HABARLAR

Türkmenistanyň täze raýatlaryna pasportlar gowşuryldy

Aşgabat, 25-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna gabatlanyp geçirilen bu çäre ýurdumyzyň halkara ynsanperwerlik hukugynyň ýörelgelerine berk ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň mysaly boldy. Döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan hem-de 29 milletiň wekili bolup durýan 1 müň 146 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 6 döwletiň raýatlary we 15 milletiň wekilleri bolup durýan 134 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar berildi. Döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekip, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýermek bilen, ýurdumyzda bu ugurda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.

Dost-doganlygyň nyşany

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy Iwan Kuzmine Türkmenistanyň iň ýokary döwlet sylagy — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent at dakyldy. Munuň özi alymyň ýurdumyzyň oba hojalygyny ulgamlaýyn hem-de ylmy esasda ösdürmäge, däne we galla ekinleriniň tohumçylygyny, seçgiçiligini önümçilige ornaşdyrmaga goşan uly şahsy goşandyna, şeýle hem ýokary hünär ussatlygyna, uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly, tutanýerli zähmetine berlen ýokary bahadyr. Gahryman Arkadagymyz bütin ömrüni oba hojalyk pudagynyň, tohumçylykda seçgiçilik işiniň ösdürilmegine bagyşlan akademik bilen duşuşyp, oňa Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ylmy esasda ösdürmek ugrundaky ýadawsyz tagallalary üçin minnetdarlyk bildirdi. Şular dogrusynda söhbetdeş bolanymyzda, Iwan Iwanowiç şeýle gürrüň berdi: — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisi türkmen halkynyň agzybirliginiň, jebisliginiň, bir maksada gulluk edýändiginiň aýdyň beýany boldy. 24-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri bilen geçirilen duşuşyk mende ýakymly täsirleri galdyrdy. Gahryman Arkadagyň ähli ugurlar bilen bir h

«Watana söýgiňiz — belent bagtyňyz»

Gahryman Arkadagymyzyň ylhamly dünýäsinden syzylyp çykan bu setir okyjylara tanyşdyr. Şahyr ýürekli Milli Liderimiz içinde şu setir hem bolan täze şygryny şu ýylyň tomsunda Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi Jemal Saparowa bagyşlapdy. Öňňin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde bolsa türkmen aýdym-saz sungatynyň görnükli wekiline ýurdumyzyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesi — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent at dakyldy. Türkmeniň zenan bagşysyny ýyllaryň dowamynda Türkiýe, Italiýa, Özbegistan, Belarus Respublikasy, Ispaniýa, Malta, Fransiýa, Russiýa Federasiýasy, Belgiýa, ABŞ, Şwesiýa, Şweýsariýa, Ýaponiýa, Hytaý, Nepal, Hindistan, Pakistan... diňledi. Jemal Saparowa haýsy ýurtda çykyş etse-de, belent owazly sesi we milliligimizi jandan söýşi bilen, diňe bir sungatymyzyň däl, halkymyzyň milli mirasynyň hem ýüzüne öwrüldi. Ussat her bir çykyşynda agramy birnäçe kilograma ýetýän şaý-seplere çümen milli lybaslara beslenip sahna çykmagy kyn görmedi, gaýtam muny mertebe bildi. Şeýdibem, türkmen zenany diýlende, dürli ýurtlaryň halklarynyň aňynda ilkinjileriň hatarynda Jemal Saparowa janlanar derejede hyzmat bitirdi.

«Ynamy ödemek — parz»

Her kime bir üşük, ukyp-başarnyk berilýär. Ony zehin bilen eýläp, kämil derejä ýetirmek, ykbala öwürmek bolsa, esasan, adamyň özüne bagly. Elbetde, munuň üçin är ömrüni, irginsiz zähmetiňi, çirim edilmedik ukusyz gijeleriňi, iň esasysy-da, egsilmeýän söýgiňi sarp etmeli. Galanymy? Galany durmuşyň öwrümli hem synagly ýollarynda öz-özünden bolýar gidiberýär. Şonuň bilen bir hatarda, halal zähmetiň sarpasyny tutýan döwür hem zerur. Bu hakykat Türkmenistanyň halk suratkeşi, Hormatly il ýaşulusy, ençeme orden-medallaryň eýesi Saragt Babaýewiň zähmet ýolunyň mysalynda-da äşgär ýüze çykdy. Ukusyz geçirilen gijeler, gara dere eýlenen ýadawsyz zähmet, ykbala öwrülen çirksiz zehin, döwletimiz, Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan şeýle janypkeşlige berlen ýokary baha bu gün Saragt agany Türkmenistanyň Gahrymanyna öwürdi. Biz şatlykly günde halypa heýkeltaraşa käbir sowallar bilen ýüzlenmegi makul bildik. — Saragt aga, ilki bilen, Sizi ýokary sylagyňyz — belent adyňyz bilen gutlaýarys! Bu şatlykly waka «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna gabat geldi. Siziň döredijiligiňizde Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy uly orun eýeleýär...

Ýaşululara sarpa — paýhasa hormat

Nyýazsoltan ARTYKOWA, Arkadag şäheriniň ýaşaýjysy, «Zenan kalby» ordeniniň eýesi: — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirdi. Bu taryhy günde hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda, maňa-da «Zenan kalby» ordeniniň gowşurylmagy buýsançly başymy göge ýetirdi. Munuň üçin alkyş-hoşallygymyň çägi ýok. Ýokary döwlet sylagy ýurdumyzyň ähli zenanlaryna, mähriban enelere goýulýan hormat-sarpanyň nyşanydyr.

Garaşsyzlyk

Pederleriň arzuwy wysalyna gowşandyr,Halkyň alnyndan dogan ak Güni Garaşsyzlyk!Şanyna gazal-dessan, ajap şygyr joşandyr,Arkadagly zamanaň ak ýoly Garaşsyzlyk! Şanyňa toýlar tutýar bu gün ulus-ilimiz,Bagtyýarlyk, agzybirlik biziň saýlan ýolumyz,Pyraga sarpa goýup, galkyndy ykbalymyz,Berkarar döwletimiň ykbaly Garaşsyzlyk!

Erkinlik we jebislik taglymaty

Güneşli Diýarymyza her ýyl tylla güýz gelende, ýurdumyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda bagtyýar halkymyzyň kalby ruhubelentlik, milli buýsanç duýgularyna beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň halkymyzyň ýüreginde Watana bolan söýgi, onuň güýç-kuwwatyna we geljegine bolan ynam, gurmaga, döretmäge bolan höwes, depginli ösüşini üpjün etmek islegi pugta orun aldy. Biz beýik işlerimizi Watanymyza bolan söýgimiz bilen amala aşyrýarys. Gaýratly zähmetimiz bilen Watanymyzyň beýikligini has-da şöhratlandyrýarys» diýen sözlerinde bu beýik hakykat has äşgär görünýär. Elbetde, Garaşsyzlygymyzyň 33 ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň ähli ugurlarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler asyrlara barabarlygy bilen ähmiýetlidir. Ýurdumyzyň bu döwür içinde ägirt uly taryhy galkynyşy başdan geçirendigi hem bu günki gün äleme äşgär. Garaşsyzlygyň röwşen şuglasynyň halkymyzyň aňyýetini, ruhyýetini özgertmekdäki ähmiýeti has uludyr. Halkyň jemgyýetçilik aňynda taryhy-ruhy jebisligiň, milli mertebäniň binýadyny berkitmek ýaly gymmatlyklar örboýuna galdy. Garaşsyzlyk — bu diňe bir ýurduň syýasy-ykdysady taýdan erkinligini aňladýan çäkli düşünje däl-de, eýsem, ol raýatlaryň bir bitewi millet, halk bolup kemala gelmegini hem şertlen

Rowaçlygyň mekany

Garaşsyz, özygtyýarly berkarar döwlet gurmak baradaky arzuwlary halkymyz ýüzýyllyklaryň dowamynda kalbynda ezizläp saklapdyr, ýagty ertirleri arzuw edipdir. Oňa şöhratly taryhymyza ser salanyňda hem aýdyň göz ýetirýärsiň. Garaşsyz, özygtyýarly bolup ýaşamagyň gadyryny oňat bilýän halkymyzyň ata-babalardan gelýän asylly däpleri bar. Agzybir ýaşamak, dost-doganlygy berkitmek, ata-enäni arzylamak, myhmany sarpalamak, halal zähmet çekmek ýaly asylly häsiýetler halkymyzyň döwletlilik ýörelgelerinden, milli ruhyýetinden gözbaş alýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýylynyň içinde ýurdumyzda amala aşyrylan işler, durmuşa geçirilýän belent tutumlar buýsançly göwnüňi has-da joşdurýar, yhlasly zähmet çekmäge, Diýarymyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşandyňy goşmaga ruhlandyrýar. Gurulýan ýollar, bina edilýän ymaratlar, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler halkymyzyň geljekde-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin edilýän uly aladalardyr. Bularyň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilýän miweleridir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde beýan edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň we 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetli aýratynlyklaryndan, bu babatda kesgitlenen wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň halkara syýasy giňişligiň ygtybarly agzasy hökmünde açyk, parahatçylyk söýüji, oňyn we aýdyň daşary syýasaty alyp barýandygyny, sebitleýin hem-de halkara derejede netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde dünýäde uly orun eýeleýändigini, özüniň Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolmak arkaly halkara gatnaşyklaryň parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýandygyny, Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk medeniýeti hakyndaky Jarnamasynyň we hereketleriň Maksatnamasynyň wajyplygyny nazara alyp, Ýer ýüzüniň köp sanly döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen dostlukly, birek-birege ynanyşmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary saklaýandygyny göz öňünde tutup, şeýle hem döwletimiziň başlangyjy bilen Birleşe

Joşgunly ýürekleriň kelamy

Aýna SEÝITKULYÝEWA,Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy, «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly adyň eýesi: — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly meniň we maşgalamyň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara baý ýyl boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33  ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda men «Türkmenistanyň at gazanan artisti» ady bilen sylaglandym. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ulgamlary ösdürmek, ýokary taýýarlykly hünärmenleri ýetişdirmek ugrunda amala aşyrylýan beýik işler ähli halkymyzy guwandyrýar. Bize okamaga, öwrenmäge, hünärimizi kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!