Türkmenistanyň önümçilik kärhanalarynda öndürilýän önümleriň bäsleşige ukyby gün-günden ýaýbaňlanýar, olara bolan isleg içerki hem-de daşarky bazarlarda has-da köpelýär. Köp harytlarymyz daşary ýurt bazarlarynda öz orunlaryny tapdylar.
Hormatly Prezidentimiz milli önümlerimiziň dünýä bazarynda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we harytlaryň eksportynda paýyny artdyrmak, olary ýerlemek boýunça ösen marketing gullugyny döretmek, eksporta gidýän taýýar önümleriň möçberini artdyrmak, öndürmekde we eksport etmekde hususy telekeçiligi ösdürmäge ýardam bermek meselelerini birjikde üns merkezinden düşürmeýär.