HABARLAR

Parahatçylyk — mukaddes ýörelge

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýäde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň orny barha pugtalanýar, abraý-mertebesi beýgelýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer, parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty dünýä jemgyýetçiliginde uly hormata eýedir, çünki oýlanyşykly alnyp barylýan döwlet syýasaty parahatçylygy pugtalandyrmaga, halklaryň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap alyp barýan döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde iň bagtly adamlaryň ýaşaýan mekanyna öwrüldi.

Ýyllar gelýär arzuwlara beslenip

Watanymyzda bagtly günler toýdur-baýramlara beslenip, adamlaryň gursagyna şatlyk bolup dolýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler Watanymyzyň her bir raýatyny begendirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek we halklar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak babatda alyp barýan döwletli işleri rowaçlyklara beslenýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda halkara gatnaşyklary bilen bagly alnyp barylýan işlerde dostlukly gatnaşyklar möhüm ähmiýete eýedir. Biziň durmuşymyzda esasy şygarlaryň birine öwrülen «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymaty diňe halkymyzyň däl, eýsem umumadamzat bähbitlerini öz içine alýar. Hut şeýle bolansoň, hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän teklipleri dünýäniň abraýly guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy we bu guramanyň agzalary tarapyndan goldaw tapýar.

Arkadagymyzyň saýasynda Garaşsyzlygymyzyň miweleri

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň nyşany astynda geçýän baýramçylyk ýylynyň ilkinji günleri möhüm wakalara beslenýär. OYR-nyň Akina – Andhoý beketleriniň arasynda uzynlygy 30 kilometre barabar bolan demir ýoluň, Kerki – Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt, uzynlygy 153 kilometre barabar bolan elektrik geçiriji ulgamynyň, Ymamnazar – Akina we Serhetabat – Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň hem-de «Malaý» ýatagynda täze gaz gysyjy bekediň ulanylmaga berilmegini mysal getirmek bolar. Bu Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň giň möçberli taslamalarynyň başyny başlaýan we yzygiderli durmuşa geçirýän mähriban Arkadagymyzyň döredijilik syýasatynyň ajaýyp miwesidir. Örän gysga möhletde amala aşyrylan taslamalar goňşy ýurtlar bilen öňden gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini pugtalandyrmaga, hyzmatdaş ýurtlaryň hem-de tutuş sebitiň ykdysady taýdan durnukly ösmegine ýardam eder. Hazardaky iri «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça täze giň gerimli taslama hem şuňa gönükdirilendir. Bu taslama ýakyn geljekde azerbaýjanly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrylar. Şeýlelikde, biz Arkadag Prezidentimiziň ägirt uly meýilnamalarynyň, hakykatdan-da, durmuşa geçirilýändiginiň

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 14-nji ýanwarda Lebap welaýatyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.

Türkmenistanyň sport abraýy barha artýar

Agyr atletikaçy türgenimiz Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda gazanan görkezijileri bellärliklidir. Ozal türgen gyzymyz itekläp götermekde kümüş medalyň we silterläp götermekde bürünç medalyň eýesi bolupdy. Ýaňy-ýakynda 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynyň netijelerine gaýtadan seretmegiň hem-de dopinge garşy toparyň talaplaryna laýyklykda, medallary gaýtadan paýlamagyň esasynda türgen gyzymyza altyn medalyň gowşurylýandygy barada hoş habar gelip gowuşdy. Mundan başga-da, türgenimiz itekläp götermekde 104 kilogram agram bilen we jemi 179 kilogram agram bilen ýaşlaryň arasynda dünýä rekordyny täzeledi. Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysynyň Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda bellenilişi ýaly, türkmen türgeniniň mynasyp bolan sylagy oňa şu ýyl geçiriljek agyr atletika boýunça halkara ýaryşyň barşynda gowşurylar. Şu hatda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda sportuň agyr atletika görnüşini hem-de, umuman, sporty ösdürmäge, Olimpiýa hereketini wagyz etmäge goşýan goşandy barada aýdylýar.

Parahatçylyk — bagtyň binýady

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2021-nji ýylyň şygarynyň şanyna bagyşlanyp geçirilen maslahat «Türkmenistan — hoşniýetliligiň, asudalygyň, ygrarlylygyň ýurdy» diýlip atlandyryldy. Maslahata Mejlisiň deputatlary, syýasy synçylar, döredijilik işgärleri hem-de ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň dowamynda döreden baý hem-de köpöwüşginli milli mirasyny toplamak, öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça uly işler alnyp barylýar.

Merdanalyk ýörelgesiniň dabaralanmagy

Welaýatymyzda Watan goragçylarynyň güni giňden bellenilip geçildi Watan goragçylarynyň güni mynasybetli, welaýatymyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan baýramçylyk dabaralary geçirildi. Dabaralaryň dowamynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu düzümleriň işiniň döwrebap derejesini üpjün etmekde durmuşa geçirilýän wezipeler, harby gullukçylaryň iş, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda edilýän tagallalar hakynda buýsançly hem täsirli söhbetler edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine

GOÝ, ÝAŇLANSYN PARAHATLYK AÝDYMY! (Publisistika)

Watana söýgüsi ömrüne siňen, Watan goragçysy, baýramyň bilen!

Ynsan kalbynda onuň ýaşyna kybap dürli-dürli duýgular düşläp geçse-de, Watana bolan söýgi ol kalpdan hergiz gitmeýär. Çünki şol söýginiň mukaddesligine düşünýän ynsan, öz durmuşyndaky her bir gymmatlygyň şol söýgüsiz manysyzdygyna düşünýär. Oňa her kimiň hem düşünmegi üçin bolsa, uzak oýlanyp oturasy iş ýok. Onuň üçin daş-töweregiňe göz aýlamak ýeterlik. Seni dünýä inderen mähriban ata-ene, seniň päk söýgi bilen guran maşgalaň, şol maşgalanyň bezegi eziz perzentleriň, yhlas siňdiren mukaddes öý-ojagyň, ýürekdeş dogan-garyndaş, goňşy-golam, dost-ýarlaryň ... bularyň ählisi-de gül Watanyň goýnunda ýerleşýär. Has takygy, durmuş Watan yşky bilen gaýnap-joşýar! Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda ata Watanymyzyň goranmak kuwwatyny berkitmek, halkymyzyň abadan hem asuda durmuşyny üpjün etmek babatda halk bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işler amala aşyrylýar. Biz munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiziň golaýda geçiren Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda ýerine ýetirilen işlere seljerme bermek bilen, häzirki wagtda olaryň öňünde durýan wajyp hem-de jogapkärli wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça geçirilmeli çäreleriň toplumyny kesgitlemeginden hem aýdyň göz ýetirýäris.

Watan — beýik mukaddeslik

Türkmeniň ýürek örki diňe öz Watanynda. Ykbalyny, ygraryny, alýan demini Watan bilen ölçeýär. Çünki türkmen watansöýüji milletdir. Bizi erkin ýaşadýan we bagtly edýän, ýaşaýyş umydyny alawlandyrýan, barha belentliklere ymtylmagymyza badalga berýän zat Watana bolan söýgimizdir. Watan söýgüsi her bir gözelligiň asyl manysyny duýmagymyza alyp gelýär. Çünki biziň süňňümizde bu topragyň ülüşleri bar. Biz şu toprak bilen bir göwre — Watandan aýry zadymyz ýok. Watan hakda söz açylanda Nuh pygamberden bäri ösüp-örňän pederlerimiz, dünýäniň dürli sebitlerinde döwlet guran ata-babalarymyz, ylymda, sungatda, medeniýetde uly yz galdyran alymlarymyz, görnükli taryhy şahslarymyz we türkmen diýen buýsançly hem-de şöhratly ada dahylly her bir zat hakydaňda aýlanýar. Ata-babalarymyz dünýä ýüzünde ýetmişden gowrak döwlet guranam bolsalar, ýedi yklyma ýaýylyp-ýaýranam bolsalar, olaryň ählisi üçin şol wagt hem ýekeje Watan bardy. Türkmeniň Watana bolan söýgüsi belentdir. Ata-babalarymyz öz perzentlerini belent watançylyk ruhunda terbiýeläpdirler. Şonuň üçin halkymyzyň ady taryhyň islendik döwründe-de dilden düşenok. Mertlik, merdanalyk, garadangaýtmazlyk, gözsüzbatyrlyk ýaly duýgular parasatlylyk, paýhaslylyk, ugurtapyjylyk ýaly häsiýetler bilen utgaşyp, hakyky tür