HABARLAR

Demokratik ýörelgelere daýanyp

Türkmenistanda saýlawlaryň öňüsyrasyndaky möhüm tapgyr — Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek tamamlandy. Ýurdumyzyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 6-njy fewralda badalga alan bu möhüm syýasy çäräniň çäklerinde welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde dalaşgärler ara alnyp maslahatlaşyldy, olaryň sany çäklendirilen däldir. Mejlise gatnaşyjylaryň her biri dalaşgärlige hödürlenilýänler hakynda teklip girizmäge, ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşmaga, olary goldamaga ýa-da ret etmäge, hut özüni hem dalaşgär hökmünde hödürlemek üçin ara alyp maslahatlaşylmagyny teklip etmäge bolan hukuklaryndan kanuna laýyklykda peýdalandylar.

Milli gymmatlyklara sarpa

Öňňin paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Sport myhmanhanasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda dabara geçirildi. Mähriban halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny saklamak hem-de dünýäde giňden wagyz etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ugurda alnyp barylýan giň möçberli özgertmeler alabaýlaryň tohumçylyk işiniň ösdürilmegini hem-de kämilleşdirilmegini nazarlaýar.

Belent ösüşleriň binýady

Hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylyň fewral aýynyň 25-ine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen Ruhyýet köşgünde duşuşyk geçirdi. Maslahatda milli Liderimiz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda kanunçykaryjylyk işiniň meýilnamasy bolup çykyş etjek strategik ugurlar hakynda gürrüň etdi. Gahryman Arkadagymyz çykyşynda üstümizdäki ýylda «Prezident Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan özgertmeleriň hukuk esasyny döretmek barada aýdyň wezipeleri kesgitledi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 134-nji maddasynda «Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär» diýlip bellenilýär.

Aşgabadym — göwün şadym

Ähli döwletlerde paýtagt diýlip ykrar edilen şäher şol döwletiň ýüregi hasaplanýar. Şeýle bolansoň, paýtagtyň özge şäherlerden has üýtgeşik, gözel, owadan bolmalydygy öz-özünden düşnüklidir. Eýsem, biziň gözel paýtagtymyz Aşgabat hakynda nämeleri aýdyp bolar? Köpetdagyň belent gerişleri, Garagumuň altynsow çägelikleri bilen galtaşýan Aşgabat Türkmenistanyň baş şäheridir. Ýurduň syýasy, ykdysady ösüşleri, ruhy-jemgyýetçilik durmuşy bilen bagly iň möhüm resminamalar, çözgütler şu ýerde kabul edilýär. Dostlukly ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň şu güni we ertiri bilen bagly möhüm meseleleriň çözgütleri Aşgabatda tapylýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň köpüsi, ylmy ojaklary paýtagtda ýerleşýär, Aşgabat şeýle hem ýurduň medeni paýtagtydyr. Bu ýerde teatrlar, ençeme muzeýler, döwlet medeni merkezi, onuň düzümine girýän aýdym-saz, simfoniki, hor, tans we beýleki ugurlar boýunça edaralar bar.

Arkadagyň ak şäheri Aşgabat

«Aziýanyň merjen şäheri» diýlip tanalýan gözel paýtagtymyz Gahryman Arkadagymyzyň arhitektorlyk zehininden hem paýhasyndan bina bolup, gün-günden gözelleşýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynyň netijesinde, döwletimiziň paýtagty dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Her bir döwletiň ösüş derejesini onuň paýtagtynyň keşbinde görmek bolýar. Paýtagtymyzyň gözelliklerine nazar aýlap, döwletimiziň, döwrümiziň, durmuşymyzyň, halkymyzyň keşbini synlamaga, olara baha bermäge mümkinçilik tapýarys.

Garaşsyzlyk — döwrümiziň ganaty

Merdana halkymyzyň mizemez bagty, döwrümiziň goşa ganaty baky Bitaraplygymyzyň we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şuglasy bu günki gün eziz Diýarymyza bagtyýarlyk nuruny çaýýar. Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary esasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyzda Türkmenistan öz Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýuny toýlar. Özygtyýarly ösüş ýolunda geçilen 30 ýylyň içinde ýurdumyzda asyrlara barabar işler amala aşyryldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize beren miweleri sanardan kän. Täze taryhyny, milli döwletini kemala getirmekde halkymyzyň öz ýoluny tapandygyna biziň asuda, parahat durmuşymyz, okgunly ösüşlerimiz, dünýäniň ähli ýurtlary bilen ýola goýlan dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyz şaýatlyk edýär.

Bagtymyzyň gözbaşy

Dünýäde parahatçylygy üpjün etmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Dünýä döwletleri we iri halkara guramalary Garaşsyz Türkmenistany ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi eziz Diýarymyzyň agzybirligi we parahatçylygy söýýän merdana halkynyň göwnüni galkyndyrdy. Çünki halkymyz asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan durmuş ýolunyň bütin dowamynda parahatçylyksöýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna uly sarpa goýup gelýär. Ata-babalarymyzdan miras galan ajaýyp ýol-ýörelgelere halkymyzyň döwletlilik ýörelgesi hökmünde uly hormat goýýan hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde bu ýol-ýörelgeleri döwrebaplaşdyryp, kämilleşdirip, dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde üstünlikli işleri amala aşyrýar. TDP-niň Tejen şäher komitetiniň işgärleri tarapyndan hormatly Prezidentimiziň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen 2020-nji ýylyň 16-njy dekabrynda geçiren wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygynda beren tabşyryklaryny berjaý etmek boýunça 2021-nji ýylyň dowamynda alnyp baryljak işleriň meýilnam

Möhüm möwsümiň bosagasyndaky tutumly tagallalar

Geçen duşenbe güni welaýat häkimliginde hormatly Prezidentimiziň 1-nji martda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda öňde goýan wajyp wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça maslahat geçirildi. Oňa etrapdyr şäherleriň häkimleri, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibinde hormatly Prezidentimiziň şol gün irden sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda häzirki döwürde welaýatymyzda ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk guramak barada beren görkezmelerini günübirin ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Welaýatymyzyň häkimi Şöhrat Amangeldiýew maslahaty açyp, ilki bilen welaýatda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde amala aşyrylan işleriň netijesi, ýerlerde gowaça, ýeralma we gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk işleriniň gidişi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň guralyşy, şeýle hem Halkara zenanlar güni mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk çäreleriniň ýaýbaňlandyrylyşy barada giňişleýin gürrüň etdi.

Täzelikler

Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň Ram­sar se­bit­le­ýin baş­lan­gy­jy­nyň ut­gaş­dy­ry­jy ko­mi­te­ti­niň ýol­baş­çy­sy E.A.Rus­ta­mow wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly Döw­let­li et­ra­by­ndaky 30-njy or­ta mek­dep­de Dur­na­lar gü­nü­ne ba­gyş­la­nyp geçirilen du­şu­şy­ga gat­naş­dy. Ol mek­dep okuw­çy­la­ry­na bu owa­dan guş­lar ba­ra­da tä­sir­li gür­rüň­ ber­di. Mek­dep okuw­çy­la­ry­nda uly gy­zyk­lan­ma­ döreden eko­lo­gi­ýa baý­ra­my bu guş­la­ryň iň owa­dan gör­nüş­le­ri­niň bi­ri bo­lan çal dur­na­nyň Amy­der­ýa jül­ge­sin­de we we­la­ýa­tymyzyň gü­nor­ta­syn­da­ky oňa go­laý ýer­ler­de gyş­la­ýan döw­ri saý­la­nyl­dy. Ola­ryň mu­gal­lym­la­ry­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Döw­let­li et­ra­by­nyň Tal­ly­mer­jen jül­ge­sin­de, Ker­ki et­ra­by­nyň Wa­tan, Daş­kak oba ho­ja­lyk top­lum­la­ryn­da, Ga­raş­syz­ly­gyň 15 ýyl­ly­gy how­da­nyn­da we Amy­der­ýa go­rag­ha­na­sy­nyň Ke­lif çäk­li go­rag­ha­na­syn­da dur­na­la­ryň düş­le­ýän ýer­le­ri­ne ba­ryp gör­mek­le­ri has-da gy­zyk­ly bol­dy.

Garaşsyzlyk ― belent ykbal

Mil­le­tiň bag­ty çü­wen­de şeý­le bol­ýar: toý­la­ry toý­la­ra ulaş­ýar, baý­ram yzy­na baý­ram sep­leş­ýär. Biz mu­ňa mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­lyk şan­ly to­ýy tu­tul­jak «Türk­me­nis­tan ― pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­lyn­da ýe­ne bir ýo­la göz ýe­tir­ýä­ris. Bu toý eziz Di­ýa­ry­myz­da Aş­ga­ba­dyň 140 ýyl­ly­gy, ta­ryh­da il­kin­ji ge­zek bel­le­nil­jek Türk­men ala­ba­ýy­nyň baý­ra­my we köp­san­ly beý­le­ki toý­dur-baý­ram­lar bi­len ut­ga­şyp ge­ler. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy hut Türk­me­nis­ta­nyň tek­li­bi bi­len 2021-nji ýy­ly «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» di­ýip yg­lan et­di. Dün­ýä­niň iň iri gu­ra­ma­sy­nyň bu çözgüdi şan­ly ýy­lyň ýur­du­myz­da hem «Türk­me­nis­tan ― pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» diý­lip yg­lan edil­me­gi­niň göz­ba­şy bol­dy. Pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ― go­şa ga­nat, go­şa güýç. Olar bag­ty­ýar ýa­şaý­şy­my­zyň go­şa sü­tü­ni. Şu ýyl­da­ky tu­tum­ly toý­lar hut şu go­şa güý­jüň sa­ýa­syn­da toý­lan­ýar diý­sek, ha­ky­kat­dan daş düş­me­ris.