HABARLAR

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Iki ýurduň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary saklamaga we pugtalandyrmaga çalşyp, men jenap Irfan Ahmedi Pakistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim.

Sebitara gatnaşyklar pugtalanýar

Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, halklar we sebitler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan, ähli mümkinçiliklerini umumadamzat bähbitleriniň we durnukly ösüşiň hatyrasyna gönükdirýän eziz Watanymyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýy has-da pugtalanýar. Türkmenistan deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk nukdaýnazaryndan çykyş edýär. Döwletimiz bu möhüm ulgamda däbe öwrülen gatnaşyklary saklamak arkaly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen göni hyzmatdaşlygyň çäklerini ep-esli giňeltdi, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýdy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda belent maksatlar bilen başlanan ýylymyzyň ilkinji günlerinde türkmen tarapynyň hasabyna gurluşyk işleri alnyp barlan üç iri desganyň — Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça elektik geçiriji ulgamyň hem-de Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) we Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlary gurlup ulanylmaga berildi.

Demir ýol ulgamy – ulag syýasatynyň möhüm ugry

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalary netijesinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly ösüşlere, belent sepgitlere ýetilýär. Döredijilikli zähmetiň, bagtyýarlygyň ruhunda ösýän-özgerýän ýurdumyzda halkymyzyň durmuş derejesi günsaýyn ýokarlanýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda uly ähmiýete eýe bolan ulag ulgamyny ösdürmek boýunça giň möçberli işler, umumadamzat ähmiýetli taryhy başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Mähriban Arkadagymyzyň ýurdumyzda halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek bilen baglanyşykly oňyn başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Türkmenistan dünýäniň ulaglar ulgamyna işjeň goşulmak bilen, Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça gurlan we gurulýan iri möçberli transkontinental ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ähmiýetini barha artdyrýar.

Ýurdum — mertebäm

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy syýasy, ykdysady hem-de medeni taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini barha ýokarlandyrmak babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Esasan-da, ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, sowatly hem-de bilimli ýaşlary kemala getirmek babatda belent sepgitlere ýetilýär. Ajaýyp üstünliklere hem-de ösüşlere beslenen Diýarymyz hormatly Prezidentimiziň rowaç alýan beýik işleriniň esasynda gül açýar. Halkymyz şatlykly günleri başdan geçirýär. Türkmeniň mertebesini arşa göteren paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarymyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde gurlan ak mermerli binalar, goňşy Owganystanda durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan elektrik geçiriji ulgamynyň, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamynyň işe girizilmegi beýik ösüşlerimiziň görkezijisidir.

Parahatçylyk energetikasy, hoşniýetli goňşuçylyk diplomatiýasy

Türkmenistanyň sebitdäki parahatçylyk dörediji orny halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylarynyň 6-njy fewralda «Taliban» hereketiniň syýasy edarasynyň wekiliýeti bilen Aşgabatda geçirilen duşuşygy dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly gyzyklanma döretdi. Ozaly bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan hem-de bu hereketiň wekilleri tarapyndan resmi taýdan goldanylan düzümleýin halkara taslamalara gatnaşyjy ýurtlar gyzyklanmalaryny beýan etdiler, bu barada türkmen paýtagtynda geçirilen gepleşikleriň jemleýji resminamasynda beýan edildi.

Türkmen Lideriniň halklary parahatçylyga we ynanyşmaga alyp barýan pähim-paýhasy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 29-njy ýanwarynda wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde: «Ählumumy ugurda netijeli we deňeçer gatnaşyklary ýola goýmagyň binýady hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini dikeltmegiň we ony tassyklamagyň wajypdygyna düşünip, ýurdumyz 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky teklibi öňe sürdi» diýip, bu şygaryň nä derejede ähmiýetlidigine ünsi çekdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we biziň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy türkmen döwletiniň öz ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmekde mynasyp orna eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär. Şu hakykat halkymyzyň geçen taryhy ýoly bilen kesgitlenendir. Bilşimiz ýaly, biziň ata-babalarymyz kuwwatly döwletleri döredip, parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy ýörelge edinip, halklaryň biri-birine ynamly gatnaşyklaryny döreden bolsalar, öz durmuşynyň kyn, galagoply döwürlerinde dartgynly ýagdaýlary gepleşikleriň, parahatçylykly ýollaryň, yna

Türkmenistan — BAE: dostluk, doganlyk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary

2021-nji ýylyň 2 — 4-nji fewraly aralygynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Arap Emirliklerinde iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti BAE-niň Hökümet ýolbaşçylary, şeýle-de Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeler boýunça halkara agentliginiň (IRENA) wekilleri bilen işjeň duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi.

Parahatçylygyň we ynanyşmagyň deňzi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly, turuwbaşdan, ýurdumyz we tutuş sebit ähmiýetli taryhy wakalara beslenýär. Şeýle wakalar Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina — Andhoý beketleriniň arasynda uzynlygy 30 kilometre barabar demir ýoluň, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça 500 kilowolt güýji bolan, 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň hem-de «Malaý» käninde täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabaralarydyr. Şu ýylyň 21-nji ýanwarynda paýtagtymyzda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň taryhyna täze sahypa hökmünde girdi. Bu Ähtnama ýangyç-energetika ulgamynda alnyp barylýan köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýdyň netijesidir, özara hyzmatdaşlykda Hazaryň uglewodorod serişdelerini bilelikde özleşdirmek boýunça gazanylan ilkinji hukuk binýadydyr.

Öz sözüni sözläp, öz sazyn çalýan, türkmen dünýäň ýüregine ýol salýar

Eger-de ene hakynda söz aç, ýa enäni suratlandyrýan eseri çekip görkez diýilse, öz düşünjäň boýunça ene mukaddesligini emele getirýän köp zat hakynda aýdasyň, suratlandyrasyň geler. Bu biziň pikirimizçe, kadaly ýagdaý. Çünki «ene» diýilse, göz öňüňe halal we mähriban maşgala ojagy, şol ojakda gülüp-oýnap ulalýan perzentler, üsti naz-nygmatdan doly bereketli saçak, içinde Güne meňzeş çörekler bişip duran gupba ýaly tamdyr we ýene şoňa meňzeş birnäçe zatlar gelýär. Edil şonuň ýaly, meniň hem elime ak kagyz bilen galam berip, türkmen milletini, türkmençilik diýlen düşünjäni suratlandyr diýilse, hökmany şekillendirjek ençeme gymmatlyklarym bar. Olar: goýny müň bir derde derman üzärlikdir ýandak, selin-sazak ýaly ýüzlerçe ot-çöplerden doly, altynsow çägeli Garagum sährasy, asyrlaryň şaýady bolan belent başly Köpetdag, tolkunlary joşly göwün ýaly owsunyp duran Awaza, jylawyna towsup duran dal boýun ahalteke bedewi, agyl doly saryja goýun, garysyny ýassanyp ýatan merdana alabaý iti, göllerinde çeper elli gelin-gyzlarynyň kalp syrlary görnen gyzyl köz ýaly türkmen halysy, tarlarynda setir-setir mukam bary düzülip duran dutary, ak niýet deý ak kepderileriň ganat ýaýýan gök Asmany, ak bugdaýyň parlap çykýan mele topragy... Sanadygyňça sogaby artýan bu sanaw,

«Açyk gapylar» syýasatyna eýerip

Öňňin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de onuň ýurdumyzda we sebitde işleýän agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylaryň käbiri wideoaragatnaşyk hyzmatyndan peýdalandylar. Hususan-da, maslahata BMG-niň agentlikleriniň, şol sanda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň, Ösüş maksatnamasynyň edaralarynyň, ÝUNISEF-niň, BSGG-niň, BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň müdirliginiň, BMG-niň ilat gaznasynyň, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň, BMG-niň azyk we oba hojalyk guramasynyň, Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasynyň, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň, Zähmeti guramagyň halkara guramasynyň we beýlekileriň wekilleri gatnaşdylar.