Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Lebapetönümleri» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň zähmet adamlary täze ýylyň ilkinji günlerini zähmet üstünliklerine besleýärler. Olar welaýatymyzyň ilatynyň saçaklarynda et we et önümleriniň bolçulygyny döretmäge uly goşant goşýarlar.
Geçen ýylda bu ýerde 60 tonna 580 kilogram et we et önümleri öndürildi. Jemgyýetiň baş hasapçysy Atajan Jumabaýew şu ýyl bu görkezijiniň 100 tonna ýetirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýdýar. Şu günlerde ilatyň saçagyna şöhlat önümleriniň 18 görnüşi ýetirilýär. Ýarym kakadylan birinji derejeli «Daşrabat», «Hazar», «Aşgabat», «Köýtendag» ýaly şöhlat önümleriniň gaýnadylan görnüşleri, guş etinden taýýarlanylan «Saýatly» şöhlaty, «Sähra» ýaly büzmeçler ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Talap edilýän kadalara laýyklykda taýýarlanylýan önümleriň hili alyjylaryň göwünlerine ýaraýar. Welaýat boýunça döwlet we hususy eýeçiligindäki söwda dükanlarynda ýerleşdirilen paýdarlar jemgyýetiniň sowadyjylarynyň 280-si önümleri alyjylara terligine ýetirmek üçin ulanylýar.