HABARLAR

Röwşen geljegiň binýady

Ýaş nesli ata Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemek, olary ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede, sanly bilim ulgamyndan ussatlyk bilen baş çykarýan, bilimli, terbiýeli, sagdyn bedenli hünärmenler edip ýetişdirmek döwrüň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Watany söýmek, goramak, onuň dünýädäki at-abraýyny ýokary götermek belent borçdur. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» ýaly ajaýyp eserlerinde hem Watanyň ezizligini kalbyňa siňdirip, oňa ak ýürekden gulluk etmegiň belent borçdugy beýan edilýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzda Watan goragçylary hakyndaky alada hemişe üns merkezinde saklanylýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 12-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde hem hormatly Belent Serkerdebaşymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine, döwrebaplaşdyrylmagyna, harby gullukçylaryň hünär derejeleriniň ýokarlandyrylmagyna, olaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmagyň, Watan goragçylarynyň söweşjeň taýýarlygynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň hem-de olara watançylyk terbiýesiniň berilmegini

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanda 2021-nji ýylda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýerine ýetirilmeli işleriň we çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine hem-de beýleki edaralara Meýilnamada göz öňünde tutulan işleriň we çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Arkadagly Aşgabady söýýäs biz!

Aşgabat! Bu nurana sözi aýdan dessine Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň islendik raýatynyň kalbynda buýsanç artýar. Biz «Aşgabat» diýenimizde, ak şäherimizi diňe bir ýurdumyzyň paýtagty hökmünde däl-de, Watanymyzyň ýüregi, ýurdumyzyň kuwwaty, halkymyzyň guwanjy hökmünde söýgüleýäris, ezizleýäris. Biz «Aşgabat» diýenimizde, Gahryman Arkadagymyzyň dana paýhasyndan bina bolan, abadançylygyň, rowaçlygyň, gülleýşiň, dost-doganlygyň mekanyna öwrülen ak şäherimizi uly buýsanç bilen mertebeleýäris, hormatlaýarys, söýýäris. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Aşgabat şäheri tanalmaz derejede özgerýär, ösýär, gülleýär. Bedew batly ýurdumyzyň beýik ösüşleriniň nyşanyna öwrülen Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň kämil binagärlik, şähergurluşyk maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Aşgabatda dünýä derejesindäki kaşaň myhmanhanalar, döwrebap, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, iri söwda-dynç alyş merkezleri, saglyk, anyklaýyş merkezleri, hassahanalar, sport toplumlary, medeni-durmuş maksatly binalar, nurana şaýollar... yzygiderli gurulýar. Bularyň ählisi halkyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagynyň, ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna amala aşyrylýar. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki döwürde göze

Diýarymyz — parahatçylygyň, ynanyşmagyň watany

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan halk bähbitli we umumadamzat ähmiýetli işler özüniň oňyn netijelerini berip, eziz Diýarymyz uly ösüşlere eýe bolýar. 2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda halkymyzyň abadan, bolelin durmuşyny nazarda tutýan beýik işleriň amala aşyrylmagy hem munuň şeýledigine aýdyň mysaldyr. Her ýylda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanylmaga berilýän ençeme durmuş-medeni desgalaryň bina edilmegi, täze iş orunlarynyň döredilmegi, kärhanalaryň öndürijilikli zähmet çekmäge gönükdirilýän işiniň döwrebap ýola goýulmagy, kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan yzygiderli goldawlaryň berilmegi raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak ugrundaky işleriň miweleridir. Gahryman Arkadagymyz diňe bir ýurdumyzda abadançylygy, parahatçylygy berkitmek ugrunda beýik işleri ýola goýmak bilen çäklenmän, eýsem, parahatçylygyň, dost-doganlyk ýörelgeleriniň dünýä ýüzünde dabaralanmagyny maksat edinýän başlangyçlary amala aşyrmakda hem dünýä nusgalyk işleri alyp barýar.

Ata Watanymyzyň rowaç menzilleri

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen giňişleýin mejlisinde Hökümetiň 2020-nji ýylda hem-de 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şonda dünýä ykdysadyýetindäki çökgünlige garamazdan, döwletimiziň geçen ýylda we häzirki wagtda durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň durnukly bolmagynda galýandygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde çykyş edip: «Milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galdyk. Jemi içerki önümiň ösüşi geçen ýyl 5,9 göterime, şol sanda senagat pudagynda 3,3, söwdada 15,1, ulag we aragatnaşyk pudagynda 4,7 göterime barabar boldy. Biz 12 müňe golaý täze iş ornuny döretdik. Puluň hümmetsizlenmegini bellenen çäklerde saklamak başartdy. Ata Watanymyzyň kuwwatyny we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň ýolunda täze ädimler ädildi» diýip belledi. Şeýle hem geçen aýda 2020-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda, bölek-satuw haryt dolanyşygynyň 17,8 göterim artandygyny nygtamalydyrys. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 10,4 göterim ýokarlandy.

Bedew batly ösüşler — röwşen geljegiň nury

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda ösüşleriň milli ýoluny kemala getirip, dünýäniň kuwwatly döwletleriniň hataryndaky ornuny has-da pugtalandyrýar. Geçen ýyl, ýagny, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda berkarar Diýarymyz hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny halkara hyzmatdaşlygynda, şeýle hem halk hojalygynyň dürli ulgamlarynda bitirilen beýik işler bilen uludan belläp geçdi. Üstümizdäki «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bolsa ýurdumyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk, şeýle hem gözel paýtagtymyz Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllyk toýuny uludan toýlar. Mähriban halkymyz uly toýlara beslenýän şanly ýylymyzyň ilkinji günlerini hem dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenme döreden, halkara durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan iri desgalaryň, ýagny, Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda teleköpri arkaly Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy ugry boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk hem-de üstaşyr akymlarynyň ulanylmaga berilmegi bilen garşylady.

Köňüller buýsanja beslenýär

Şan­ly ýyl şöh­rat ge­tir­ýär

2021-nji ýy­lyň «Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» diý­lip yg­lan edil­me­gi hal­ky­my­zyň gö­wün gu­şu­ny ga­nat­lan­dyr­dy. Bu şy­gar hal­ky­my­zyň hoş­ni­ýet­li­lik, dost-do­gan­lyk, bi­rek-bi­re­ge he­ma­ýat et­mek, ar­ka­laş­mak ýaly asylly ýö­rel­ge­le­ri­niň mynasyp dowam etdirilýändigini ýe­ne-de bir ge­zek aý­dyň­ly­gy bi­len açyp gör­kez­ýär. Ýur­du­myz Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na eýe­rip, Ýer ýü­zün­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, äh­lu­mu­my howp­syz­ly­gyň we dur­nuk­ly ösü­şiň üp­jün edil­me­gin­de mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. Üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň aja­ýyp şy­ga­ry bu mak­sat­la­ryň, asyl­ly iş­le­riň be­lent bin­ýa­dy­dyr. Pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak türk­men jem­gy­ýe­ti­niň ýa­şa­ýyş-dur­muş pel­se­pe­si­niň öze­ni­ni düz­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýol bi­len ber­kit­mek hal­ky­my­zyň Oguz han Türkmeniň za­ma­nyn­dan bä­ri yg­rar­ly ýö­rel­ge­si­dir. Şol ýö­rel­ge hä­zir­ki gün­de za­ma­na­bap maz­m

Bag­la­ra ide­g edil­ýär

Ha­lal iş­läp, ha­lal ba­ýa­mak döw­let­li­lik­den ny­şandyr. Ata-ba­ba­la­ry­myz «Çek­seň zäh­met — ýa­gar rähnet» di­ýip ýö­ne ýe­re aýt­man­dyr­lar. Şo­nuň üçin hem ga­dy­my Le­bap top­ra­gy­nyň ba­ba­daý­han­la­ry­nyň-da hä­zir­ki wagt­da äh­li üns-ala­da­la­ry, ba­şar­nyklary, tu­tan­ýer­li zäh­me­ti saçak­la­ry­my­zyň rys­gal-be­re­ke­di­ni art­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Gyş gün­le­ri bag­la­ra ideg et­mek olar­dan bol mi­we al­ma­gyň ala­da­sy­dyr. Bag­lar — bi­ziň dur­mu­şy­my­zyň aý­ryl­maz bir bö­le­gi. Ola­ra öz wag­tyn­da we göw­ne­jaý ideg edil­me­gi hem esa­sy ta­lap­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bu işe us­sat­lyk bi­len höt­de gel­ýän bag­ban­la­ryň bi­ri hem Ha­laç et­ra­by­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky daý­han bir­le­şi­gi­niň 3-nji kä­ren­de­çi­ler to­pa­ry­nyň bag­ba­ny An­na­gel­di Gal­ka­now­dyr. Bu kä­ren­de­çi­ler topa­ry­nyň ýol­baş­çy­sy Al­la­be­ren Abdy­we­li­ýew, baş ag­ro­no­my Mer­dan Ça­ry­ýew da­gy bag­ban An­na­gel­di aga­nyň ba­ga ber­ýän ide­gin­den ju­da ho­şal. An­na­gel­di Gal­ka­now hä­zir­ki wagt­da 1,6 gek­tar ýer­de ýer­leş­ýän ba­gy­na ideg ed­ýär.

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Kalby ylham-joşly ýyllar ak geljegiň buşlugynda,Gujagynda dostluk güller parahatlyk joşgunynda,Tarypynda saýrak diller, eneleriň şatlygynda,Milli Lider — dünýä ykrar, nura besleýär jahany,Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany. Egsilmez rysgal eçilýär mukaddes Watan ýerleri,Kalplara ýalkym saçylýar, ak ýolda bagtyň kerweni,Şöhratly menzil geçilýär, Arkadag — Watan Serweri, Ak bagtynda tämiz asman, Aşgabat — merjen şäheri, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.