HABARLAR

Ajap eýýamyň ak şäheri

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ata Watanymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny, şeýle hem paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny täze zähmet üstünlikleri, bitirilen beýik işler bilen mynasyp garşylamak üçin uludan taýýarlyk görülýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde merjen şäherimizde şähergurluşyk-binagärlik maksatnamalary esasynda köpsanly ýaşaýyş toplumlarynyň, jemgyýetçilik-medeni desgalarynyň gurluşyk işleri üstünlikli durmuşa geçirildi, döwrebap binalaryň ençemesi halkymyzyň hyzmatyna berildi. Paýtagtymyzyň nurana keşbini mundan beýläk hem kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler netijesinde Aşgabat bu gün dünýäniň iň ösen we ýaşamak üçin has amatly şäherleriniň hatarynda orun aldy. Golaýda milli Liderimiz Aşgabat şäher häkimligine baryp, paýtagtymyzy ösdürmegiň degişli inženerçilik we ýol-ulag düzümini, täze desgalaryň bezeg aýratynlyklaryny, olaryň ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylyşyny öz içine alýan täze taslamalar bilen tanyşdy. Olaryň arasynda paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyrynda «Altyn kölüň» kenarynda ýerleşjek döwrebap kottejler toplumynyň we beýleki ençeme taslamalaryň bolmagy aýratyn guwandyryjydyr. Häzirki döwürde ýurdum

Ene kalbynyň sesi

Halkara zenanlar güni ýurdumyzyň dürli künjeklerinde uly dabara beslenip bellenip geçildi. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda türkmen zenanlaryna uly hormat, sarpa goýulýar. Gelin-gyzlarymyzyň ýurdumyzyň dürli ugurlarynda zähmet çekip, Watanymyzyň ösüşli menzillerine mynasyp goşant goşmaklaryna ähli mümkinçilikler döredilýär.Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren zenanlara «Ene mähri» diýen hormatly atlaryň dakylmagy bilen bagly olaryň nyşanlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu dabaranyň döwlet derejesinde paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda geçirilmegi mähriban enelerimize goýulýan hormatdan nyşan bolup durýar. Biz hem «Ene mähri» diýen hormatly ada eýe bolan zenanlarymyzyň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Annagözel ÖWEZMYRADOWA,Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň ýaşaýjysy, «Ene mähri» diýen hormatly adyň eýesi:

Taryhy Karara gol çekildi

5-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen iki aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, içeri we daşary syýasatyň möhüm meselelerine garaldy. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada, şeýle hem oba hojalygynda özgertmeleriň geçirilişi, ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Mertebesi belent tutulýar

Etrek etrap bilim bölümi hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap geňeşi bilen bilelikde 7-nji çagalar bagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Maşgalanyň edebi — öý-ojagyň sarpasy» ady bilen wagyz-nesihat çäresini guradyk. Onda çykyş edenler eziz Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda zenanlara belent hormat-sarpa goýulýandygy, olara durmuşda ähli ýeňillikleriň döredilýändigi, nesil terbiýesinde zenanlaryň orny, olaryň ata Watanymyzyň ösüşlerine goşýan mynasyp goşandy barada buýsançly gürrüň etdiler. Çärä gatnaşyjylar zenanlaryň mertebesini belentde goýýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, halk bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Watan goragçylaryna sarpa

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy. Milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň hasabatlaryny diňläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty bilen baglylykda işlenip taýýarlanylandygyny we yzygiderli amala aşyrylýandygyny aýratyn belledi.

Saglyk ýörelgesi — durmuş kadasy

Sagdyn jemgyýet öz köküni sagdyn maşgaladan alyp gaýdýar. Şu ýörelgäni wagyz etmek maksady bilen Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň bilelikde guramaklarynda «Sagdyn maşgala ― sagdyn nesil» atly telebäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik uly ruhubelentlige beslenip, onuň esasy aýratynlygy 8 we şondan köp çagaly maşgalalaryň gatnaşmaklaryndan ybarat boldy. Olar sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşdylar. Bäsleşige gatnaşan her bir maşgala agzasy ezberligini, çalasynlygyny ähli ugurlarda işjeň ýagdaýda görkezdi. Ýaryş diýseň şowhunly, gyzykly boldy. Çünki oňa gatnaşan bäsdeşler sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýändiklerini, sport bilen yzygiderli meşgullanýandyklaryny görkezdiler. Çekeleşikli geçen ýaryşda Halaç etrabynyň Baý geňeşliginde ýaşaýan Agajan Söýegowdyr Almagül Tuýgunowanyň bagtyýar maşgalasy bäsdeşlerinden saýlanmagy başardy. Olar sportuň dürli görnüşlerinde öz ezberliklerini görkezmegi başardylar. Ýaryşyň ýeňijisi Agajan aga maşgalasynyň şatlykly pursatlaryny biziň bilen paýlaşdy:

Zeminiň zynaty

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda zenanlara uly sarpa goýlup, olaryň jemgyýetde mynasyp orna, bagtyýar durmuş eşretlerine eýe bolmaklary ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ata Watanymyzda giň gerimli işleri amala aşyrmakda, ösüp gelýän ýaş nesli milli däplerimize laýyk terbiýelemekde, maşgala mukaddesliklerimizi hem-de jemgyýetimiziň jebisligini berkitmekde zenanlarymyzyň ägirt uly paýy bar. Bu günki gün zenanlara özleriniň zehinini, başarjaňlygyny, bilimini islendik pudakda görkezmäge mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň zenanlara goýýan hormaty öz gözbaşyny has gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Enäniň keramatdygy, ony razy etmekligiň aňyrsynda Beýik Allany razy etmek hakyndaky düşünje ýatandyr. Muny «Ene razy — Hudaý razy, ata razy — pygamber razy» diýen halk pähiminiň mysalynda-da görmek bolýar. Türkmenlerde asyrlar aşyp, kämilleşip gelýän, ýokary ahlaklylyga, adamkärçilige, halallyga ýugrulan, durmuşyň synaglaryndan geçip, halk tarapyndan ykrar edilip, durmuşa ornaşdyrylan terbiýe mekdebiniň düýp özeninde enäniň orny uludyr. Türkmen zenany, türkmen enesi Watany goramaklygyň, maşgala ojagyna, ýan-ýoldaşyna wepalylygyň, görüm-göreldäniň, merdi-merdan

Gün deý nurana, gül deý görkana

Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde «Zemine görk berýär gelinler-gyzlar» diýen at bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onda çykyş edenler zenanlaryň mertebesini beýgeldýändigi we olaryň ýurdumyzyň ösüşlerine goşýan goşandyna ýokary baha berýändigi üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdyp, zenan mähriniň we söýgüsiniň gudraty barada giňişleýin gürrüň etdiler. Talyp gyzlaryň göwün nuruny siňdirip döreden el işlerinden guralan sergä tomaşa etmek dabara gatnaşyjylaryň her biriniň kalbynda gaýtalanmajak duýgulary oýardy. Sergide ene-mamalarymyzdan miras galan halyçylyk, dokmaçylyk, keşdeçilik, tikinçilik ýaly gadymy senetçiligiň mynasyp dowam etdirilýändigi giňden açylyp görkezildi. Mekdebiň giň däliziniň ugrunda guralan sergide ýurdumyzyň ösüşlerini wasp edýän nakgaşçylyk eserlerine hem giň orun berildi.

Önüm­çi­lik­de ze­nan eli­niň yzy

Aşgabat — bagtyş şäheri

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň paýtagty ak mermerli Aşgabat hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, tanalmaz derejede özgerdi. Aşgabat şäherini ösdürmegiň baş meýilnamasyna laýyklykda gurlan we gurulýan, dünýä ülňüleriniň talaplaryna doly gabat gelýän ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, edara-kärhanalaryň we medeni-durmuş ähmiýetli beýleki desgalaryň milli äheňi binagärlik-şähergurluşyk keşbiniň özgermeginde aýratyn ähmiýete eýedir.