Şanly ýyl şöhrat getirýär

10 Ýanwar 2021
2979

Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty, ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklary esasynda sanlyja ýylyň içinde sebitde, tutuş dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň, ösüşiň mekanyna öwrüldi. Şonuň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara derejesindäki hormaty barha artýar, at-abraýy, şöhraty arşa göterilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň öňe süren, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda ähli agza döwletler tarapyndan goldanan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.

2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan edilmegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Bu şygar türkmen halkymyzyň hoşniýetlilik, dost-doganlyk, bir-birege hemaýat etmek, arkalaşmak, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak ýörelgelerini ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen açyp görkezýär. Ýurdumyz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, Ýer ýüzünde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde möhüm orny eýeleýär. Täze ýylyň ajaýyp şygary bu maksatlaryň, asylly işleriň belent beýanydyr.

Oraznepes BERDILIÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.