Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy Iwan Kuzmine Türkmenistanyň iň ýokary döwlet sylagy — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent at dakyldy. Munuň özi alymyň ýurdumyzyň oba hojalygyny ulgamlaýyn hem-de ylmy esasda ösdürmäge, däne we galla ekinleriniň tohumçylygyny, seçgiçiligini önümçilige ornaşdyrmaga goşan uly şahsy goşandyna, şeýle hem ýokary hünär ussatlygyna, uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly, tutanýerli zähmetine berlen ýokary bahadyr. Gahryman Arkadagymyz bütin ömrüni oba hojalyk pudagynyň, tohumçylykda seçgiçilik işiniň ösdürilmegine bagyşlan akademik bilen duşuşyp, oňa Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ylmy esasda ösdürmek ugrundaky ýadawsyz tagallalary üçin minnetdarlyk bildirdi. Şular dogrusynda söhbetdeş bolanymyzda, Iwan Iwanowiç şeýle gürrüň berdi:
— Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisi türkmen halkynyň agzybirliginiň, jebisliginiň, bir maksada gulluk edýändiginiň aýdyň beýany boldy. 24-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri bilen geçirilen duşuşyk mende ýakymly täsirleri galdyrdy. Gahryman Arkadagyň ähli ugurlar bilen bir hatarda, oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça hem giň dünýägaraýşynyň bardygyny, döwletiň Baştutanynyň peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýändigini aýratyn nygtamak isleýärin.