Durnukly ösüş üpjün edilýär

17 Dekabr 2024
64

16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, welaýatlaryň häkimlerine söz berildi. Olar sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işlerini talaba laýyk guramak, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça, şeýle-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.