HABARLAR

«Aş­ga­bat» kö­pu­gur­ly sta­dio­ny baýramçylygyň bosagasynda

«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024 Türk­me­nis­tan dün­ýä nus­ga­lyk baş­lan­gyç­la­ry öňe sü­rüp, döw­let­li tu­tum­la­ra ba­dal­ga ber­ýän kuw­wat­ly döw­le­te öw­rül­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz her bir ra­ýa­tyň bag­ty­ýar­ly­gy­nyň, ag­zy­bir­li­gi­niň we pa­ra­hat dur­muş­da ýa­şa­ma­gyň ha­ty­ra­sy­na uly iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär.

Garaşsyzlyk — bagtymyz

«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024 2024-nji «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» şy­ga­ry bi­len at­lan­dy­ry­lan ýy­ly­myz­da her bir gü­nü­miz deň­siz-taý­syz üs­tün­lik­le­re bes­le­nýär. Bil­şi­miz ýa­ly, Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry­myz­da me­de­ni, sy­ýa­sy we yk­dy­sa­dy ösüş­le­ri­miz ýo­ka­ry de­re­je­le­re ýet­di. Döw­le­ti­miz hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň ösen döw­let­le­ri­niň ha­ta­ryn­dan my­na­syp or­nu­ny tap­dy. Ýur­du­myz­da oka­mak, ha­lal zäh­met çek­mek we asu­da dur­muş­da ýa­şa­mak üçin dö­re­di­lip ber­len şert­ler bol­sa Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýip bel­le­ýän şy­ga­ry­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny­dyr. Ylym­da we bi­lim­de san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy Wa­ta­ny­my­zyň be­ýik ösüş­li ýo­ly bi­len öňe bar­ýan­dy­gyn­dan ha­bar ber­ýär. Wa­ta­ny­my­zyň ösüş­le­ri buý­san­jy­my­zy go­şa­lan­dyr­ýar we ha­lal zäh­met çek­mä

Eşretli ýaşaýşyň höziri

Öňňin gözel paýtagtymyzyň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 4 sany 9 gatly, 54 öýli we 9 sany 9 gatly, 36 öýli täze ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de döwrebap seýilgähiň açylyş dabarasy boldy. Aşgabat şäher häkimliginiň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan joşgunly aýdym-sazlar dabara gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde täze ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzda halkymyzyň rowaçlygynyň möhüm ugry hökmünde häzirki zaman durmuş-ykdysady düzüminiň kemala getirilmegine uly üns berilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Biz hem jaý toýlaryny toýlaýan ildeşlerimiz bilen gürrüňdeş bolup, olaryň ýürek sözlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik. Georgiý GURTÖWEZOW,«Türkmensuwylymtaslama» institutynyň Gidrotehnika we suw ulanyş barlaghanasynyň müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty:

Döwletliniň ugran işi oň görner

Agzybir halkymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, röwşen geljege ynamly barýar Şu günler biz agzybir halk, jebis millet hökmünde beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň belent ruhunda ýaşaýarys. Garaşsyz ösüşiň pelle-pelle geçilen menzillerine, taryhy tapgyrlaryna ser salýarys. Milli döwletlilik, döwlet Baştutany, halkyň we Watanyň ykbalynyň bitewüligi barada çynlakaý oýlara berilýäris. Garaşsyz ösüşiň şindiki tapgyrynda döwletiň keşigini öz üstüne alan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda asylly ýoluň mynasyp dowam etdirilýändigi, baý tejribelere daýanyp, täze gözýetimleriň açylýandygy bolsa bizi has-da buýsandyrýar.

Gül Diýar toý ruhunda

Bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň ähli welaýatlary, «Aziýanyň merjeni» diýlip ykrar edilen ak mermerli paýtagtymyz hem-de sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäher — Arkadag şäheri şu günler uly toýlaryň ruhy joşgunyna beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy, şeýle-de ýakyn günlerde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýokary derejede taýýarlyk görlüp, zähmet üstünlikleri gazanylýar. Düýn bolsa Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar Aşgabada geldiler. Olar türkmeniň myhmansöýerlik däbine eýerilip, duz-çörek, aýdym-sazly çykyşlar bilen mähirli garşylandy.

Çar tarapdan, çyn ýürekden

Ýüreklerde alkyş, kalplarda buýsanç Ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy ähmiýetli işler Garaşsyz Watanymyza, beýik döwrümize buýsanjymyzy artdyryp, watançylyk ruhumyzy belende göterýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda, täze taryhy döwürde ähli ugurlar bilen birlikde, bilim ulgamynda-da tutumly işler durmuşa geçirilýär. Diňe şu şanly ýylyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumy, Diýarymyzyň sebitlerinde döwrebap mekdeplerdir çagalar baglarynyň birnäçesi açyldy. Şatlykly günde etrabymyzyň Bokurdak şäherçesinde gurlan 1 müň 200 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň toý ruhunda açylyp, ýaş nesillere, bilim işgärlerine sowgat edilmegi hem ýatdan çykmajak ýakymly waka öwrüldi. Bu gün täze mekdepde bilim alýan çagalaryň, zähmet çekýän mugallymlaryň şatlygyny görüp, göwnüň göterilýär.

Şanly senä toý sowgady

Ak mermerli paýtagtymyzy toplumlaýyn ösdürmek, ýurdumyzyň baş şäherinde ähli amatlyklar bilen üpjün edilen ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň ileri tutulýan ugrudyr. Baýramçylyklardyr şanly seneler mynasybetli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyp ulanmaga berilmegi bagtyýar zamanamyzda ajaýyp däbe öwrüldi. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 13 sany 9 gatly ýaşaýyş jaýynyň we seýilgähiň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi ildeşlerimiziň toý şatlygyny goşalandyrdy. Bu günki gün Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrülýär. «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda ýerli gurluşyk kärhanalary tarapyndan bina edilen döwrebap ýaşaýyş jaýlary hem paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. 9 gatly, her biri 54 we 36 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda hem-de enjamlaşdyrylyşynda, bezeg işlerinde döwrebap binagärlik çözgütleriniň peýdalanylyp, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň doly abadanlaşdyrylandygyny hem-de degişli ýol-ulag, inženerçilik-tehniki düzümleriň göz öňünde tutulandygyny bellemek gerek.

Döwletlilik ýolunyň dowamaty

XXI asyryň bosagasynda dünýä giňişliginde Türkmenistan döwletiniň döremegi bilen, Garaşsyzlyk merdana halkymyzyň alnynda bagtyýar geljegi gurmaga ýagty ýol açýan Gün bolup dogdy. «Garaşsyzlyk» atly gymmatlygyň özeninde ata-babalarymyzyň parahat durmuş baradaky arzuwlary, adalatlylyk, hoşniýetlilik ýaly ynsanperwer ýörelgeler jemlenýär. Garaşsyzlyk türkmen halkyna erkin ýaşamaga, halkara giňişliginde özbaşdak döwlet hökmünde çykyş etmäge ägirt uly şertleri döretdi. Garaşsyzlygyň baş maksady, ilkinji nobatda, onuň hukuk binýadynda şöhlelenýär. «Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynda (27.10.1991ý.) ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň belent maksatlaryň hatyrasyna adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynda we halkara hukugynyň beýleki kadalarynda göz öňünde tutulan hukuklary we azatlyklary üpjün etmegiň, demokratik jemgyýeti gurmagyň hatyrasyna jar edilýändigi bellenildi.

Baýramçylygyň bosagasynda

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Andalyp şäherinde etrabyň aragatnaşyk bölüminiň täze binasy açylyp ulanmaga berildi. Müşderileriň birbada 3000-den gowragynyň aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmagyna niýetlenen täze aragatnaşyk bölümi daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan öndürilen ýörite enjamlar bilen üpjün edildi. Täze bina «Daşoguztelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň gurluşyk-abatlaýyş bölüminiň işçi-hünärmenleri tarapyndan guruldy. Ol etrabyň şäher we oba ilatyny ýokary derejede aragatnaşyk hyzmaty bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Etrap aragatnaşyk bölüminiň döwrebap binasynda şäherara telefon aragatnaşygy, telefakslar, fakslar arkaly habarlary ýollamak nokatlary, abunaçylara gündelik neşirleri, žurnallary bökdençsiz paýlamaga we beýleki poçta hyzmatyny etmäge niýetlenen bölümler, internet kafesi we ýörite otaglar ýerleşýär.

Aşgabatda täze ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi

Aşgabat, 20-nji sentýabr (TDH). Şu gün ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 13 sany 9 gatly ýaşaýyş jaýy we seýilgäh dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Açylyş dabarasyna Aşgabat şäher we etrap halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular, köp sanly ýaşaýjylar hem-de myhmanlar gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy we döredijilikli zähmet çekmegi üçin şertleriň üpjün edilmegi bilen bagly meseleler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek boýunça başyny başlan şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmünde ykrar edildi.