HABARLAR

Türkmenistan we Gazagystan “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesini işjeňleşdirýär

Gazagystanyň wise-premýeri Serik Žumangarin bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň arasynda Astana şäherinde duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyk Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynň çäklerinde amala aşyryldy. Taraplar bu duşuşykda ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Her iki tarap “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň gündogar ugruny işjeňleşdirýärler. Bu ugur Türkmenistan bilen Gazagystanyň üsti bilen ýükleriň üstaşyr Pakistana we Hindistana iberilmegine mümkinçilik berer.

Siandan ýola düşen täze konteýner otlusy Gazagystanyň üstünden geçip, bäş günüň içinde Daşkende geldi

Kasym-Žomart Tokaýew we Şawkat Mirziýoýow Siýandan Daşkende Hytaý — Gazagystan — Özbegistan ugry boýunça barýan ýola konteýner otlusynyň gelmegi mynasybetli guralan resmi dabara gatnaşdylar. Bu barada «Akorda» salgylanýan «inbusiness.kz» habar berýär. Bu ýerde Gazagystanyň ulag ministri Marat Karabaýew we Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow iki döwletiň ulag hem üstaşyr geçiş mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça alnyp barylýan bilelikdäki işler barada hasabat berdiler.

MERKEZI AZIÝA: SEBITIŇ YKBALY MAKSATLARYŇ BIRLIGINDE

ýa-da Astana sammitiniň netijeleri barada Geçen ýylyň awgustynda merkezi aziýaly žurnalistler bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda okuw saparynda bolupdyk. Özara söhbetlerde gazagystanly kärdeşlerimiziň biri gazak halkynda «dostluk» diýen düşünjä aýratyn gadyr goýulýandygyny, dostlugyňam «žandostyk», «tamyr» ýaly görnüşleriniň tapawutlandyrylýandygyny aýdyp, olaryň manylary barada gürrüň berdi. Şonda «ýürekdeş dostluk», «doganlaşmak» ýaly manylary aňladýan bu sözler, göýä, asyrlarboýy gadyrly gatnaşykda bolup, birek-birek bilen hoşniýetli goňşuçylykda ýaşamagyny dowam etdirýän biziň sebitimiziň halklaryna degişli ýaly bolup eşidilipdi. Hut ýürekdeşlik, dost-doganlyk ýaly gymmatlyklaryň döwletleriň Liderleri derejesinde ileri tutulmagy, olara döwletara hyzmatdaşlygyň mizemez binýady hökmünde garalmagy-da häzirki barha çylşyrymlaşýan dünýäde Merkezi Aziýa «bäşligine» özboluşlylygyny, özygtyýarlylygyny saklap galmaga, bilelikdäki ösüşiň uzak möhletleýin çelgilerini kesgitlemäge ýardam edýär. Bu hakykat 9-njy awgustda Astanada geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynda ýene bir ýola aýdyň ýüze çykdy.

Işewürlik maslahaty

9-njy awgustda Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň bilelikdäki işewürlik maslahaty geçirildi. Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrligi, Ýaponiýanyň Russiýa we täze garaşsyz döwletler bilen söwda assosiasiýasy (ROTOBO), Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrligi, «Kazakh Invest» kompaniýasy, «Atameken» milli telekeçiler edarasy, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň goldaw bermeginde bu wekilçilikli işewürlik çäresiniň guramaçylary hökmünde çykyş etdi. Forumyň gün tertibi sebit integrasiýasynyň möhüm ugurlaryny, köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň meýilnamalaryny hem-de senagat kooperasiýasy taslamalaryny goldamagy, ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek meselelerini öz içine alýar.

“Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň işewürlik maslahaty

9-njy awgustda Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň bilelikdäki işewürlik maslahaty geçirildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň wekiliýetleriniň 450-den gowrak wekilini bir ýere jemlän forumyň açylyş dabarasynda bu bilelikdäki çäräniň ähmiýeti nygtaldy. Alty ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, deňhukuklylyk, döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny giňeltmek onuň baş maksadydyr. Bellenilişi ýaly, şu gezekki duşuşyk hyzmatdaş ýurtlaryň arasynda işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek üçin netijeli meýdança bolup, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, onuň täze gurallaryny gözlemek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň işewürlik maslahaty

9-njy awgustda Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň bilelikdäki işewürlik maslahaty geçirildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň wekiliýetleriniň 450-den gowrak wekilini bir ýere jemlän forumyň açylyş dabarasynda bu bilelikdäki çäräniň ähmiýeti nygtaldy. Alty ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, deňhukuklylyk, döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny giňeltmek onuň baş maksadydyr. Bellenilişi ýaly, şu gezekki duşuşyk hyzmatdaş ýurtlaryň arasynda işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek üçin netijeli meýdança bolup, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, onuň täze gurallaryny gözlemek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

“Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” işewürlik maslahatynda hyzmatdaşlyk boýunça resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilýän “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” Dialogynyň işewürlik maslahaty alty ýurduň wekiliýetinden 450-den gowrak wekilleri bir ýere jemledi. Ýaponiýanyň iş toparlaryna Toyota Tsusho Corporation, Mitsubishi Heavy Industries EMEA, Ltd., Mitsui & Co., Ltd ýaly iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary we menejerleri wekilçilik etdiler. Bilermenler toparynyň adyndan pudaklaýyn ýokary okuw mekdepleriniň ylmy işgärleri we beýlekiler çykyş etdiler. Ykdysady gatnaşyklaryň mümkinçilikleri hem-de sanlylaşdyrma, ulag-logistika, oba senagat toplumy, agyr senagat ýaly we beýleki pudaklar babatynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi barada maslahatlaşyldy. “Ýaponiýa dünýä ýüzünde hakykatdan hem, ykdysady we tehnologik ösüşleriniň liderleriniň biri hasaplanylýar... Merkezi Aziýa bolsa öz gezeginde – uly ösüş mümkinçiligine hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin ähli şertlere eýe bolan çalt depginde ösýän sebitir. Meniň pikirimçe, sebitimiziň ýurtlarynyň hem-de Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy tapgyrlaýyn ösdürmekde ägirt uly mümkinçilikler bardyr. Ýaponiýaly maýadarlarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan transmilli taslamalar gürrüňsiz sebitiň ykdysady özarabaglanyşygynyň ýokarlanmagyna täsir edýär” – diýip, Gazagystan Respublikasynyň hökümet başlygy Olžas Bektenow

Hazaryň Halkara günine bagyşlanyp geçirilen maslahat

2024-nji ýylyň 7-nji awgustynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň gurnamagynda “Çarlak” myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda 12-nji awgustda bellenilýän “Hazaryň Halkara” güni mynasybetli “Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak” atly maslahat çäresi geçirildi. Oňa agentliginiň ýanyndaky Türkmenistanda gämi gatnawyna döwlet gözegçilik administrasynyň işgarleri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň hem-de Türkmenbaşy şäheriniň Hazar ekologiýa gözegçilik gullugynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşanlar Hazar deňziniň gurşawyny ygtybarly goramak, ekologiýa howupsyzlygyny we durnukly ösüşini üpjün etmek, Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň bu ugurda gazananlaryny gorap saklamak babatda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ägirt uly işleri barada çykyş etdiler. Şeýle hem Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň “Ýaşyl port” güwanamasyna eýe bolandygy barada hem buýsanç bilen belläp geçdiler. Maslahatyň dowamynda çärä gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň ösüşi we ýagty gelejegi üçin edýän taýsyz tagallalary üçin alkyş sözlerini aýtdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýada ulag ulgamyny ösdürmäge çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda ýakyndan we özara bähbitli hyzmatdaşlyk arkaly ykdysady ösüşi gazanmagyň sebit gün tertibiniň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýandygy barada aýtdy. Bu barada TDH habar berýär. Bellenilişi ýaly, şunda ulag we kommunikasiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlyga esasy orun degişlidir. Häzirki günde bu ulgam depginli ösýär, bäsdeşlik artýar, Ýewraziýada täze ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň pikirine görä, geografik, logistika we beýleki artykmaçlyklary ulanmak arkaly, sebitiň bu işlere öz wagtynda hem-de netijeli gatnaşmagyny üpjün etmek Merkezi Aziýa döwletleriniň iň ýakyn geljekde umumy wezipesi bolmalydyr.

«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň işewürlik maslahaty

Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň bilelikdäki işewürlik maslahaty geçirildi. Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrligi, Ýaponiýanyň Russiýa we täze garaşsyz döwletler bilen söwda assosiasiýasy (ROTOBO), Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrligi, «Kazakh Invest» kompaniýasy, «Atameken» milli telekeçiler edarasy Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň goldaw bermeginde bu wekilçilikli işewürlik çäresiniň guramaçylary hökmünde çykyş etdi. Forumyň gün tertibi sebit integrasiýasynyň möhüm ugurlaryny, köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň meýilnamalaryny hem-de senagat kooperasiýasy taslamalaryny goldamagy, ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek meselelerini öz içine aldy.