HABARLAR

Milli Liderimiziň eseri Italiýada tanyşdyryldy

Golaýda Türkmenistanyň wekiliýeti türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň italýan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Italiýa Respublikasynyň Wenesiýa şäherinde iş saparynda boldy. «Ka Sagredo» köşgünde geçirilen dabara Weneto sebitiniň ýardam bermeginde ýurdumyzyň Italiýadaky ilçihanasy tarapyndan guraldy. Tanyşdyrylyş dabarasynda Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi T.Kömekow giriş sözi bilen çykyş edip, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-italýan gatnaşyklarynyň ýokary derejede ösdürilýändigini belledi. Şeýle-de türkmen diplomaty Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň italýan diline terjime edilmegine goldaw beren Weneto sebitiniň gubernatorynyň edarasyna we ähli italiýaly hyzmatdaşlara hoşallyk bildirdi. Ka Foskari institutynyň prorektory, professor Markomini dabaranyň dowamynda eden çykyşynda bu ajaýyp kitabyň italýan dilinde neşir edilmeginiň Italiýanyň giň jemgyýetçiligini türkmen halkynyň şöhratly taryhy, medeniýeti, döwlet dolandyrmak däpleri bilen ýakyndan tanyşdyrmaga, şonuň bilen birlikde, iki halkyň arasyndaky dost

Dost-doganlyk menzilleri

Hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz özüniň daşary syýasy ugruny ösdürmekde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna möhüm orun berýär. Ata Watanymyz 1992-nji ýyldan bäri bu guramanyň işjeň agzasy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň 16-njy sammitinde eden çykyşy hem muny aýdyňlygy bilen tassyklady. Sammitiň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşygynyň barşynda hem abraýly halkara guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugurlary barada maslahatlaşyldy.

Bilelikdäki işjeňligiň ýokary derejesi

Mundan 38 ýyl ozal döredilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy Türkmenistanyň Bitaraplygyny BMG-den hem dokuz aý öň goldan ilkinji halkara guramadyr. Öz işine 1985-nji ýylda Eýranyň, Pakistanyň we Türkiýäniň hyzmatdaşlygynda girişen gurama Türkmenistan 1992-nji ýylda agza boldy. Şondan bäri hem ýurdumyz dünýäniň geografiki giňişliginiň 8 million inedördül kilometrini, ilatynyň bolsa ýarym milliardyny öz içine alýan guramanyň iň işjeň agzalarynyň birine öwrüldi. YHG-nyň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji sammitine başlyklyk eden döwletimiz ýakynda özbek paýtagtynda geçirilen 16-njy sammitde-de agza döwletleriň we tutuş dünýäniň nurana geljegine gönükdirilen başlangyçlary orta atdy. Sammite gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiz 9-njy noýabrda Daşkent şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Taryhy duşuşykda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň adyndan orta atan teklipleriniň teswirine geçmezden öňürti, Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň arasynda geçirilen duşuşygyň taryhy we syýasy ähmiýetine ünsüňizi çekmek isleýäris. Taryhyň agramly böleginde biri-birine goňşy bolup oturan türkmen we özbek halklarynyň arasyndaky geljekki hyzmatdaşlyklara ak ýol arçan bu duşuşyklar «Geografiýa bizi goňşy etdi, taryh — dostlara, ykdysadyýet — hyzmatdaşlara, zerurlyk

Üstaşyr geçelgelere eýe bolan ýurtlaryň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylary Aşgabada gelerler

Türkmenistan halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde şu aýda ilkinji gezek Bütindünýä durnukly ulag gününi bellär. BMG-niň Baş Assambleýasy 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Durnukly ulag boýunça ilkinji ählumumy maslahatyň geçirilen gününi bu halkara günüň bellenýän senesi hökmünde yglan etdi. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça bu güni döretmek hakyndaky Karar 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Baş Assambleýanyň 77-nji mejlisiniň 70-nji umumy mejlisinde kabul edildi. Dünýä senenamasynda täze halkara senäniň döredilmeginde başlangyçly orny eýelän ýurt hökmünde Türkmenistan bu güne bagyşlanan uly we möhüm çäreleri geçirmegi meýilleşdirýär. 15-17-nji noýabrda Aşgabatda "CASCA +" multimodal ulag geçelegesine gatnaşýan ýurtlaryň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçiriler.

Türkmenistanyň YHG-nyň Daşkent sammitindäki başlangyçlary — ykdysady ösüşiň bähbidine

Mälim bolşy ýaly, 9-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň 16-njy sammitine gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. «Bilelikde ykdysady durnuklylyga we ösüşe tarap» şygary astynda geçirilen sammite gurama agza ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet Baştutanlary gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň bu möhüm syýasy çärä gatnaşmagy we çuň manyly çykyş edip, anyk teklipleri öňe sürmegi Bitarap Türkmenistanyň durnukly ösüşi gazanmak boýunça çözgütleriň bilelikdäki ugurlaryny işläp taýýarlamak, sebitde abadançylygy has-da ýokarlandyrmak babatda tagallalary utgaşdyrmaga taýýardygyny nobatdaky gezek subut etdi. Abraýly halkara we sebit guramalary, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen köpugurly gatnaşyklary giňeltmek Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu gurama döredilenden bäri onuň meýdançasy agza ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek üçin netijeli gurala öwrüldi. YHG-nyň hereket edýän ýyllarynyň dowamynda döwletleriň arasynda dürli ylalaşyklar baglaşyldy we ileri tutulýan ugurlar boýunça döwle

Halkara giňişlikde

ÝUNESKO bilen gatnaşyklar işjeňleşdirilýär

Dostluk daragty gül açýar

Hormatly Prezidentimiz 9-njy noýabrda Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, Daşkent şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň 16-njy sammitine gatnaşdy we bu forumda çuň many-mazmunly çykyş etdi. Myhmansöýer özbek topragynda ýokary derejede geçirilen sammitiň gün tertibine söwda, energetika, ulag, daşky gurşawy goramak, syýahatçylyk, oba hojalygy, senagat ýaly dürli ugurlarda sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi babatda möhüm meseleler girizilip, onda wajyp başlangyçlar öňe sürüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň forumyň öňüsyrasynda özbek Lideri bilen duşuşyp, hyzmatdaşlygy has-da ilerletmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagy türkmen-özbek gatnaşyklarynyň has-da berkidilmeginde möhüm ädimdir. Durmuşda şatlykly hem gaýgyly günleriňe şaýat bolup, toý-märekäňi bile sowuşýan, ýetmedigiňi ýetirýän mährem dostuň we ýakyn goňşyňdyr. Şonuň üçin-de, «Öý alma, goňşy al», «Goňşy — goňşynyň galasy», «Goňşy goňşynyň hem görki, hem örki», «Dost — dostuň aýnasy», «Özüňi süýt bilgin, dostuňy — gaýmak» diýilýär. Bu babatda gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň dünýä nusgalykdygyny bellemelidir. Bu dostana gatnaşyklar ýyllaryň geçmegi b

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş ýoly

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda baky Bitarap Watanymyz halkara giňişliginde parahatçylygy pugtalandyrmak, durnukly ösüş, energetika howpsuzlygy, ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek, suw diplomatiýasy, ekologiýa abadançylygy ýaly möhüm ugurlarda sazlaşykly çözgütleri işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar. Ýurdumyzyň yzygiderli hyzmatdaşlyk edýän guramalarynyň biri hem Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasydyr. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna iş saparynda bolup, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň 16-njy sammitine gatnaşmagy bu tagallalaryň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýän wakalaryň biri boldy. Hormatly Prezidentimiz sammitde eden çykyşynda döwletara gatnaşyklary häzirki döwrüň ýagdaýlaryna we talaplaryna laýyk gelýän täze derejä ýetirmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürdi. Häzirki wagtda biziň ýurdumyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk edýär. Guramanyň 15-nji sammiti 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirildi, onuň netijeleri boýunça jemleýji resminama, ýagny Hereketleriň Aşgabat konsensusy kabul edildi. Ýurdumyzyň başlyklyk eden döwründe YHG-nyň giňişliginde söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika, energetika, şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähb

Teatr festiwaly – dostluk baýramy

Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalynyñ açylyş dabarasy boldy. Oňa ildeşlerimiz bilen birlikde dünýäniň ýedi ýurdundan 100-den gowrak myhman gatnaşdy. Halkara festiwalynyň geçirilmeginiň esasy maksady halklaryň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy berkitmekden hem-de ösdürmekden ybaratdyr.

Günorta Koreýanyň logistika kompaniýasy Türkmenistanda öz şahamçasyny açmak isleýär

Günorta Koreýanyň «Rovigos Inc.» logistika kompaniýasy Türkmenistanda öz şahamçasyny döretmek işleýär. Bu barada «Trend.az» habar berýär. Habarda bellenilişi ýaly, satuw we çykdajylary yzarlamak üçin emeli intellekt tehnologiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanýan belli logistika platformasy bolan «Rovigos» Merkezi Aziýanyň, esasanam Türkmenistanyň bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenmäge taýýardyr. Kompaniýanyň baş direktory «Rovigos»-yň seljermesi emeli intellekt esasynda organiki taýdan integrirlenen, satuwlary çaklamaga we bahalaryň tendensiýalaryny yzarlamaga mümkinçilik berýän iň täze çözgütleri üpjün etmekde öňdebaryjydygyna ünsi çekdi.