HABARLAR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň Astanadaky ýadygärliginiň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

(2024-nji ýylyň 4-nji iýuly) Hormatly Maulen Sagathanuly!Hormatly dabara gatnaşyjylar!Hanymlar we jenaplar!

«Mil­li bi­le­le­şik» öň­de bar­ýar

30-njy iýun­da Fran­si­ýa­da no­bat­dan da­şa­ry par­la­ment saý­law­la­ry­nyň bi­rin­ji tap­gy­ry ge­çi­ril­di. Saý­law­lar­da Ma­rin Le Pe­niň we Žor­da­n Bar­del­la­nyň «Mil­li bi­le­le­şik» par­ti­ýa­sy 33 gö­te­rim­den gow­rak ses alyp, bi­rin­ji tap­gyr­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Ikin­ji or­ny 28 gö­te­rim­den gow­rak se­s bilen «Tä­ze halk fron­ty» bi­le­le­şi­gi eýe­le­ýär. Pre­zi­den­tiň «Res­pub­li­ka üçin bi­le­lik­de» bi­le­le­şi­gi 22 gö­te­rim­den gow­rak ses alyp, üçün­ji or­ny eýe­le­di. Ses be­riş­li­giň bi­rin­ji tap­gy­ry­na gat­na­şyk ýo­ka­ry de­re­je­de bo­lup, saý­law­çy­la­ryň 67 gö­te­ri­mi saý­law uças­tok­la­ry­na gel­di­ler. Fran­suz met­bu­ga­ty­nyň bel­leý­şi ýa­ly, bu soň­ky on­ýyl­lyk­da iň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­le­riň bi­ri­dir. «Mil­li bi­le­le­şi­giň» ýol­baş­çy­la­ry saý­law­la­ryň ikin­ji tap­gy­ry­nyň ne­ti­je­le­rin­den soň fran­suz par­la­men­ti­niň aşa­ky pa­la­ta­syn­da ab­sal­ýut köp­lü­ge eýe bol­ma­ga bil bag­la­ýar­lar. Bu ýag­daý bol­sa, par­ti­ýa­nyň baş­ly­gy Žor­dan Bar­del­la­nyň Prem­ýer-mi­nistr we­zi­pe­si­ni eýe­le­me­gi­ne müm­kin­çi­lik dö­re­d

«Senagat töleg» — haýyr-sahawat işinde täze mümkinçilik

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisleriniň birinde hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan «Senagat töleg» ykjam programma üpjünçiliginiň işlenip taýýarlanandygy hakynda habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, gürrüňi edilýän bankyň maglumat howpsuzlygy bölüminiň başlygy Mergen Amanow bilen söhbetdeş bolduk. — Mergen, bu ulgamyň işe girizilmegine näme itergi berdi?! Dogry, özüňe müşderi çekmek, döwrüň talabyndan ugur almak, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmak... maliýe düzümleriniň esasy wezipeleriniň hem maksatlarynyň biri bolup durýar...

Ata Watana söýgi bilen

Ýakynda, 21-nji iýunda Russiýanyň hem Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko 60 ýaşady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko şanly 60 ýaş toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdiler. Oleg Dmitriýewiç Kononenko doglan güni mynasybetli iberen gutlaglary üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden sagbolsunlaryny aýdyp, hoşallyk sözlerini ýollady.

Äleme nur «Arkadag»!

Asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlary tarapyndan asman giňişliginde ýüze çykarylan ýyldyzlaryň birine «Arkadag» adynyň goýulmagy, bu asman jisimine «Arkadag» adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamanyň, şeýle-de teleskopyň we onuň düşüren suratlarynyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagy juda buýsandyryjydyr. Älem giňişliginde ýerleşýän ähli ýyldyzlar 88 sany ýyldyzlar toparlaryna bölünýär. Ol ýyldyzlar toparlarynyň ählisiniň gadymdan gelýän hususy atlary bar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hormatyna ady dakylan täze «Arkadag» ýyldyzy Pegas ýyldyzlar toparyna degişlidir. Pegas ýyldyzlar topary asman döwresiniň demirgazyk ýarymynda asman ekwatorynyň golaýynda ýerleşýär. Ol Andromeda ýyldyzlar toparynyň günorta-günbatarynda ýerleşip, onuň tutýan meýdany 1121 inedördül-gradusa deňdir. Pegas ýyldyzlar toparynyň hiç hili guralsyz, ýönekeý göz bilen gözegçilik edilende görüp bolýan ýyldyzlarynyň sany 160 töweregidir. Şol ýyldyzlar toparynyň düzümine girýän has ýagty ýyldyzlaryň hususy atlary hem bardyr. Olara Alferes, Algeniw, Biham, Enif, Marhab we beýlekiler degişlidir.

Türkmenistan — Gazagystan: taryhy köklere daýanýan geljegi uly hyzmatdaşlyk

Aslynda, döwletara gatnaşyklaryň netijeliligine ser salnanda ýyllar ýa-da onýyllyklar o diýen bir uzak möhlet däl. Türkmen-gazak gatnaşyklarynyň soňky 15 ýyllykdaky ösüş depginine seredeniňde, gysga wagtda örän uly taslamalaryň durmuşa geçirilip, birnäçe möhüm ähmiýetli ylalaşyklaryň gazanylandygyna göz ýetirmek mümkin. Olaryň hatarynda Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisini, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoluny, 2018-nji ýylda Gazagystanyň Aktau şäherinde kabul edilen Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakyndaky Konwensiýany görkezmek bolar. 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda ýola goýlan Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwlet başyna gelmegi bilen täze derejä göterildi. Bu asylly ýörelge Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan hem mynasyp dowam etdirilýär.

Baýramçylykda bagtyň açary!

29-njy iýunda Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli şäherde dabaraly çäreler geçirildi. Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreleriň çäginde Arkadag şäherinde ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryndan öýleriniň açarlaryny alan ýaşaýjylar jaý toýlaryny tutdular. Täze jaýyň açarlaryny alan bagtyýar ildeşlerimiz şanly günde şeýle bagta ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkyň abadançylygy ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler we alkyş sözlerini aýtdylar.

Işiňiz ileri bolsun!

Golaýda Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiziň Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen gol çeken Karary mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatda çykyş edenler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda sebitde ilkinji bolup gurlan «akylly» şäheriň at-abraýynyň barha belende galýandygyny, ýakynda bir ýyllygy bellenilen juwan şäheriň ikinji tapgyrynda hem gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelmegi üçin türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemişe üns-goldaw berýändiklerini nygtadylar. Arkadag şäherinde demir ýol menziliniň, awtomobil menziliniň hem-de awtotoplumyň we bellige alyş nokadynyň, seýsmik yrgyldylaryň anyk hasaplamasyny üpjün edýän seýsmik stansiýanyň, söwda we hyzmat ediş toplumynyň, iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy barada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gol çeken Karary aýdylanlaryň subutydyr. Bu işleriň ählisi halkymyzyň abadan we bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilendir. Bellenilişi ýaly, gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň iýun aýynda başlanyp, 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga berler.

Täzelikler

Türkmenabadyň tikin fabriginiň işçileri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny ýokary zähmet görkezijilerine besleýärler. Olar ýylyň geçen alty aýynda meýilleşdirilen 23 million 600 müň manatlygyň ýerine 24 million 397 müň 71 manatlyk önüm öndürdiler. Kärhananyň ykdysatçysy Maýsa Goçjyýewanyň aýtmagyna görä, bu döwürde, esasan, harbylardan gelýän buýurmalaryň uly möçberdäkisi çalt we ýokary hilli ýerine ýetirildi. Fabrikde ilatyň islegini öwrenmek arkaly zerur bolan tikin önümleri hem öndürilýär. Şoňa laýyklykda çaga eşikleriniň we ýörite iş geýimleriniň hem uly toplumy taýýarlanylyp, söwda nokatlary arkaly ilata hödürlenildi.

Ýurt berkarar, il bagtyýar

Biz ýaşaýan döwrümizi uly buýsanç bilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýip atlandyrýarys. Döwürlerden döwürlere, ömürlerden ömürlere ganat ýaýan bagtyýar ýaşaýşymyz, ilkinji nobatda, Gahryman Arkadagymyzyň ýurt Baştutany bolup işlän ýyllarynda parasatlylyk bilen alyp baran içeri syýasatynyň miwesidir. Bu gün şol syýasat Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleri bilen mynasyp dowam etdirilýär. Bagtyýar ýaşaýşymyz ynamly ädimler bilen nurana geljege sary uzaýar. Bu gün döwletli Diýarymyzda her bir şäherde, her bir obada Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçiren beýik işleriniň miwesini görýäris. Eger ýurdumyzyň iň çetki etraplarynda ýaşaýan ilatyň hem çagalary döwrebap çagalar baglarynda terbiýelenilip, döwrebap orta mekdeplerde bilim alýan bolsalar, oba hojalykçylar çeken zähmetiniň miwesini bolluk bilen görýän bolsalar, ildeşlerimiz yzygiderli iş orunlary bilen üpjün edilip, olaryň bagtyýar ýaşamaklary üçin ähli şertler döredilýän bolsa, bu zatlaryň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasynyň miweleridir.