Arkadagyň ak şäheri Aşgabat

3 Mart 2021
910

«Aziýanyň merjen şäheri» diýlip tanalýan gözel paýtagtymyz Gahryman Arkadagymyzyň arhitektorlyk zehininden hem paýhasyndan bina bolup, gün-günden gözelleşýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynyň netijesinde, döwletimiziň paýtagty dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Her bir döwletiň ösüş derejesini onuň paýtagtynyň keşbinde görmek bolýar. Paýtagtymyzyň gözelliklerine nazar aýlap, döwletimiziň, döwrümiziň, durmuşymyzyň, halkymyzyň keşbini synlamaga, olara baha bermäge mümkinçilik tapýarys.

Sapargeldi KUTLIÝEW,
Ruhubelent etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar