Aşgabat, 26-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri A.Kamilowy kabul etdi.
Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň tüýs ýürekden salamyny hem-de şanly wakalar, şol sanda türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygy we Türkmenistanyň Prezidentiniň örän gyzykly hem-de möhüm bolan eserleriniň — ajaýyp Aşgabat şäherine we milletiň ruhy gymmatlyklaryna bagyşlanan kitaplarynyň neşir edilmegi mynasybetli iň gowy arzuwlaryny we gutlaglaryny ýetirdi.