Nurana eýýamymyzyň ajaýyplyklary bizi baky bagta eýe edýär

24 Fewral 2021
823

Eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýar. Şonuň esasynda hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy bilen kabul edilen döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň barşynda şäherlerimiziň we obalarymyzyň, tutuş ýurdumyzyň keşbi düýpli özgerýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda bu işleri has-da ýaýbaňlandyryp, durmuş-ykdysady we medeni görkezijileri babatda iň ýokary netijeleri gazanan etraplary we etrap hukukly şäherleri kesgitlemek maksady bilen, her ýyl bäsleşik yglan edilýär. Geçen ýylda yglan edilen şeýle bäsleşigiň jemleri boýunça Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etraby ýeňiji diýlip yglan edildi hem-de etrabyň häkimligi ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglanyldy.

Her ýylda geçirilýän bu bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, ýeňiji durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek, däne, pagta we beýleki ekinleri ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmek, ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalary öz wagtynda ulanmaga bermek, ilaty iş bilen üpjün etmek, dynç alyş, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek bilen bagly görkezijiler boýunça kesgitlenilýär. Eziz Diýarymyzyň ähli welaýatlarydyr etraplarynda bolşy ýaly, mähriban Arkadagymyz S.A.Nyýazow adyndaky etraby hem durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, etrabyň ilatynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berýär. Bu aladalar netijesinde, etrap ähli ugurlarda guwandyryjy üstünlikleri-de gazanýar.

«Esger».
Beýleki habarlar