HABARLAR

Aşgabadyň arzyly myhmanlary

Gazetimiziň şu sanynda merjen şäherimiz Aşgabatda myhman bolan dünýä belli söz we sungat ussatlarynyň, tanymal şahsyýetleriň ýene birnäçesi bilen okyjylarymyzy tanyşdyrýarys. Anna German. Dünýä belli polýak estrada aýdymçysy hem-de kompozitory Anna German 1980-nji ýylda ozalky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda konsert bilen çykyş etdi. Şeýle-de Aşgabadyň çeper haly önümçilik birleşiginiň halyçy gelin-gyzlary bilen duşuşyp, olaryň dokaýan halylary bilen tanyşdy.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen onlaýn duşuşyklar

♦ Parlamentara Bileleşiginiň nobatdaky Assambleýasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary gatnaşdylar. Onuň dowamynda parlamentleriň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi, olar adam hukuklary, ýaşlar we zenanlar, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy, halkara syýasaty hem-de pandemiýa ýaly meseleler boýunça öz garaýyşlaryny beýan etdiler. Assambleýanyň barşynda birnäçe kararnamalaryň, şol sanda «Tebigy heläkçilikler we olaryň netijeleri bilen baglanyşykly wehimlere hem-de gapma-garşylyklara garşy durmagyň çäklerinde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça parlament strategiýalary» hem-de «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, jogapkärli sarp etmek we önümçilik ugrunda sanlylaşdyrmagy hem-de sirkulýar ykdysadyýeti ilerletmek» atly kararnamalar kabul edildi. ♦ Türkmen parlamentarileri Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen IX Newa halkara ekologiýa kongresine gatnaşdylar. GDA-a agza ýurtlaryň Parlamentara assambleýasy tarapyndan guralan forum «Planetanyň ekologiýasy – durnukly ösüş» ady bilen geçirildi. Kongresiň işewür maksatnamasy umumy mejlisi hem-de «tegelek stollary» öz içine aldy. Şolarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigatdan peýdalanmak we daşky gurşawy goramak babatda kanunçylygy kämilleşdirmek ulgamynda BMG-niň ýö

Belent hormatyň nyşany

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda habarlary alyşmak hem-de habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça özara gatnaşyklar babatda halkara hyzmatdaşlygy işjeň giňeldýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar — iri habarlar agentlikleri, abraýly neşirler, meşhur teleýaýlymlar bilen bilelikde özygtyýarly türkmen döwletiniň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek hem-de ýurdumyzy halkara habarlar giňişligine goşmak, metbugat we elektron köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, hususan-da, internet serişdelerinde täzelikleri, habarlary ýaýratmak, syn we seljerme materiallaryny çap etmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Döwletli ýörelge

Watan ezizligi, Watan mukaddesligi ähli zatdan belentde durýar. Eziz Watanymyz hakyndaky aýdym-sazlary diňläniňde kalbyň joşa gelýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyz dostlugyň, doganlygyň gülleýän bagtyýar mekanyna öwrüldi. Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän döredijilikli, oňyn içeri we daşary syýasaty hem-de energetika we ulag geçelgelerini döretmek boýunça öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlary barha rowaçlanýar. Şol başlangyçlar dünýä bileleşiginiň goldaw bermeginde üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bu gaz geçiriji Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde dikeltmäge, Günorta — Gündogar Aziýanyň halklarynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Milli Liderimiz TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berjekdigini, durmuş we ynsanperwer häsiýetli meseleleriň çözülmegine, parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigini aýratyn nygtaýar.

Netijeli hyzmatdaşlygyň ykrarnamasy

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda habarlary alyşmak hem-de habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça özara gatnaşyklar babatda halkara hyzmatdaşlygy işjeň giňeldýär. Media ulgamynda Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlarynyň biri «Mir» döwletara teleradiokompaniýasydyr. Ol umumy habarlar giňişligini saklamak hem-de GDA-da habarlary halkara derejede alyşmak maksady bilen 1992-nji ýylda döredildi.

Türkmenistanyň Prezidenti “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň altyn nyşany bilen sylaglanyldy

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda habarlary alyşmak hem-de habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça özara gatnaşyklar babatda halkara hyzmatdaşlygy işjeň giňeldýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar — iri habarlar agentlikleri, abraýly neşirler, meşhur teleýaýlymlar bilen bilelikde özygtyýarly türkmen döwletiniň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek hem-de ýurdumyzy halkara habarlar giňişligine goşmak, metbugat we elektron köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, hususan-da, internet serişdelerinde täzelikleri, habarlary ýaýratmak, syn we seljerme materiallaryny çap etmeklik boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň başlyklarynyň duşuşygy

AŞGABAT, 31-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň türkmen tarapynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň bu komitetiň ýapon tarapynyň başlygy, Ýaponiýanyň «Itochu Corporation» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Subaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösüşine ýokary baha berdiler. Ýokary derejedäki saparlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösüşini kesgitleýändigi bellenildi.

Baş maksat — çagalaryň röwşen geljegi

Türkmenistanyň ähli çagalaryny we maşgalalaryny her ýylyň 1-nji iýunynda dünýäniň köp ýurtlarynda, şol sanda Merkezi Aziýa sebitinde giňden bellenilýän möhüm baýramçylyk — Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! 1-nji iýun Çagalary goramagyň halkara güni hökmünde ilkinji gezek 1950-nji ýylda bellenilip, şondan bäri çagalary hormatlamaga we olaryň hukuklary ugrunda göreşmäge mümkinçilik berýär. Çagalaryň hukuklary 32 ýyl mundan ozal dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan kabul edilen halkara ylalaşykda — BMG-niň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasynda kesgitlenip, ol kimdigine hem-de nirede ýaşaýandygyna garamazdan, çagalaryň goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Türkmenistan bu möhüm resminamany Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda, 1994-nji ýylda tassyklady.

Hyzmatdaşlyk berkidilýär

Türkmen parlamentarileri sanly wideoaragatnaşyk arkaly, şu günler Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän IX Newa halkara ekologiýa kongresine gatnaşdylar. GDA agza ýurtlaryň Parlamentara assambleýasy tarapyndan guralan forum “Planetanyň ekologiýasy — durnukly ösüş” ady bilen geçirildi. Kongresiň işewür maksatnamasy umumy mejlisi hem-de “tegelek stollary” öz içine aldy. Şolarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigatdan peýdalanmak we daşky gurşawy goramak babatda kanunçylygy kämilleşdirmek ulgamynda BMG-niň ýöriteleşdirilen halkara düzümleri bilen parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek, ekologiýa medeniýetiniň ornuny ýokarlandyrmak, ilatyň bilimi, sagdyn durmuş ýörelgeleri baradaky maksatlaryny öňe ilerletmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Parahatçylyk we ynanyşmak

adamzadyň iň arzyly gymmatlyklarydyr Inderveer SINGH, «Business Central Asia» žurnalynyň baş redaktory: