Arkadagyň Şa serpaýy

3 Mart 2021
747

gelin-gyzlaryň baýramçylyk şatlygyna şatlyk goşdy

Güneşli ülkämize pasyllaryň soltany baharyň gelmegi bilen tebigat gaýtadan janlandy, degre-daşymyz al-elwan güllere beslendi. Baglardaky daragtlar hem ak patrak kimin gül açyp, enaýy keşbe girdi. Ynha, tebigatyň şeýle ajaýyp keşbe giren çagynda, baharyň ilkinji günlerinde ýurdumyzda Halkara zenanlar güni giňden bellenilýär. Oba-şäherlerimizde uludan tutulýan toý-dabaralarda ýerine ýetirilýän joşgunly aýdym-sazlar hem, aýdylýan ýagşydan-ýagşy arzuw-dilegler hem hut aýal-gyzlarymyza bagyşlanýar. Hawa, türkmen jemgyýetinde zenanlaryň sarpasy belent tutulýar, olar üçin durmuşda ähli ýeňillikler döredilýär. Her ýyl hormatly Prezidentimiziň sahawatly başlangyçlary esasynda zenanlarymyza pul sowgadynyň gowşurylmagy-da munuň aýdyň subutnamasydyr.

Myrat TAGAN ogly,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar