HABARLAR

Milli binagärligiň döwrebap nusgasy

14-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň mynasyp bolan halkara sylaglary we bu ýerde gurulmagy, durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan Fransiýanyň «Buig» kompaniýasynyň ýurdumyzdaky wekili bilen hem duşuşdy. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Halk bähbitli netijeli işler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem netijeli işler alnyp barylýar. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. 16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Arkadag şäheri — dünýä nusgalyk şäher

14-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen gyşynyň tenekar säheriniň irki pursatlarynda täzeçil tehnologiýalar esasynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň mynasyp bolan halkara sylaglary we bu ýerde gurulmagy, durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan Fransiýanyň «Buig» kompaniýasynyň ýurdumyzdaky wekili bilen hem duşuşdy. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Beýik ösüşlere buýsanç

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz bagtyýar durmuşda ýaşaýar, döredijilikli zähmet bilen ýurdumyzy gülledýär. Çünki Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir. Häzirki ajaýyp döwrümizde amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli başlangyçlaryň, beýik işleriň özeninde diňe halkyň bähbidi, onuň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy baradaky belent maksatlaryň durýandygy her bir raýatyň durmuşynda duýulýar. Halkyň hal-ýagdaýynyň günsaýyn has-da gowulanyp, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň derejesi barha ýokarlanýar. Bu bolsa her bir adamda buýsanç döredýär.

Şöhratly taryhymyzyň aýdyň beýany

Üstünliklere beslenen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şanly wakalara baý boldy. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza serpaý eden eserleri ruhy we medeni gymmatlygymyza öwrüldi. Bu ajaýyp ylmy-filosofik eserler ýol-ýörelgämizdir. Halkymyzyň şöhratly taryhyny, medeni mirasyny, nusgalyk ýol-ýörelgelerini beýan edýän eserler ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly gollanmadyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher zehininden döreýän dürdäne eserler her birimiz üçin bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitaby hem pähim-paýhasyň nur-şuglasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen we iňlis dillerinde neşir edilen «Hakyda göwheri» atly kitaby geçmişimize buýsanjy, geljegimize bolan ynamy artdyrýar. Milli Liderimiz taryhy maglumatlary diňe bir öwrenmek bilen çäklenmän, häzirki zaman dünýäsine akyl ýetirmegiň syryny hem salgy berýär. Täze kitabyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda neşir edilmegi uly ähmiýete eýedir. Ata-babalarymyzdan miras galan ruhy gymmatlyklarymyz bu günki günde dünýä ýaýylýar. Bu asylly ýörelgeleri, şöhratly taryhymyzy ýaş nesillere öwretmek, wagyz etmek köňüllerde buýsanç döredýär.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda ilki bilen welaýatlaryň häkimleriniň özleriniň ýolbaşçylyk edýän sebitlerinde häzirki günlerde alnyp barylýan işler barada hasabatlaryny diňledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY

Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, edebi mirasyny, akyldar şahyryň arzuwlan ajaýyp zamanasyny döwrebap aýdym-sazlaryň üsti bilen mynasyp wasp etmäge goşan uly goşantlaryny nazara alyp, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:

Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygyny kabul etdi

Aşgabat, 16-njy dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy, işlemek üçin ähli zerur şertler döredilen türkmen bazarynda iş alyp barmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady hem-de pursatdan peýdalanyp, ýapon-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly şahsy goşant goşýan türkmen halkynyň Milli Liderine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi

Aşgabat, 16-njy dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, “John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýkony we “Westport Trading Europe Limited” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Nikolaý Ýurçenkony kabul etdi. Işewürler wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň uly ykdysady kuwwaty bolan Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.

Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy

16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.