HABARLAR

Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly bilen

Türkmenistan parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş babatdaky ählumumy tagallalara mynasyp goşandyny goşýan, sebitde we dünýäde belent abraýly hem-de täsirli döwlet hökmünde çykyş edýär. Munuň şeýledigine «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen 2020-nji ýylda amala aşyrylan beýik işler aýdyň şaýatlyk edýär. 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi döwletimizde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagynyň asylly däbe öwrülendigini tassyklaýar. Munuň özi, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Rezolýusiýasyndan gözbaş alýar.

Gülläp ösüşiň mekany

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan ata Watanymyz gadamlaryny has-da batlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly halkymyza mahsus bolan ruhy gymmatlyklara, oňyn ýörelgelere esaslanýan hoşniýetli içeri we daşary syýasaty ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň ygtybarly kepili bolup durýar. Giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilen asylly ýörelgeleriň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň üstünliklere beslenmegini şertlendirdi. Mähriban Watanymyz dünýäde dost-doganlygyň, rowaçlygyň ýurdy hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde «2021-nji ýyly — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli, pähim-paýhasa ýugrulan syýasaty netijesinde, Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşen Türkmenistan soňky onýyllykda dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýmak, halkara hyzmatdaşlygyň täze netijeli ýollaryny we ugurlaryny ösdürmek babatda gymmatly te

Ata Watanymyzyň nurana menzilleri

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ählihalk tarapyndan döwlet Baştutany wezipesine saýlanyp, işe girişen gününden beýläk ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleri giňden ýaýbaňlandyrmak bilen, onuň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna uly itergi berdi. Şeýle bolansoň, bu gün eziz Diýarymyz gülläp ösüşiň ýoly bilen rowaçlyklara sary öňe barýar. Ösüşiň täze taryhy döwründe her bir ýylyň onda amala aşyrmaly möhüm wezipeleri özünde şöhlelendirip, halkymyzy täzeden-täze üstünliklere atarýan çuňňur manyly şygarlar bilen atlandyrylmagynyň bolsa, möhüm ähmiýeti bardyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk taryhynyň 2007-nji ýyldan başlan ilkinji ýyllaryny Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamany diýlip atlandyrylan bolsa, 2012-nji ýylyň 24-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde halkymyzyň ösüşiň hil taýdan täze belentligine, ýagny Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne gadam goýandygy yglan edildi. Ine, şondan soňra her bir ýylda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän tutumly işler ýurdumyzy belentden-belent derejelere çykaryp gelýär. Şonda her bir ýylyň özüne mahsus şygar astynda geçmegi halky

Bagtyýarlygyň aýdyň nusgasy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly barýar. Şonuň netijesinde halkara giňişliginde hem onuň abraý-mertebesi barha belende galýar. Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, Watanymyzyň parahatçylykda gülläp ösmegi, ýaş nesillerimiziň bilimli, kämil ýaşlar bolup ýetişmegi hakyndaky aladalar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz: “Häzirki zaman demokratik jemgyýetini kemala getirmek üçin bizde amatly şertler bar. Bu jemgyýetiň esasy gymmatlygy adamdyr we onuň baş maksady adamyň abadançylygyny hem-de bagtyýarlygyny üpjün etmekdir, baş ýörelgeleri bolsa ynsanperwerlik, adalatlylyk we ruhubelentlikdir. Ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady reformalar biziň “Döwlet adam üçindir!” diýip yglan eden baş ýörelgämiziň gyşarnyksyz we yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr” diýip parasatly belleýär. Şonuň üçin hem halkymyzyň abadan we bagtyýar ýaşamagy ugrunda döwlet tarapyndan uly aladalaryň edilýändigini aýratyn bellemek gerek. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe abadanlyk we parahatçylyk ýoly bilen barýan Diýarymyz asyrlara barabar üstünliklere beslenýär.

Uly işlere badalga

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşler bilen ynamly öňe barýar. Bu günki bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzyň ähli sebitleri, şäherleri, obalary ýokary derejede ösdürilýär. Muny biz ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň, desgalaryň mysalynda görýäris. Munuň özi uly ösüşlerden, geljegiň has-da aýdyňlygyndan habar berýär. Ynsanyň bagtyýarlygy üçin esasy zat ýaş nesilleriň bagtyny görmek, asuda durmuşda ýaşamak, Watanyňa guwanmak bolup durýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde täze binalaryň gurulmagy, täze obalaryň döredilmegi gönüden-göni halkyň eşretli durmuşynyň güwäsidir. Şeýle hakykata bolsa biz ýygy-ýygydan şaýat bolýarys. Ynha, geçen ýylymyzyň ösüşlerine nazar aýlanymyzda hem muny aýdyň görmek bolýar. Esasan hem baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli gurlup ulanmaga berlen desgalar, binalar biziň göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ähli babatda ýurdumyzy ösdürmek, adamlaryň ýaşaýşy, dynç almaklary üçin şertleri döretmek barada yzygider alada edýändiginiň subutnamasydyr.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly: rowaçlyklaryň täze sepgitlerine tarap

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen taryhyň gatyna altyn harplar bilen ýazylan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly ösüş-özgerişlere, şanly günlere beslenip geçdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde täze — 2021-nji ýyl şatlyk-şowhun, agzybirlik, joşgun bilen ýokary derejede garşy alyndy. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza Täze ýyl Gutlagyndaky: «Täze ýylymyz il-ýurt bähbitli uly üstünlikleriň, parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň ýyly bolar. Biz ata Watanymyza belent buýsanjymyz, geljege berk ynamymyz, aýdyň maksatlarymyz bilen has uly sepgitlere ýeteris» diýen ajaýyp sözleri kalbymyzy joşduryp, täze üstünliklere ruhlandyrdy. Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde häzirki wagtda dost-doganlygyň, ylalaşdyryjylygyň, ynanyşmagyň, ygtybarlylygyň, ysnyşykly hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde giňden tanalýar. Ýurdumyzda uly dabara bilen garşy alnan 2021-nji ýyl «Türkmenistan–— parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi. Bu şygary mähriban halkymyz uly buýsanç we guwanç bilen kabul etdi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň pugtalandyrylmagynda hem möhüm ähmiýeti bolan bu şygar häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiligi

Beýik baýramçylygyň şanyna

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda mähriban halkymyzyň täze taryhynyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazylýan ajaýyp sene — ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bellenilip geçiler. Şu mynasybetli eziz Diýarymyzda häzirden giň gerimli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Beýik baýramçylygyň hormatyna Watanymyzda dünýä ýaň saljak çäreler hem-de dabaralar geçiriler. Bular barada Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen şu ýyldaky ilkinji mejlisinde hem aýratyn durlup geçildi. Mejlisiň barşynda, hususan-da, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda belleniljek milli baýramçylyklara we şanly senelere bagyşlanan medeni çäreleri taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berildi.

Gatnaşyklar berkidilýär

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen dürli ugurlarda gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýän döwletleriň hem-de abraýly halkara guramalaryň sany barha artýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasaty, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler bilen şertlendirilendir. Ine, geçen anna güni hem Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Türkmenistandaky wekili bilen iş duşuşygy geçirildi. Onda Türkmenistan bilen ÝÖTB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy, şol sanda netijeli gatnaşyklaryň oňyn tejribesi toplanylan karz bermek we maýa goýum ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Röwşen geljege sary

Parahatçylygyň, agzybirligiň, bagtyýarlygyň we ruhubelentligiň mekany bolan Türkmenistanyň bagtyýar halky Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe uly ynam, egsilmez hyjuw, bimöçber joşgun bilen mukaddes arzuwlaryň wysal bolýandygyna guwanyp ýaşaýar we her bir ýyly uly üstünlikler bilen jemleýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň döredýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, eziz halkymyz uly joşgun bilen döredýär, gurýar, her bir güni, ýyly, guwandyryjy zähmet ýeňişlerine, rowaçlyklara, belent sepgitlere besleýär. Bu günki gün türkmen jemgyýetiniň we türkmen döwletiniň agzybirlik hem-de parahatçylyk arkaly öňe çykaran iňňän kämil döwlet syýasaty, ylmy-filosofik jähetden taraşlanan we esaslandyrylan aýdyň hem röwşen ýörelgesi çuňňur many-mazmun bilen baýlaşýar. Halkymyz watançylyk we ynsanperwerlik duýgusyna belent sarpa goýýar. Halkyň nesilden-nesle geçirip, baýlaşdyryp, rowaçlandyryp gelen sözleriniň hatarynda parahatçylyk we ynanyşmak sözleriniň mynasyp orny bar. Sebäbi, bu sözlere adamyň bir-birini tanamagynyň, hyzmatdaşlygy ýola goýmagynyň, düşünişmeginiň açary hökmünde garamak bolar.

Maslahat geçirildi

Geçen hepdäniň şenbe güni TDP-niň welaýat komitetiniň, welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde guramagynda «Mary» myhmanhanasynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, TDP-niň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň jogapkär işgärleri, welaýat medeniýet müdirliginiň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Kakageldi Gurbanow, welaýat medeniýet müdirliginiň başlygy Öwez Gylyjow, TDP-niň Mary şäher komitetiniň başlygy Hekimberdi Orazberdiýew, welaýat medeniýet müdirliginiň hünärmeni Gözel Begliýewa, TDP-niň Türkmengala etrap komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Muhammetnazar Täşliýew, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Töre Nobatow, «Maru — şahu jahan» welaýat gazetiniň uly habarçysy Aýparça Akymowa çykyş etdiler.