Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmen-german deňeşdirme-hukuk öwreniş maglumat merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) «Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam bermek» atly sebitleýin maksatnamasynyň, şeýle hem ýurdumyzyň degişli edaralarynyň wekilleri, agzalan institutyň ylmy işgärleri gatnaşdylar.
Maglumat merkezi Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň arasynda hukuk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň esasynda döredildi.