Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi

17 Dekabr 2024
78

16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, “John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýkony we “Westport Trading Europe Limited” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Nikolaý Ýurçenkony kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz myhmanlary mübärekläp, Türkmen-amerikan işewürlik maslahatynyň Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky maýa goýum hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi hem-de bu çäräniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz myhmanlaryň şu gezekki saparynyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen geljegi uly ugurlar boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik dörejekdigini, şol gepleşikleriň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine täze itergi berjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmeginde amerikan kompaniýalarynyň goşýan goşandy bellenildi.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.