HABARLAR

Gutlaýarys sizi baýramňyz bilen!

Watan goragynda duran gerçekler,Gutlaýarys sizi baýramňyz bilen!Watan üçin şirin janyn berjekler,Gutlaýarys sizi baýramňyz bilen! Watançy borjuny mukaddes bilip,Kasam edýär: «Watan — janymdyr!» diýip.Biz hem tüýs ýürekden minnetdar bolup,Gutlaýarys sizi baýramňyz bilen!

Iň beýik serpaýdyr — Watan serpaýy!

Merdan HALLYGYLYJOW,podpolkownik: — Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna uly şatlyk-şowhun bilen taýýarlyk görýän günlerimizde baýramçylyklaryň goşa-goşadan gelmegi, ýagny Watan goragçylarynyň güni mynasybetli dabaralaryň ýaýbaňlandyrylmagy tutuş türkmen halkynyň, ylaýta-da, bu şanly senäniň sebäpkärleri bolan biz — Watan goragçylarynyň buýsanç duýgularyny has-da artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda ýurdumyz dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň, dostlukly gatnaşyklaryň, ynamly hyzmatdaşlyklaryň ilerleýän merkezine öwrüldi. Halkara derejesindäki şan-şöhraty we at-abraýy has-da ýokary derejelere göterilýän eziz Diýarymyz bu günki günde dünýäde ýaşamak üçin iň bir amatly we asuda döwletleriň biri bolup durýar. Bularyň ählisiniň sakasynda bolsa, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň öňe sürýän başlangyçlarydyr taýsyz tagallalary bar. Dünýä asudalygyny berkarar etmek bilen, ýurdumyzyň parahatçylygyny nazarlaýan milli Liderimiz biz — Watan goragçylarynyň öz mukaddes kärlerinde talabalaýyk zähmet çekmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Ajaýyp şertleriň döredilmegi hem-de asylly zähmetiň miwesi hökmünde uly hormata mynasyp bolmak harby gulluga bolan höwesiňi has-da artdyryp, täze üstünliklere

Baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap aldy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinde bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň ähli künjeginde giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyk mynasybetli dabaralar harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň gatnaşmaklarynda ir säher bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde hormatly Prezidentimiziň atasy, ussat mugallym, watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline, şeýle hem «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna ter gül desselerini goýmak dabarasyndan başlandy. Soňra Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň gatnaşmaklarynda Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan dabaraly ýygnak geçirildi. Ýygnagyň başynda hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna we işgärlerine ugradan Gutlagy okaldy.

Watan mukaddesdir

Golaýda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bagtyýarlyk medeniýet öýünde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Sylagymyzam, sarpamyzam Watandyr» ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Gypjak hem-de Bagtyýarlyk medeniýet öýleriniň bilelikde guramagynda geçirilen çärede eziz Diýarymyzyň asudalygyny üpjün edýän Watan goragçylarynyň merdanalygy dogrusynda giňişleýin çykyşlara orun berildi.

Şanly ýylyň batly gadamlary

Hawa, ýurdumyzda geçen 30 ýyla golaý wagtyň dowamynda örän köp özgerişlikler bolup geçdi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlary, obalary döwrebap derejede düýpli özgerdi. Ýyl-ýyldan bolsa täze ýetilýän sepgitler, gazanylýan netijeler, öňegidişlikler has-da artýar. Ynha, bu ýyl hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda öňde goýlan birnäçe maksatlar bar. Olara mysal hökmünde: ýurdumyzda sanly ulgamy kämilleşdirmek maksady bilen «Elektron hökümet» ulgamyny döretmek, şeýle hem bu maksat boýunça sanly bilim we sanly lukmançylyk ulgamyny kämilleşdirmek, şanly senä bagyşlanan ýurdumyzyň içinde we dürli halkara derejesindäki ýaryşlary geçirmek, ýurdumyz boýunça birnäçe täze desgalaryň açylyp ulanylmaga berilmegi, oba hojalyk önümlerini wagtynda ösdürip ýetişdirmek we başga-da birnäçe pudaklaýyn maksatnamalar. Geçirilmegi göz öňünde tutulýan halkara çäreleriniň hatarynda daşary döwletleriň estrada aýdymçylarynyň gatnaşmaklarynda meşhur türkmen aýdymyny ýerine ýetirmegiň ussatlygy boýunça halkara bäsleşigi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň baş dizaýnerleriniň arasynda bezeg işlerini yglan etmek meýilleşdirilýär. Maksatlaryň iň esasysy hökmünde, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaranyň täze açyljak Hökümet münberi

Watan goragy – mukaddes borç

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, harby we hukuk goraýjy edaralarynda, şeýle-de orta mekdepleriň ýokary synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň arasynda maslahatlar, wagyz-nesihat duşuşyklary, aýdym-sazly baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyryldy. Şeýle çäreleriň biri hem Babadaýhan etrabynyň 17-nji orta mekdebinde bilim alýan ýokary synp okuwçy oglanlaryň arasynda «Watan goragy — mukaddes borç» atly şygar astynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygydyr. Bu wagyz-nesihat duşuşygyna TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň, etrap harby wekilliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Uly ruhubelentlige beslenen wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler ýaşlarymyzyň watançylyk ruhunda terbiýelenmeklerini gazanmak maksady bilen, Watan goragynyň mukaddesligi, türkmen halkynyň geçmişde ençeme beýik-beýik döwletleri döredip, dünýä ýüzüne ýaň salan halkdygy barada giňişleýin söhbet etdiler. Şeýle-de duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly baştutanlygynda binýat edilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi, ýagty ertirlerimiziň daýanjy bolan ýaş nesillerimizi ahlak, watançylyk, ynsanperwerli

Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz

2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy mähriban halkymyzyň eziz Diýarymyza bolan buýsanjyna buýsanç goşdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy belleniljek ýylda ýurdumyz döretmegiň we gurmagyň ýoly bilen öňe gidip, bedew batly ösüşleriň has-da belent sepgitlerine eýe bolar. Özygtyýarlylyk, erkinlik, asudalyk, parahatçylyk ýaly jümleleriň ählisi hem «Garaşsyzlyk» diýen nurana sözden gözbaş alýar. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygy hem hut şol ýörelgelerden binýat bolandyr. Ata Watanymyzyň Garaşsyzlygyna merdana ata-babalarymyzyň abadan, parahat durmuşda ýaşamak baradaky arzuw-islegleri siňendir. Arzuwlar belent maksatlara öwrülende beýik işler amala aşýar hem-de dünýäni haýrana goýýar.

Milli demokratiýanyň täze ýalkymy

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan mukaddes ýörelgeleri netijesinde parahatçylyksöýüjilikli, döredijilikli ösüşler bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz her bir raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirip, jemgyýetiň asudalygyny hem-de agzybirligini üpjün etmäge, halk häkimiýetiniň we hukuk döwletiniň esaslaryny berkarar etmäge gönükdirilen demokratik ýoly saýlap aldy. Geçen ýylyň 25-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasy mejlise gatnaşyjylara hödürlenildi. Bu hukuk resminamasy Halk Maslahatynyň karary bilen biragyzdan makullanyldy we Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edildi. Döwlet Baştutanymyzyň iki palataly Parlament ulgamyna geçmek bilen bagly başlangyjy syýasy-hukuk özgertmeleriň täze tapgyryny alamatlandyryp, ýurdumyzyň syýasy we jemgyýetçilik ulgamynyň öňünde jogapkärli wezipeleri goýdy. Şunuň bilen baglylykda «Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda», şeýle hem «Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkm

Döwletliligiň egsilmez güýji

Şu ýyl biz hemişelik Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda milli Liderimiziň töweregine has-da jebisleşip, giňden we dabaraly ýagdaýda belläris. Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlyk güni mähriban halkymyz üçin aýratyn taryhy senedir. Bu senede berkarar Watanymyzyň şöhratly taryhy, üstünliklere beslenen häzirki güni hem-de beýik geljegi şöhlelenýär. Çünki şol gün halkymyzyň asyrlaryň dowamynda köňlünde besläp gelen erkin, özygtyýarly, Garaşsyz döwlet gurmak baradaky arzuw-maksatlary hasyl boldy.

Watansöýüjiligiň nusga alarlyk göreldesi

Ähli döwürlerde-de Watan goragy mukaddes we jogapkärli borç hasap edilipdir. Türkmen halkynyň taryhyny açyp görkezýän çeşmeler ene topragy duşmanlardan goramak, ilatyň parahat we asuda durmuşyny üpjün etmek üçin gerçekleriň janyny aýamandyklaryna şaýatlyk edýär. Halk gahrymanlaryny hiç wagt ýatdan çykarmaýar. Olaryň atlary ebedileşdirilýär, bitiren hyzmatlary adamlaryň ýadynda müdimi ýaşaýar, görkezen gaýduwsyzlyklary bu günki Watan goragçylary üçin görelde bolup hyzmat edýär. Ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepaly ýaşlar bu gün ýurdumyzyň goragynda berk durýarlar. Hormatly Prezidentimiz olaryň gulluk we durmuş şertlerini gowulandyrmak ugrunda hemişe aladalanýar. Milli goşunyň maddy-tehniki üpjünçiliginiň yzygiderli gowulandyrylmagy, Watan goragçylary üçin ähli amatlylyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr. Hut ýakynda hem Kerki serhet birikmesinde serhet galasynyň täze binasy we serhetçiler üçin ýaşaýyş jaý toplumy ulanylmaga tabşyryldy.