Ulag-logistika düzüminiň gazananlary

13 Ýanwar 2021
2337

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda, döwletimizde sebit we yklymüsti ulag ulgamyny döretmek boýunça taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Şol bir wagtda, ýurdumyzyň ulag-logistiki mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, häzirki zaman awtomobil we demir ýol köprülerini, ulag-logistiki babatda wajyp desgalary gurmak boýunça taslamalar, maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurduň ykdysady we durmuş taýdan ösüşiniň möhüm şerti hökmünde ulag infrastrukturasynyň gazananlaryna uly üns berýär. Şeýle hem döwletimizde demir ýol, awtomobil, howa we suw ulag ýollarynyň çekilmegi amatly we howpsuz halkara geçelgeleriniň döredilmegini, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny üpjün edýär.

Jennetgül ORAZOWA,
«Watan».