Aşgabat, 25-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna gabatlanyp geçirilen bu çäre ýurdumyzyň halkara ynsanperwerlik hukugynyň ýörelgelerine berk ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň mysaly boldy.
Döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan hem-de 29 milletiň wekili bolup durýan 1 müň 146 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 6 döwletiň raýatlary we 15 milletiň wekilleri bolup durýan 134 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar berildi. Döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekip, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýermek bilen, ýurdumyzda bu ugurda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.