HABARLAR

Gülleýär, galkynýar gadymy mekan

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni ösüş-özgerişlere, toý-baýramlara beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bahar paslynyň şatlykly günleriniň buýsançly wakalary bu hakykaty nobatdaky gezek tassyklaýar. Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň dabaralarynyň yzysüre Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habaryň gelip gowuşmagy, dünýäniň çar künjünden alymlaryňdyr döredijilik işgärleriniň, doganlyk halklaryň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda gadymy Änew topragynda uly dabaralaryň guralmagy ildeşlerimiziň göwün guşuna ganat baglap, syýasy, ykdysady we medeni taýdan galkynýan Watanymyzyň halkara abraýyny has-da artdyrdy.

Türkmenistan — dünýä medeniýetiniň ojagy

Mälim bolşy ýaly, 23-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda döwlet Baştutanymyz Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi. Bu kitap «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyza ajaýyp sowgat boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň medeniýetini, edebiýatyny, milli mirasyny düýpli öwrenmek, gorap saklamak, olary wagyz etmek we geljekki nesillere ýetirmek ugrunda nusgalyk işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň gadymy şäherlerinde we arheologik hem-de taryhy ýadygärlikleriň merkezlerinde döwlet-taryhy goraghanalarynyň giň toplumynyň döredilmegi munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Maksatnamanyň esasy wezipesi milli mirasymyzy gorap saklamakdan

Ählumumy parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmegiň bähbidine

Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy we ynanyşmagy üpjün etmek babatda dünýä döwletleri we iri halkara guramalary bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berýär. Döwletimiziň oňyn bitaraplyk syýasaty ählumumy howpsuzlygy berkitmekde, häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň sazlaşykly çözgüdini tapmakda, döwletleriň we halklaryň durnukly ösüşi üçin amatly şertleri döretmekde, şeýle hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde Milletler Bileleşiginiň  tagallalaryna hemmetaraplaýyn ýardam bermäge gönükdirilendir. Ýurdumyz halkara gatnaşyklaryň gün tertibindäki gaýragoýulmasyz meselelere çynlakaý çemeleşmek bilen, Durnukly ösüş maksatlarynyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän halkara gatnaşyklaryň derwaýys meselelerine mynasyp jogap berýän oňyn başlangyçlarynyň we teklipleriniň yzygiderli durmuşa geçirilmegi döwletimiziň halkara giňişligindäki ähmiýetli ornuny has-da berkidýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli ÇYKYŞY

(Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby, 2024-nji ýylyň 27-nji marty) Essalawmaleýkim, hormatly adamlar!

Halkyň agzybirligi we rowaçlygy — döwletiň kuwwat çeşmesi

27-nji martda Ak bugdaý etrabynyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze metjidiň açylyşy boldy we hajy Arkadagymyz bu ýerde agzaçar sadakasyny berdi. Mübärek Oraza aýynda geçirilen bu çäre halkymyzyň ýagşy dessurlarynyň ynsanperwer ýörelgeler bilen utgaşýandygyny dabaralandyrdy. Her bir öý-ojakdan başlanýan döwletiň kuwwatlylygy, durnukly ösüşi, howpsuzlygynyň ygtybarlylygy, ilkinji nobatda,  halkynyň agzybirligine  baglydyr. Şonuň üçin Gahryman Arkadagymyz: «Döwlet bilen halkyň jebisligi eziz Diýarymyzyň rowaçlygydyr» diýende, bize hemişe  nuranalygy bilen uzalyp gitjek ýoly görkezýändir. Rowaclykda, gülläp ösüşde, ykdysady kuwwatyň artmagynda  bolsa ýurt asudalygy, il agzybirligi, arzuwlaryň wysaly, maksatlaryň myrady, döwletliligiň ýol salmagy, işleriň, ykballaryň şowlap gitmegi, iň esasysy bolsa, başlan işiňi, aýdan sözüňi Beýik Perwerdigäriň oňlamagy bardyr. Munuň üçin döwlet bilen halkyň jebisligini gazanmak möhümdir.  

Durnukly ösüşiň maksady

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik ynsanperwerlige ýugrulan taýsyz tagallalary bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilenine üç ýyl dolýar. Taryh üçin uzak bolmadyk üç ýylyň içinde bu haýyr-sahawat gaznanyň ýurdumyzda we dünýä ýurtlarynda amala aşyran ynsanperwer, sahawatly işleri halkara jemgyýetçiliginde gyzgyn goldawa eýe boldy. Dünýäniň görnükli syýasatçylary, döwlet ýolbaşçylary Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer garaýyşlary, sahawatly işleri amala aşyrmagyň, parahatçylygy üpjün etmegiň kämil mekdebidigi hakynda minnetdarlyk we buýsanç bilen nygtaýarlar.

Sahawat daragtynyň saýasy

Türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän kämil ýörelgeleri bar. Ynsanperwerlik, haýyr-sahawat, ejizi goldamak ýaly asylly ugurlary özünde jemleýän şol ýörelgeler halkymyzyň millet hökmünde kämilleşmeginde, jemgyýetde jebisligiň  pugtalanmagynda mynasyp orun eýeläpdir. Ýakynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda geçiren iş maslahatynda türkmen halkyna mahsus ýagşy dessurlary baş ýörelge edinýän haýyr-sahawat gaznasynyň işini mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meselelere yzygiderli ähmiýet berilmelidigini belledi.

Türkmen-koreý gatnaşyklary täze belentliklere tarap barýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy 27-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleler gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli ÇYKYŞY

(Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby, 2024-nji ýylyň 27-nji marty) Essalawmaleýkim, hormatly adamlar!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy

27-nji martda Ak bugdaý etrabynyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze metjidiň açylyşy boldy we hajy Arkadagymyz bu ýerde agzaçar sadakasyny berdi. Bu çäräniň mübärek Oraza aýynda geçirilmeginde, şeýle hem Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin çäreler bilen utgaşmagynda çuňňur many bar. Munuň özi halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden ýagşy dessurlarynyň dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgeler bilen utgaşýandygynyň aýdyň beýanydyr. Ak bugdaý etrabynyň çäginde täze metjidiň bina edilmegi ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly ýörelgeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde haýyr işleriň dowamata atarylýandygyna şaýatlyk edýär. Bu bolsa zähmetsöýer halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlara ygrarlylygyny alamatlandyrýar. Şanly wakalaryň dabaralandyrylýan günlerinde geçirilýän bu çäre ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini, şunda halkymyzyň döreden gymmatlyklarynyň dünýä giňişliginde ykrar edilýändigini görkezýär.