Il bähbitli özgertmeler rowaçlanýar

24 Fewral 2021
729

Geçen duşenbe güni welaýat häkimliginde maslahat geçirildi. Oňa Türkmenabat şäheriniň we etraplaryň häkimleri, olaryň orunbasarlary, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibinde hormatly Prezidentimiziň 22-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda welaýatymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, oba hojalyk pudagynda möwsümleýin işleriň barşyna hem-de ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senelere mynasyp taýýarlyk görmek barada beren tabşyryklaryny günübirin durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meselelere seredildi.

Welaýatymyzyň häkimi Şöhrat Amangeldiýew maslahaty açyp, häzirki döwürde ýerlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýazky bag ekişligine taýýarlyk görlüşi, ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň berjaý edilişi, sebitde dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy we durmuş meselelerini çözmek boýunça kesgitlenilen wezipeler barada giňişleýin gürrüň etdi. Soňra häkim sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiziň ekerançylyk ýerlerini, traktorlary we beýleki tehnikalary ýaz ekişine öz wagtynda talabalaýyk taýýarlamagyň wajypdygyny nygtap, jogapkärli meýdan işleriniň geçirilýän wagty tehnikalaryň ygtybarly işledilmelidigi barada birnäçe görkezmeleri berendigini aýtdy.

Beýleki habarlar