HABARLAR

Watany goramak mukaddes borçdur

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— Ajaýyp döwürde mukaddes borjy harby kasama laýyklykda ak ýürek bilen ýerine ýetirip, Watanymyzyň hem-de halkymyzyň bähbitleriniň goragynda durmak, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşlerine goşant goşmak uly bagtdyr, belent mertebedir. Watansöýüjiligiň beýik nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserlerinde ýurt goragynyň mukaddesdigi, oňa gulluk etmegiň belent mertebedigi, harby kasama ygrarlylygyň, wepalylygyň, mertligiň, gaýduwsyzlygyň türkmen ýigitlerine mahsus häsiýetlerdigi nygtalýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz Watan goragçylaryna Watana wepalylygyň ajaýyp göreldesini görkezýär.

Ýaşlar syýasaty: döwrebap özgertmeler, aýdyň netijeler

Berkarar Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesil hakyndaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň hukuklarynyň, erkinliginiň amala aşyrylmagyna gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamydyr. Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk babatynda zerur şertleriň döredilmegine, ýaşlaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň ösüşine hem-de olary goldamaga gönükdirilýär. Gadymdan gelýän milli ynsanperwer ýörelgelere laýyklykda iň döwrebap enjamlar, interaktiw tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan bilim edaralarynda ýaşlara halkara derejesinde bilim bermäge, olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, durmuş, medeni, ruhy we beden taýdan ösüşine ýardam etmäge gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Eşretli döwrümiziň waspy

Gökdepe şäheriniň Medeniýet köşgünde «Dünýäde parahatçylygy üpjün etmek we birek-birege ynanyşmak türkmen halkynyň ebedilik ýol-ýörelgesidir» ady bilen dabara geçirildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şanly ýyla bagyşlanan dabarany etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary hem-de medeniýet bölümi bilelikde gurady. Edara-kärhanalaryň zähmetkeşleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bolan dabarada täsirli çykyşlara aýratyn orun berildi. Bagtyýar ildeşlerimiz çykyşlarynda Arkadagly döwrümiziň gadyr-gymmaty, ata Watanymyzyň arşa göterilýän abraý-mertebesi, şöhratly ýyllarymyzyň üstünliklere beslenilişi dogrusynda söz açyp, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylymyzyň ilkinji günleri bolup geçýän şatlykly wakalar hakynda buýsanç bilen gürrüň etdiler.

Edepli ile ýarar

Ata-babalarymyz hemişe nesil terbiýesine uly üns berip gelipdirler. Aslynda, asyllylyk, edeplilik, terbiýelilik — bu halkyň milliliginiň gözbaşy. Nesil terbiýesi babatynda hormatly Prezidentimiziň bize peşgeş beren atalyk kitaplary nusga alarlyk ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Milli Liderimiziň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda pederlerimizden bize miras galan nakyllardyr atalar sözleri ýerleşdirilen. Çuň many-mazmuna, pähim-paýhasa ýugrulan bu ajaýyp kitap ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde, olarda ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watansöýüjilik häsiýetlerini kemala getirmekde örän ähmiýetlidir.  Onda «Edep bilen bagt tapylar, sabyr bilen tagt», «Edepli ile ýarar», «Ýigide müň dürli hünär hem az», «Gyz edebi — il edebi» ýaly dürdäne sözler bar. Terbiýe meselesinde her bir çaganyň özüne mahsus bolan aýratynlygyna, häsiýetine, islegine görä çemeleşmek zerur. Ata-babalarymyz çaga terbiýesi bilen bagly gündelik durmuşynda gabat gelýän ýörelgeleri, terbiýeçilik ähmiýeti bolan, geljekde halka nepi degjek däp-dessurlary döredipdirler, olardan netijeli peýdalanypdyrlar.

Ertir — Watan goragçylarynyň güni

Watanymyzyň asudalygy — jemgyýetimiziň bitewüliginiň esasy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda taryh üçin örän gysga döwrüň dowamynda dünýä derejeli ösüş gazandy. Ýurduň döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny gyşarnyksyz durmuşa geçirmek bilen, özgertmeleriň täzeçil menzillerinde ata Watanymyzyň belent hem ygtybarly ösüşini berkidip, dünýä giňişliginde mynasyp orun tapmagyny gazanyp beren Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleriniň ählisi bu günki gün nusgalyk häsiýete eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň «Ilkinji nobatda meniň ähli aladam halkym bolar» diýen baş maksady ýurdumyzyň asudalygyny, halkymyzyň abadançylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen tutumly işlerden gözbaş alýar. Ol «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatyň esasynda durmuşa geçirilýär. Şeýle belent wezipeleriň amal edilmeginde Watan goragçylarynyň orny aýratyn ähmiýete eýedir.

Şanly seneleriň şanyna

Häzirki wagtda mähriban Diýarymyzda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamaga giňden taýýarlyk görülýär. Bu ajaýyp sene mynasybetli giň gerimli baýramçylyk dabaralaryny we beýleki çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Bular barada Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde hem giňişleýin gürrüň edildi. Hususan-da, mejlisde eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli döredijilik bäsleşiklerini yglan etmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde şanly senä bagyşlanan dürli bäsleşikler yglan edilýär. Döredijilik bäsleşikleriniň birnäçesi gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalary tarapyndan yglan edildi. Bu ugurdaky işler dowam etdiriler.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Maliýe we ykdysadyýet ministrligine satylmagy bellenen degişli söwda dükanlaryny, restorany we söwda öýüni olaryň işiniň esasy ugurlaryny we iş ýerlerini saklap galmak şertinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bellenen tertipde göni (salgyly) satmak arkaly hususylaşdyrmak tabşyryldy. * * *

Täzelikler

Köýtendagly telekeçi Baýpolat Ergeşowyň 3,5 gektar meýdanda ýerleşýän ýyladyşhanalarynyň 27-sinde ýetişdirýän gök we bakja önümleri diňe bir welaýatymyzyň däl, eýsem, paýtagtymyzyň hem bazarlarynda halkymyza terligine, elýeterli bahalardan hödürlenilýär. Ýyladyşhanalaryň 12-sinde pomidor, 5-sinde hyýar, galanlarynda hem bolgar burçy ösdürilip ýetişdirilýär. Geçen ýylyň sentýabr, oktýabr aýlarynda ekilen gök ekinler ýylyň ahyrynda ýetişdi. Olardan ýygnalan hasyl ilatyň Täze ýyl baýramçylyk saçaklarynyň berekedine bereket goşdy. Pomidordan 1 tonna, hyýardan 8 tonna golaý hasyl alyndy. Şu günlerde telekeçi bolgar burçunyň hasylyny ilata günübirin ýetirýär. Hormatly Prezidentimiziň ýakyndan goldaw-hemaýat bermegi, ýeňillikli şertleri döretmegi bilen ene ýerden bol hasyl alýan hususyýetçileriň ýüzlerçesiniň yhlasly zähmetiniň netijesinde welaýatymyzyň bazarlarydyr dükanlarynda gök we bakja önümleriniň bolçulygy üpjün edilýär. Telekeçiler öz önümlerini dünýäniň dürli döwletlerine eksporta hem iberýärler.

Parahatçylygyň owazy dünýä ýaň salýar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ganatly şygara beslenen üstümizdäki ýylymyzyň ilkinji günlerinde badalga berlen döwletli tutumlar parahatçylyksöýüjilikli, ynsanperwerlikli ýol-ýörelgelere eýerýän merdana halkymyzyň ýürek owazyny dünýä doldurdy. Garaşsyz döwletimiziň dünýä ýaň salýan beýik şan-şöhraty, parahatçylygyň we dostlugyň ýurdy hökmünde halkara abraýynyň yzygiderli artýandygyna şaýatlyk edýän taryhy wakalar halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ata Watanymyzda ykdysady, medeni-durmuş babatda gazanylýan şanly ösüşler giň gerimli maksatnamalary, durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam berýär. Nebitgaz, oba hojalyk, gurluşyk, energetika, ykdysadyýet, medeniýet, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda güneşli Diýarymyzyň ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösýän hem-de ynamly öňe barýan döwletdigini ykrar edýän giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Watan goragy mukaddesdir

Jeýhun bilen bahry Hazar arasy eý, eziz Diýar! Goýnuňda ýaşaýan her bir ynsan üçin senden uly gymmatlyk, uly baýlyk ýokdur. Çünki seniň topragyň asty hem, üsti hem — egsilmez hazyna! Seniň goýnuňda bagtyýarlyk höküm sürýär. Ýurt parahatçylygy, asuda ýaşaýyş we erkinlik Watana bolan söýgini has hem artdyrýar. Halkyna erkanalygy, özbaşdaklygy, gülläp ösüşi bagyş eden jan Türkmenistanym, saňa näçe buýsansaň hem, guwansaň hem az! Biz pederlerimiziň arzuwlan bagtyýar durmuşynyň bagty çüwenleridiris. Ata-babalarymyz şeýle ajaýyp ýurdy gurmak, berkarar etmek üçin ömürlerini bagyş etdiler. Muňa şöhratly taryhymyzyň her güni şaýat. Watany başynyň täjine deňän il ogullary seniň ýeke daban ýeriňi goramak ugrunda gör, nähili agyr hupbatlary başdan geçirdiler! Sarahs, Mary, Gazawat, Garrygala, Gökdepe söweşlerinde gör, näçe ärler seniň goragyňda başlaryny gurban etdiler! 1941 ― 1945-nji ýyllarda merdana gerçekleriň görkezen edermenligi hem öçmez-ýitmezdir. Biz Watanymyzy döş gerip goran şol gahrymanlarymyza, merdanalarymyza guwanýarys, olaryň mertebesini hemişe belentde tutýarys. Çünki nesilden-nesle geçip, halkyň kalbynda ebedi orun alan Watan ogullarynyň gahrymançylykly ýollary biziň üçin mähriban ýurduňy, onuň erkinligini söýmegiň we goramagyň beýik mekdebi