HABARLAR

Derwaýys ulgamda döwrebap maksatlar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça döwrebap özgertmeler amala aşyrylyp, belent sepgitler gazanylýar. Sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ildeşlerimiz üçin sanly hyzmatlaryň täze görnüşleriniň hödürlenilmegine, düýpli programmalaýyn önümleri döretmek we goldamak ulgamynda ýaş hünärmenleriň sanynyň köpeldilmegine, maglumat howpsuzlygynyň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berlip, bu ugurda ýörite maksatnamalardyr konsepsiýalar kabul edilýär hem-de degişli ulgamyň kanunçylyk we maddy-tehniki binýady yzygiderli berkidilýär. 23-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Sanly ulgam merkezine baryp, bu ýerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy. Häzirki döwürde bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek möhüm meseleleriň hatarynda durýar.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow «Hukuk namalary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda Permana gol çekdi. Resminama bilen «Döwlet pajy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň 29-njy noýabrynda çykaran 1077-nji Permanyna goşmaça girizildi.* * *Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow «Hukuk namalary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-31-nji maddalaryna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir kadalaşdyryjy hukuk namalaryna şu Karara goşulýan sanawa laýyklykda üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hem-de olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakyndaky Karara gol çekdi.* * *Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Azat Toýlymyradowiç Joraýew Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.* * *Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Almaz Ýusupowiç Ballyýew Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň oba hojalyk tehnikalary we gurallary boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.* * *Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Batyr Geldymämmedowiç Orazmämmedow Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy go

Il bähbitli özgertmeler rowaçlanýar

Geçen duşenbe güni welaýat häkimliginde maslahat geçirildi. Oňa Türkmenabat şäheriniň we etraplaryň häkimleri, olaryň orunbasarlary, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibinde hormatly Prezidentimiziň 22-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda welaýatymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, oba hojalyk pudagynda möwsümleýin işleriň barşyna hem-de ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senelere mynasyp taýýarlyk görmek barada beren tabşyryklaryny günübirin durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Welaýatymyzyň häkimi Şöhrat Amangeldiýew maslahaty açyp, häzirki döwürde ýerlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýazky bag ekişligine taýýarlyk görlüşi, ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň berjaý edilişi, sebitde dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy we durmuş meselelerini çözmek boýunça kesgitlenilen wezipeler barada giňişleýin gürrüň etdi. Soňra häkim sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiziň ekerançylyk ýerlerini, traktorlary we beýleki tehnikalary ýaz ekişine öz wagtynda talabalaýyk taýýarlamagyň wajypdygyny nygtap, jogapkärli meýdan işleriniň geçirilýän wagty tehnikalaryň ygtybarly işle

Gadymy mekanda täze sepgitler

Ýurdumyzyň gündogarynda, Amyderýanyň çep kenarynda ýerleşip, gadymy galalary, taryhy ýadygärlikleri, kerwensaraýlary bilen meşhur bolan Kerki şäheri geçmişde Beýik Ýüpek ýolunyň kerwenlerine geçit beren möhüm ýerleriň biridir. Halkymyzda: «Owal akan ýerden akarmyş aryk» diýen parasatly pähim bar. Şäheriň Garaşsyzlyk ýyllary içindäki ösüş-özgerişleri bu gadymy toprakda gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap awtomobil we demir ýollary, köprüleri halk pähiminiň dogrudygyny doly tassyklaýar. Häzirki wagtda Kerki şäheri ulag ulgamynyň zerur düzümleri bilen diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, sebitiň möhüm çatrygyna öwrüldi. Watanymyzyň özygtyýarly ösüş ýoluna düşen otuz ýylynyň dowamynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň Kerki etrabynyň ýaşaýjylarynyň durmuşyna çaýan bagtyny bu toprakda bolup geçen taryhy wakalaryň, dabaralaryň, şanly seneleriň mysalynda näçe diýseň görmek bolýar. Megerem, olaryň arasynda iň begençlisi hem buýsançlysy sebitiň ykdysady ösüşinde, halkyň ýaşaýyş-durmuşynyň barha gowulandyrylmagynda möhüm ähmiýeti bolan ýollar bilen bagly wakalar bolsa gerek. Çünki deňiz, derýa, howa, polat we awtomobil ýollary halklaryňdyr ýurtlaryň arasynda dürli ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmekde örän ähmiýetlidir. Ýollar bizi arzyly menzillere, belent maksatlar

Hoşniýetli goňşuçylygyň täze öwüşginleri

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji günlerinde Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlarynyň gurluşygy tamamlanyp, olar ulanylmaga berildi. Bu gün ýurdumyzyň ösüşiň senagat-innowasion ýoluna ykjam düşendigini bütin dünýä görýär. Gurlan ýa-da durky täzelenilen, ýokary öndürijilikli innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan döwrebap önümçilikler sanly ykdysadyýete tarap ugur alan milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň artmagyna uly goşant goşýar. Geçen ýyllarda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümleriň öndürilmegini üpjün etmäge gönükdirilen hojalyk mehanizmi kemala getirildi. Biziň döwletimiz agrar ýurt bolanlygyndan ösen senagatly döwlete öwrüldi. Ýurdumyzda köp pudakly ykdysadyýet döredildi. Döwrebap senagat düzümleriniň kemala getirilmegi, zerur bolan önümleriň özümizde öndürilip başlanmagy dünýäde ýüze çykan käbir kynçylyklaryň milli ykdysadyýetimize ýetirýän täsirini gowşadýar. Bu bolsa diňe bir ýurdumyzyň içerki ösüşlerini üpjün etmän, eýsem, sebitde hem dünýä ähmiýetli tasla

Sag­dyn dur­mu­şa ýö­rel­ge

Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­lyk to­ýu­nyň bel­le­nil­jek ýy­lyn­da we­lot­rek bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de ge­çiril­megi Türk­me­nis­tan­da spor­tuň bu gör­nü­şi­ni ös­dür­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re ber­len ýo­ka­ry ba­ha­dyr. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň her ýy­lyň 3-nji iýu­ny­ny «Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni» di­ýip yg­lan et­me­gi bol­sa eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa we spor­tuň Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len gör­nü­şi­ni ös­dür­mek, se­bit­de hem-de dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­kit­mek, şeý­le hem türk­men spor­tu­nyň ab­ra­ýy­ny be­len­de gal­dyr­mak ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň dün­ýä de­re­je­sin­de gol­daw tap­ýan­dy­gy­nyň yk­rar­na­ma­sy­dyr. Yn­san sag­ly­gy hem-de eko­lo­gi­ýa aras­sa­ly­gy üçin peý­da­ly bo­lan we­lo­si­ped sür­mek­lik ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­nyň ara­syn­da giň­den dur­mu­şa or­naşdyryl­ýar. Biz hem beý­le­ki jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­k

Nurana eýýamymyzyň ajaýyplyklary bizi baky bagta eýe edýär

Eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýar. Şonuň esasynda hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy bilen kabul edilen döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň barşynda şäherlerimiziň we obalarymyzyň, tutuş ýurdumyzyň keşbi düýpli özgerýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda bu işleri has-da ýaýbaňlandyryp, durmuş-ykdysady we medeni görkezijileri babatda iň ýokary netijeleri gazanan etraplary we etrap hukukly şäherleri kesgitlemek maksady bilen, her ýyl bäsleşik yglan edilýär. Geçen ýylda yglan edilen şeýle bäsleşigiň jemleri boýunça Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etraby ýeňiji diýlip yglan edildi hem-de etrabyň häkimligi ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglanyldy. Her ýylda geçirilýän bu bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, ýeňiji durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek, däne, pagta we beýleki ekinleri ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmek, ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalary öz wagtynda ulanmaga bermek, ilaty iş bilen üpjün etmek, dynç alyş, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek bilen bagly görkezijiler boýunça kesgitlenilýär. Eziz Diýarymyzyň ähli welaýatlarydyr etraplarynda bolşy ýaly, mähriban Arkadagymyz S.A.Nyýazow adyndaky

Harby durmuş we sanly ulgam

Garaşsyzlyk — bagtymyzyň badalgasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň hözirini görüp ýaşaýan merdana halkymyz hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, eziz Watanymyzy gülletmekde ruhubelentlik bilen zähmet çekip, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Şundan ugur alyp, ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň uludan belleniljek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda, bu şanly senä bagyşlanan dabaraly çäreler yzygiderli geçirilýär. Ynha, şeýle çäreleriň biri-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby-lukmançylyk fakultetinde «Garaşsyzlyk — bagtymyzyň badalgasy, arzuwlarymyzyň adalgasy» atly dabaraly çäre guraldy. Oňa uniwersitetiň professor-mugallymlary, talyplary hem-de harby-lukmançylyk fakultetiniň harby talyplary gatnaşdylar. Dabaraly çäräniň maksatnamasyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan Watanymyzyň sebitde we dünýäde okgunly ösüşi üçin amala aşyrýan beýik işleri, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren milli ruhy we maddy gymmatlyklary, merdana halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan milli duýgulary we päk arzuw-islegleri beýan edildi. Çykyşlarda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň berkarar eden Garaşsyz Türkmenistanyň dünýäniň syýasy, du

Şanly ýylyň şanyna

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji aýlary serhetçileriň durmuşyna-da ýatdan çykmajak taryhy wakalary bagyş edýär. Şu günler Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümlerinde geçirilýän syýasy-medeni çäreleri serhetçileriň durmuşyny hasam bezeýär. «Ykrar tapýar Arkadagyň paýhasy, Parlaýar jahanda türkmen Baýdagy!» ady bilen guralýan wagyz-nesihat çäresi-de olaryň iň bir ähmiýetlileriniň biridir. Bu çäre serhet birikmelerinde, harby bölümlerde, serhet galalarynda giňden ýaýbaňlandyrylyp, oňa harby gullukçylar, degişli edara-guramalaryň wekilleri, şeýle hem il sylagly ýaşulularymyzdyr ak saçly mährem enelerimiz uly höwes bilen gatnaşýarlar. Şol çärelerde 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp şygar bilen garşy alynmagynyň taryhy ähmiýeti, şu şygaryň astynda ýylyň dowamynda amala aşyrylmagy maksat edinilýän çärelerdir durmuşa ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän döwletli işler barada giň mazmunly çykyşlar edildi. Bulardan başga-da, çykyşlarda wagyz-nesihat çäräniň adyndan ugur alnyp, döwlet Baştutanymyzyň çuňňur oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň halkara giňişliginde eýeleýän orny we onuň abraý-mertebesi, şo