Zeminiň zynaty

5 Mart 2021
1073

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda zenanlara uly sarpa goýlup, olaryň jemgyýetde mynasyp orna, bagtyýar durmuş eşretlerine eýe bolmaklary ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ata Watanymyzda giň gerimli işleri amala aşyrmakda, ösüp gelýän ýaş nesli milli däplerimize laýyk terbiýelemekde, maşgala mukaddesliklerimizi hem-de jemgyýetimiziň jebisligini berkitmekde zenanlarymyzyň ägirt uly paýy bar. Bu günki gün zenanlara özleriniň zehinini, başarjaňlygyny, bilimini islendik pudakda görkezmäge mümkinçilikler döredilýär.

Türkmen halkynyň zenanlara goýýan hormaty öz gözbaşyny has gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Enäniň keramatdygy, ony razy etmekligiň aňyrsynda Beýik Allany razy etmek hakyndaky düşünje ýatandyr. Muny «Ene razy — Hudaý razy, ata razy — pygamber razy» diýen halk pähiminiň mysalynda-da görmek bolýar. Türkmenlerde asyrlar aşyp, kämilleşip gelýän, ýokary ahlaklylyga, adamkärçilige, halallyga ýugrulan, durmuşyň synaglaryndan geçip, halk tarapyndan ykrar edilip, durmuşa ornaşdyrylan terbiýe mekdebiniň düýp özeninde enäniň orny uludyr. Türkmen zenany, türkmen enesi Watany goramaklygyň, maşgala ojagyna, ýan-ýoldaşyna wepalylygyň, görüm-göreldäniň, merdi-merdanalygyň, zähmetsöýerligiň nusgalyk keşbini döredip bilen zenandyr.

Laçyn MURADOWA,
welaýat çagalar kitaphanasynyň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar