Durnukly ösüşiň binýady
Birleşen Milletler Guramasy dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde, bu ugurdaky öňde goýlan uzak möhletli maksatlary bilelikde amala aşyrmakda ähli agza döwletleriň tagallalaryny birleşdiriji esas bolup hyzmat edýär. Bu, aýratyn hem, dünýäde syýasy deňagramlylygy saklamakda, bähbitleriň özara utgaşykly bolmagyny gazanmakda we olary bir ugra gönükdirmekde zerur bolan şertleri döretmekde uly ähmiýete eýedir. Täze ýylyň öňüsyrasynda BMG tarapyndan taryhy Kararnamalaryň ikisiniň kabul edilmegi bilen eziz Diýarymyzyň şan-şöhraty dünýäde ýene bir gezek dabaralandy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda geçirilen 78-nji sessiýasynyň 49-njy umumy mejlisinde «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny», şeýle hem «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda işlenip düzülen energiýa birikmesi bilen bagly Kararnama 38 döwlet awtordaşlyk etdi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2024-nji ýylyň başynda strategiýalary ara alyp maslahatlaşmak, energiýa birikmesini hem-de energiýa çeşmeleriniň hereketini güýçlendirmek ugrundaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, d