Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýyly tamamlandy
Aşgabat, 5-nji fewral (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Bu waka mynasybetli dostlukly döwletiň wekilçilikli topary ýurdumyza geldi. Onuň düzüminde ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary we işgärleri, aýdym-saz, tans sungatynyň ussatlary, akrobatlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri — “Ženmin Žibao” gazetiniň, “Sinhua” habarlar agentliginiň žurnalistleri bar. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary — Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy bilen geçirilýän döredijilik çäresi dostlukly halklaryň medeni gatnaşyklarynyň ösüşine möhüm goşantdyr. Ynsanperwer ulgamdaky türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy köpasyrlyk tejribä, baý däp-dessurlara eýe bolup, milletiň ösüşindäki ruhy gymmatlyklaryň ähmiýetine çuňňur düşünilmegine esaslanýar. Türkmenistanda we Hytaýda geçirilýän halkara festiwallara, ylmy maslahatlara, sergilere iki ýurduň döredijilik, medeniýet, sungat işgärleriniň gatnaşmagy işjeň hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr.