Rowaçlygyň ýoly

24 Sentýabr 2024
509

Ösüşiň röwşen ýoly bilen abadançylygyň we rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda asyrlara barabar ýoly geçdi. Garaşsyzlyk döretmäge kuwwat, gurmaga güýç, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýär. Şoňa görä-de, mähriban halkymyz Garaşsyzlyk gününe bagtyýarlygyň, berkararlygyň beýik baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýýar. Garaşsyzlyk ýurdumyzy taryhy özgerişlere besledi, parahatçylyk söýüji, agzybir halkymyzy ajaýyp döwre, bagtyýar durmuşa ýetirdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen parahatçylygyň, dostlugyň, ruhubelentligiň, sportuň hem-de sagdynlygyň ýurdy hökmünde Watanymyzyň dünýä ýaň salýan beýik şan-şöhratynyň, halkara abraýynyň yzygiderli artýandygyna şaýatlyk edýän taryhy wakalar halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz döwletimiziň ösüşiniň häzirki döwründe ata Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna tutumly işleri durmuşa geçirýär, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynyň durnukly ösmegine aýratyn ähmiýet berýär, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrýar.

Dursunjemal PALTAÝEWA,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.