Ajap eýýamyň ak şäheri

8 Mart 2021
809

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ata Watanymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny, şeýle hem paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny täze zähmet üstünlikleri, bitirilen beýik işler bilen mynasyp garşylamak üçin uludan taýýarlyk görülýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde merjen şäherimizde şähergurluşyk-binagärlik maksatnamalary esasynda köpsanly ýaşaýyş toplumlarynyň, jemgyýetçilik-medeni desgalarynyň gurluşyk işleri üstünlikli durmuşa geçirildi, döwrebap binalaryň ençemesi halkymyzyň hyzmatyna berildi. Paýtagtymyzyň nurana keşbini mundan beýläk hem kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler netijesinde Aşgabat bu gün dünýäniň iň ösen we ýaşamak üçin has amatly şäherleriniň hatarynda orun aldy.

Golaýda milli Liderimiz Aşgabat şäher häkimligine baryp, paýtagtymyzy ösdürmegiň degişli inženerçilik we ýol-ulag düzümini, täze desgalaryň bezeg aýratynlyklaryny, olaryň ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylyşyny öz içine alýan täze taslamalar bilen tanyşdy. Olaryň arasynda paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyrynda «Altyn kölüň» kenarynda ýerleşjek döwrebap kottejler toplumynyň we beýleki ençeme taslamalaryň bolmagy aýratyn guwandyryjydyr. Häzirki döwürde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde we paýtagtymyzda önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalar toplumynyň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Şolaryň ençemesini Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy, şeýle hem şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly ýagdaýda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Ulanylmaga beriljek döwrebap binalar ak şäherimiziň gözelliginiň aýrylmaz bölegine öwrülip, bagtyýar halkymyza ajaýyp baýramçylyk sowgady bolar.

Mähri MYRADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar