HABARLAR

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç! Türki halklaryň gadymy Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna

Hormatly adamlar! Gadyrly watandaşlar!

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin:

Resmi habar

«Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 15-nji martynda çykaran 358-nji belgili Permanyny ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, goranmak ministrine, içeri işler ministrine, milli howpsuzlyk ministrine, Döwlet serhet gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygyna, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagy meýilnamalara laýyklykda dabaraly ýagdaýda geçirmek, söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek tabşyryldy. (TDH)

Dünýä uzaýan dostluk ýollary

Berkarar döwletimizde dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär. Özara bähbitli hyzmatdaşlyga, birek-birege hormat goýmak Türkmenistan döwletimizde esasy ýörelgedir. Bilşimiz ýaly, Arkadagly eýýamymyzda Watanymyzyň ýüregi bolan ak şäherimiz Aşgabatdan dünýäniň çar künjegine ýollar çekildi. Bu ýollar häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilen görnüşi bolup, ol çar tarapa türkmen ilinden iberilen dost-doganlyk salamyny alyp gidýär. Türkmenistandan başlanýan ýollar dünýäniň halklaryny birleşdirýär. Beýik Ýüpek ýoly ýurdumyzyň şäherleriniň we taryhy ýerleriniň tutuş geografiýasyny özünde jemleýär. Munuň şeýledigine dürli eýýamlardaky köp sanly ýadygärlikler, häzirki güne çenli saklanyp galan, özleriniň binagärlik aýratynlyklary bilen haýran galdyryjy binalar hem-de olar hakyndaky halk hakydasy şaýatlyk edýär.

Ýaşyl baglar — baky bahar, baky bagt

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bahar paslynyň ilkinji günlerinde, has takygy, 16-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek möwsüminiň nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Onuň dowamynda tutuş ýurdumyz boýunça müňlerçe düýp agaç nahallary ekildi. Paýtagtymyzyň günortasyndaky gözel künjekde, Arçabil şaýolunyň ugrunda, şeýle hem Köpetdagyň eteginde bina edilen Magtymguly Pyragynyň belent ýadygärliginiň töwereginde ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasyna Gahryman Arkadagymyz hem gatnaşdy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz 7 sany bag nahalyny oturtdylar. Mälim bolşy ýaly, ýedilik san türkmenlerde şowlulygyň we rowaçlygyň nyşany hasaplanylýar. Ählihalk bak ekmek dabarasynyň barşynda tutuş ýurdumyz boýunça saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzüm nahallarynyň 594 müň 892 düýbi oturdyldy. Şeýle hem seýilgähleri, tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 2 million 376 müň 204 düýp agaja ideg işleri geçirildi. Bu asylly iş Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Hezreti Muhammet örän rehimdar bolupdyr, diňe ynsanlara däl, haýwanlara-da, ähli zada rehimli bolmagy ündäpdir. Bu babatda öz hereketleri bilen görelde

Tutanýerli zähmet: maksadymyz we wezipämiz

Halkymyz täze taryhy döwrüň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly buýsançly şygara beslenen ýylyny belent maksatlara, täze üstünliklere beslemek ugrunda gaýratly zähmet çekýär, döredýär, gurýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesini «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş taglymatyň esasynda durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir tutumly başlangyjy jemgyýetiň sazlaşykly ösüşine uly itergi berýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda zähmete we zähmet çekýän adamlara aýratyn sylag-sarpa goýulýar. Zähmeti goramaga we goldamaga, zähmetiň konstitusion ýagdaýyna aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň bazar ykdysadyýetine geçiş döwründe raýatlaryň zähmet hukuklarynyň we azatlyklarynyň döwlet kepilliklerini kesgitlemek zähmet kanunçylygynyň wajyp maksady bolup durýar. Bu meseleleriň ähmiýetiniň örän wajypdygy sebäpli, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 1-nji maddasynda  ýurdumyzyň zähmet kanunçylygynyň maksatlary we esasy wezipeleri göz öňünde tutulandyr.

Nowruz geldi ilime

Bahar paslynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkymyzyň arzyly baýramy bolan Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe bagyşlanan dabaralar ýaýbaňlandyrylýar. Ata Watanymyzda Nowruz tämizligiň, sahawatyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň, bagtyýarlygyň baýramy hasaplanylýar. Täzelenişiň, ýakymly duýgulardan şineleýän täze pikirdir garaýyşlaryň baýramy bolan Nowruzy her halk özüçe, «Nauroz», «Nooruz» ýa «Newruz» diýip atlandyrýar. Ýöne ol nähili atlandyrylsa-da, mazmun taýdan, maksat babatda bir umumylyga eýedir. Dostluk köprüsiniň binýadyny berkitmek maksadyna eýerýän bu sene BMG-niň ýörite Rezolýusiýasy bilen Halkara Nowruz güni diýlip yglan edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Halkara Nowruz güni dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň özboluşly hem-de belent ruhuny we ahlak gymmatlyklaryny, taryhy-medeni däplerini özünde jemleýär. Biz hem Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, mähriban halkymyzy Halkara Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, dürli kärde zähmet çekýän ildeşlerimiziň ýürek buýsançlaryny paýlaşýarys. Enejan NAZAROWA, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň T

Harby gullukçylaryň hukuk goraglylygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adam hakyndaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulyp, her bir raýat üçin iň amatly ýaşaýyş şertleriniň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda kabul edilýän kanunlar adamlaryň durmuş, zähmet we ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilýär. Şunda ýurdumyzyň harby gullukçylarynyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyna hem aýratyn uly ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda hereket edýän «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýyny, şeýle-de harby gullukçylaryň we harby gullukdan boşan raýatlaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň hukuk we durmuş taýdan goraglylygy babatda döwlet syýasatynyň esaslaryny kesgitleýär.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Rüstem DÖWLETOW, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy: — 28-nji martda paýtagtymyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly metbugat maslahaty hem dürli ýurtlardan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini Aşgabada jemläp, halkymyzyň umumadamzat medeniýetine goşan goşandyny dünýä ýaýmaga ýardam berer. Bu çäräniň «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat bilen bir wagtda geçirilmegi myhmanlara türkmen topragynyň taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik berer.