HABARLAR

Berkararlygyň we bagtyýarlygyň baýramy

Binýady berkden gurlan eziz Watanymyzyň milli Garaşsyzlygy türkmen halkyny baky bagta eýe etdi. Şonuň üçin halkymyz şanly Garaşsyzlyk baýramyna berkararlygyň we bagtyýarlygyň mukaddes baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýýar. 1991-nji ýylyň güýzünde Türkmenistan döwletimiziň taryhynda täze sahypa açylyp, ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden arzuw-umytlary hasyl boldy. Şol taryhy senäniň saýasynda, dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dürdäne goşgy setirlerinde arzuwlanan ajap eýýamyň hözirini görüp ýaşaýarys. Garaşsyz, özbaşdak döwletli bolmak bagty halkymyzyň ykbalyndan ak gün bolup dogdy. Eziz Watanymyzyň deňsiz-taýsyz ösüşlere, belent sepgitlere ýetip, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşulmagy Garaşsyzlygyň beren ajaýyp miwesidir. Bu gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümiziň her güni-aýy Garaşsyzlyk senenamasyna altyn harplar bilen ýazylýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri asyrlardan gözbaş alyp, geljege uzaýan, agzybirligimize we jebisligimize daýanyp, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işlerimiz bilen şöhratlanýan döwürdir. Bu gün beýik maksatly ýollardan barýan ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly t

Garaşsyzlygyň altyn ýoly

Türkmen halky döwlet Garaşsyzlygyny mukaddes gymmatlyk, nesilleriň bagtyýar geljeginiň binýatlaýyn esasy hökmünde kabul edip, milli ösüş ýolunda gazanylan gymmatlyklara mynasyp goşant goşmak üçin yhlas edýär. Hormatly Prezidentimiziň oňyn başlangyçlary üstünlikli amala aşyrylyp, Garaşsyz Watanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her ýyly syýasy, ykdysady, medeni galkynyşyň, parahatçylygyň, ösuşleriň şöhratly ýolunda belentlikleriň täze sepgitlerine eýe bolýar. Bu gün milli ykdysadyýetde, jemgyýetçilik durmuşynyň hemme ugrunda düýpli özgertmeler geçirilýär, durmuş-ykdysady ösüş üstünlikli üpjün edilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, Garaşsyz Watanymyzyň köpugurly ösüşleri ruhy gymmatlyklar bilen sazlaşykly ösdürilýär. Garaşsyzlygyň ýaş nesilleriň ykbalyndaky gymmaty has-da üýtgeşikdir, ýaşlaryň durmuşy, ösüş mümkinçilikleri döwletde döredilýän durmuş-ykdysady, syýasy şertlere baglydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen jemgyýetiniň taryhy ösüşleriniň gymmatlygyna uly hormat goýýan, öz mümkinçiliklerini ösdürip, zähmeti bilen milli gymmatlyklara goşant goşmak arzuwynda joşýan, gurýan, döredýän täze nesil kemala gelýär. Türkmen halky ata-babalaryň azat, özbaşdak döwlet baradaky arzuw-hyýallar

Mukaddes Garaşsyzlygyň belent ruhy

Eziz Watanymyzyň dünýädäki at-abraýynyň, şan-şöhratynyň arşa galýan zamanasynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary bilen amala aşyrylýan bimöçber işler halkymyzyň eşretli durmuşynyň binýadyny berkidýär. Mukaddes Garaşsyzlyga we hemişelik Bitaraplyga eýe bolan ata Watanymyz Türkmenistan dünýäde parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine we halkara hukuk kadalaryna ygrarly ýurt hökmünde giňden tanalyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda özüniň şanly Garaşsyzlyk baýramçylygynyň 33 ýyllyk toýuny uludan toýlaýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň özbaşdak döwlet, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuw-umytlary döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen doly hasyl boldy. Ähli türkmen halky bu ajaýyp baýramçylyga uly ruhubelentlik bilen barýar. Toýlary toýlara, baýramlary baýramlara beslenip gelýän halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlyk toýy agzybirlik bilen giňden bellenilýär. Baýramçylyk günlerinde ýokary derejede guralýan göwün göteriji dürli medeni çäreler halkymyzyň döwletliliginden we il agzybirliginden nyşandyr. Ýurdumyzda her ýylda ýokary zähmet üstünlikleri bilen garşy aly

Baky bagtyň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüşi has-da belent derejelere eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ykdysadyýetde, medeniýetde, ylym-bilimde, gurluşykda, umuman, ähli ugurlarda uly ösüşler gazanylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy bellenilýär we bu şanly toýa uly sowgatly barylýar. Uly üstünliklere beslenýän şu günlerimizde hoş habarlar kalbymyzy heýjana getirýär. Şanly baýramçylyga sowgatly barmagy adat edinen ildeşlerimiz döredijilikli zähmet çekip, beýik ösüşlerimize öz goşantlaryny goşýarlar. Şeýle bolansoň, şanly Garaşsyzlygymyzyň şöhraty äleme dolýar. Hormatly Prezidentimiziň il-halky baradaky aladalary netijesinde ýurdumyzyň ösüşi has-da rowaçlanýar. Gurulýan beýik binalary, ulanylmaga berilýän täze ýaşaýyş jaýlaryny bu günki günde Watanymyzyň ähli künjeginde görmek bolýar. Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze bilim ojaklarynyň açylyş dabaralary boldy. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşiniň, ykdysadyýetimiziň kuwwatlydygynyň alamatydyr. Şeýle hem ykdysadyýetimiziň ösüşiniň halkymyzyň abadan durmuşyna, asudalygyna, bagtyýarlygyna gönükdirilendigini buýsanç bilen belläsim

Halkymyzyň milli buýsanjy

Rowaçlygyň ýoly

Ösüşiň röwşen ýoly bilen abadançylygyň we rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda asyrlara barabar ýoly geçdi. Garaşsyzlyk döretmäge kuwwat, gurmaga güýç, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýär. Şoňa görä-de, mähriban halkymyz Garaşsyzlyk gününe bagtyýarlygyň, berkararlygyň beýik baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýýar. Garaşsyzlyk ýurdumyzy taryhy özgerişlere besledi, parahatçylyk söýüji, agzybir halkymyzy ajaýyp döwre, bagtyýar durmuşa ýetirdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen parahatçylygyň, dostlugyň, ruhubelentligiň, sportuň hem-de sagdynlygyň ýurdy hökmünde Watanymyzyň dünýä ýaň salýan beýik şan-şöhratynyň, halkara abraýynyň yzygiderli artýandygyna şaýatlyk edýän taryhy wakalar halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz döwletimiziň ösüşiniň häzirki döwründe ata Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna tutumly işleri durmuşa geçirýär, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynyň durnukly ösmegine aýratyn ähmiýet berýär, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlar

Garaşsyzlyk — alnymyzyň ak bagty

Taryhda şöhratly yz goýan Garaşsyzlyk döwri 33 ýyly arka atdy. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň batly depginler bilen ösdürilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren döwlet syýasatynyň üstünlikleri we ony ynamly dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň deňsiz-taýsyz tagallalary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Olar Garaşsyz Watanymyzy berkararlyk kuwwatyna eýe edip, ata-babalarymyzyň dünýä taryhynda yz goýan şan-şöhratyna täzeden güýç berdi, janlandyrdy we agzybir halkymyza milli ruhuň küýsegi bolan eşretli durmuşy peşgeş etdi. Garaşsyz Türkmenistan Watanymyz bolsa, parahatçylykly ösüşleri, halkara abadançylygyny we özara ynanyşmakdyr ylalaşygy kepillendirip, dünýä ýüzünde dost-doganlyk ýollaryny gurdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýy toýlanýan üstümizdäki ýylda ýurdumyz ähli ugurlarda, şol sanda, ruhy-medeni ulgamda hem ýokary ösüşleri gazandy. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi we bu mynasybetli hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny giň okyjylar köpçüligine hödürlemegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzdaky ajaýyp sowgatlaryň biri boldy. Mukaddes Garaşsyzlyk merdana nesillerimiziň mil

El hünäri il gezer

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Saýat şäherindäki «Balsaýat» toý mekanynda etrap häkimliginiň, şeýle-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Saýat etrap birleşmesiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda el işlerini sünnäläp ýerine ýetirýän gelin-gyzlarymyzyň, kümüş saçly enelerimiziň gatnaşmaklarynda üme çäresi geçirildi. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde bu gadymy senet barha ösüşlere eýe bolýar. Bu çäre çeper el işlerini ýerine ýetirmekde kämilleşmek isleýän gelin-gyzlar üçin has peýdaly boldy. Olar gyzykly çäräniň dowamynda tejribeli zenanlardan el işleriniň gadymy we täze nusgalaryny öwrendiler. Uly durmuş tejribesine eýe bolan ene-mamalarymyz milli gymmatlyklarymyzyň aýratynlyklary, olar baradaky gyzykly rowaýatlary aýdyp berdiler. Çärä gatnaşyjylar milli mirasymyzy dikeltmek we dünýä ýaýmak ugrunda ýadawsyz aladalanýandygy hem-de döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyklaryny beýan etdiler.

Garaşsyzlyk — diller senasy

Garaşsyzlyk bu berkarar Diýarymyzyň özygtyýarlylygyny we bitewüligini şöhratlandyrýan mukaddeslikdir. Bagtyýar halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen Watanymyzyň beýik geljeginiň hatyrasyna gurýar we döredýär. Mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny  zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Häzirki wagtda Milli Liderimiziň we döwlet Baştutanymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen türkmen halky Garaşsyzlygyň gazananlaryna buýsanyp gurýar, döredýär, beýik tutumlara goşant goşýar. Geçen gysga taryhy döwrüň içinde Watanymyzyň ýeten derejesine, içeri we daşary syýasatda gazanylan üstünliklere nazar aýlanyňda, kalbyň has-da joşa gelip, göwün guşuň ganatlanýar. Ýurdumyzyň ähli künjegindäki täze, döwrebap obalar, şäherçeler, innowasion tehnologiýaly iri zawoddyr fabrikler, durmuş-medeni maksatly döwrebap binalar, bilim-terbiýe ojaklary, lukmançylyk merkezleri, saglyk, medeniýet öýleri hem-de beýlekiler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren miweleridir.        

Aýdym-sazly dabara

Watan Garaşsyzlyk toýuna barýar Golaýda Ýolöten etrap häkimliginiň,etrap medeniýet öýüniň, etrap jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrapdaky «Ajaýyp agşam» toý mekanynda ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli «Watan Garaşsyzlyk toýuna barýar» ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabara etrap häkimliginiň jogapkär işgärleri, etrap jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, bilim we saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.