HABARLAR

Türkmen-owgan dostlugynyň aýdyň nyşany

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasatynda dünýäniň ähli ýurtlary, ilkinji nobatda bolsa, goňşy döwletler bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga, öňden gelýän hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Soňky ýyllarda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen goňşy ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy. Iň ýakyn goňşymyz bolan Owganystan Yslam Respublikasy bilen doganlyk gatnaşyklarymyz hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen Owganystanyň gatnaşmagynda bilelikdäki taslamalaryň ençemesi üstünlikli amala aşyryldy. Öňňin Türkmenabatda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýolunyň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralaryň bolmagy hem muňa şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açdylar

Halkara ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar LEBAP WELAÝATY, 14-nji ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenabatda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) – — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar boldy.

Parahatçylygyň we ynanyşmagyň guwandyryjy görkezijileri

Düýn diňe bir Türkmenistan bilen Owganystan üçin däl-de, eýsem, sebit, hatda dünýä ähmiýetli wakalar bolup geçdi. Şol gün birbada iri üç desganyň — Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlarynyň gurluşygy tamamlanyp, olaryň açylyş çäreleri geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu wakalaryň ähmiýetini nygtap, şeýle diýdi: «Biziň maksatlarymyz Ýer ýüzüniň bu böleginde ygtybarly, çalt depginler bilen ösýän, sazlaşykly energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamyny döretmek ýörelgesinden ugur alýar. Bu ulgam häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň örän möhüm we aýrylmaz bölegini döretmäge gönükdirilendir. Netijeli sebitara we kontinental özara gatnaşyklara niýetlenendir».

Türkmenistan – Owganystan: energetika hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

Hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri hormatly Prezidentimiziň syýasatynda öz beýanyny tapýar Sebitiň döwletleri bilen ysnyşykly we köptaraply gatnaşyklary ösdürmek milli Liderimiziň daşary syýasy strategiýasynyň binýatlaýyn ýörelgesidir. Mähriban Arkadagymyz hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk, parahatçylyk dörediji syýasaty öňdengörüjilik bilen durmuşa geçirýär. Bu babatda günortadaky duldegşir goňşymyz bolan Owganystan Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özeninde durnukly sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm syýasy-ykdysady wezipeler hem-de türkmen we owgan halklarynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan berk dostluk we doganlyk gatnaşyklary durýar.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen onlaýn duşuşyklar

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

12-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalaryň we sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köpýyllyk netijeli türkmen-hytaý gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilen asylly işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistan — Hytaý: gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykarylýar

12-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi Ilçi milli Liderimize wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ynanç hatyny gowşurdy, pursatdan peýdalanyp, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýyl baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Hyzmatdaşlyk berkidilýär

Öňňin Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) wekilleri bilen geçirilen wideoduşuşygyň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we onuň geljegi bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Duşuşyga Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, ÝTÖB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Türkmenistanyň halkara maliýe we ykdysady düzümler, şol sanda ÝTÖB bilen gatnaşyklaryny ep-esli giňeldendigini bellediler. Bu bank bilen hyzmatdaşlykda möhüm taslamalaryň birnäçesi üstünlikli amala aşyryldy.

Ulag-logistika düzüminiň gazananlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda, döwletimizde sebit we yklymüsti ulag ulgamyny döretmek boýunça taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Şol bir wagtda, ýurdumyzyň ulag-logistiki mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, häzirki zaman awtomobil we demir ýol köprülerini, ulag-logistiki babatda wajyp desgalary gurmak boýunça taslamalar, maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz ýurduň ykdysady we durmuş taýdan ösüşiniň möhüm şerti hökmünde ulag infrastrukturasynyň gazananlaryna uly üns berýär. Şeýle hem döwletimizde demir ýol, awtomobil, howa we suw ulag ýollarynyň çekilmegi amatly we howpsuz halkara geçelgeleriniň döredilmegini, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny üpjün edýär.

Halkara bähbitli desga

Türkmen halky hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda täze — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyna uly ynam bilen gadam basdy. Bilşimiz ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap döwletimizde döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli, giň möçberli işleriň gerimi artýar. Döwrebap kärhanalaryň gurluşygy, il-günümiziň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi bilen utgaşýar. Milli Liderimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, bina edilýän ymaratlardyr desgalar Türkmenistan döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan durnukly hem-de çalt depginde ösdürilmegine kuwwatly itergi berýär. Döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän ykdysady strategiýasy köptaraplaýyn we giň möçberli beýik işleri öz içine alýar. Şol beýik işler bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini ygtybarly üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Garaşsyz Watanymyzyň dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna goşulmagynda iňňän uly ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistan döwletimiziň geografiýa taýdan amatly sebitde ýerleşmegi energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny halkara derejesinde ösdürmäge, olaryň üstaşyr ýollaryny has-da işjeňleşdirmäge bähbitli şertleri açýar. Bu ýagdaý di