Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Saýat şäherindäki «Balsaýat» toý mekanynda etrap häkimliginiň, şeýle-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Saýat etrap birleşmesiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda el işlerini sünnäläp ýerine ýetirýän gelin-gyzlarymyzyň, kümüş saçly enelerimiziň gatnaşmaklarynda üme çäresi geçirildi.
Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde bu gadymy senet barha ösüşlere eýe bolýar. Bu çäre çeper el işlerini ýerine ýetirmekde kämilleşmek isleýän gelin-gyzlar üçin has peýdaly boldy. Olar gyzykly çäräniň dowamynda tejribeli zenanlardan el işleriniň gadymy we täze nusgalaryny öwrendiler. Uly durmuş tejribesine eýe bolan ene-mamalarymyz milli gymmatlyklarymyzyň aýratynlyklary, olar baradaky gyzykly rowaýatlary aýdyp berdiler. Çärä gatnaşyjylar milli mirasymyzy dikeltmek we dünýä ýaýmak ugrunda ýadawsyz aladalanýandygy hem-de döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyklaryny beýan etdiler.