 30-a golaýyndan lukmançylyk edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň we BMG-niň beýleki düzümleriniň wekilleri bar.

Aýsenem NURLYÝEWA.
«Arkadag».