Bilelikdäki işjeňligiň ýokary derejesi

15 Noýabr 2023
943

Mundan 38 ýyl ozal döredilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy Türkmenistanyň Bitaraplygyny BMG-den hem dokuz aý öň goldan ilkinji halkara guramadyr. Öz işine 1985-nji ýylda Eýranyň, Pakistanyň we Türkiýäniň hyzmatdaşlygynda girişen gurama Türkmenistan 1992-nji ýylda agza boldy. Şondan bäri hem ýurdumyz dünýäniň geografiki giňişliginiň 8 million inedördül kilometrini, ilatynyň bolsa ýarym milliardyny öz içine alýan guramanyň iň işjeň agzalarynyň birine öwrüldi. YHG-nyň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji sammitine başlyklyk eden döwletimiz ýakynda özbek paýtagtynda geçirilen 16-njy sammitde-de agza döwletleriň we tutuş dünýäniň nurana geljegine gönükdirilen başlangyçlary orta atdy.

Sammite gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiz 9-njy noýabrda Daşkent şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Taryhy duşuşykda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň adyndan orta atan teklipleriniň teswirine geçmezden öňürti, Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň arasynda geçirilen duşuşygyň taryhy we syýasy ähmiýetine ünsüňizi çekmek isleýäris. Taryhyň agramly böleginde biri-birine goňşy bolup oturan türkmen we özbek halklarynyň arasyndaky geljekki hyzmatdaşlyklara ak ýol arçan bu duşuşyklar «Geografiýa bizi goňşy etdi, taryh — dostlara, ykdysadyýet — hyzmatdaşlara, zerurlyk bolsa pikirdeşlere öwürdi» diýen ýörgünli sözüň asyl manysyny ýene bir ýola Aý dogan ýaly aýan etdi. Döwlet Baştutanlary türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ilerletmegiň geljekki wezipelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu gepleşikleriň netijeleri boýunça möhüm çözgütler kabul edildi.

«Türkmen gündogary»