HABARLAR

Köpugurly hyzmatdaşlyk rowaçlanýar

28-nji aprelde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk dabaralary tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz myhmany mübärekläp, ony myhmansöýer türkmen topragynda görýändigine şatdygyny belledi. Tatarystanyň Raisiniň Türkmenistana saparynyň ähmiýeti barada aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri munuň biziň halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigini, ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýandygyny subut edýändigini aýtdy.

Giň gerimli işler üstünliklere beslenýär

29-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda welaýatlaryň häkimleriniň we wise-premýeriň hasabatlary diňlenildi. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekişi tamamlanyp, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda bolsa ideg etmek, hatarara bejergi işleri geçirilýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly dowam etdirilýär. Galla oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde däne ýygýan kombaýnlary, bugdaý daşajak awtoulaglary we galla kabul ediş kärhanalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek we bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek maksady bilen, olara ideg işleri geçirilýär. Welaýatda pile öndürmek boýunça bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ýüpek gurçugyna ideg işleri dowam etdirilýär.

Resmi habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň binagärlik we şähergurluşyk keşbini özgertmek, şeýle hem aragatnaşyk pudagynyň işgärleri üçin has oňaýly iş şertlerini döretmek, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünliki durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Baş bina” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň iýun aýynda başlamak hem-de edara binasyny 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Aýdyň maksatlar rowaçlanýar

19-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy. Döwrebap hyzmatlar halkyň bähbidine

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

29-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Ýurdumyzyň kuwwatly daýanjy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şanly toýa barýan ýurdumyzyň nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetiň esasy pudagy bolup, oňa ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösüşini üpjün etmekde uly orun degişlidir. Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan eziz Diýarymyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli pähim-paýhaslary esasynda, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň innowasion ösüşine gönükdirilen toplumlaýyn strategiýany durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistan ýangyç-energetika pudagynyň mümkinçiliklerini ynamly ösdürýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan energetika syýasatyna laýyklykda, pudaga iri möçberli maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär» diýip belleýär. Munuň şeýledigini Garaşsyz Watanymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen hem-de Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän ýylynyň bahar paslynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen halkara göçme forum hem ýene bir gezek tassyklaýar. Forum «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa»

Dost-doganlyk gatnaşyklary

Bilşimiz ýaly, 28-nji aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň dabaralary Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda giň gerimde dabaralandyryldy. Bu ýerde guralan baýramçylyk dabaralary tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Duşuşmaga döredilen mümkinçilik we Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan giň möçberli dabaralara gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, myhman Gahryman Arkadagymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hoşniýetli arzuwlaryny we gutlaglaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyzy iki halkyň taryhyň dowamynda emele gelen medeni-ruhy umumylyklaryna esaslanýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar.

Işler talabalaýyk ýerine ýetirilmelidir

29-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda welaýatlaryň häkimleri özleriniň ýolbaşçylyk edýän sebitlerinde häzirki günlerde alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň medeni diplomatiýasy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Adamzat taryhynyň bütin dowamynda türkmenler iň gadymy medeniýetleri we döwletleri döretmekde, adalatly jemgyýeti gurmakda, parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi dabaralandyrmakda baý tejribesi bolan halk hökmünde tanalýar» diýip belleýär. Munuň şeýledigini Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) we Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Gündogaryň beýik akyldary, ajaýyp türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bilelikde baýram etmeginiň çäklerinde şu ýylyň 22 — 24-nji apreli aralygynda Parižde geçirilen döredijilik çäresi-de ýene bir gezek aýdyň görkezýär. Ol Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy, ýurdumyzyň Fransiýadaky ilçihanasy hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guraldy. Esasy çäreleriň hatarynda «Magtymguly Pyragy we Türkmenistanyň medeni mirasy» atly sergini, Türkmen-fransuz arheologik toparyň işiniň 30 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahaty, şeýle hem ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konsertini görkezmek bolar. Mälim bolşy ýaly, parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, açyklyk ýörelgelerine ygrarly bolan Türkmenistan häzirki döwürde Arkadagly  Gahryman

Täze eseriň ýalkymy

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp, onda taryhymyzyň şöhratly sahypalary giňden beýan edilýär. Hut şonuň üçin-de, bu kitap halkymyz üçin gymmatly sowgat bolup, türkmen taryhyny, medeniýetini dünýä ýaýmakda möhüm orna eýedir. Bu eser bilen bagly dabara ýaňy-ýakynda etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň we medeniýet merkeziniň wekilleriniň gatnaşmagynda podpolkownik Halnepes Meläýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde geçirildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, kitabyň girişinde türkmen halkynyň özboluşly taryhy-medeni mirasy, bu ugurda döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly halkara guramalar we köp sanly beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezi bilen netijeli hyzmatdaşlyk barada maglumat berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu eser dünýä belli arheologlar, taryhçylar we olaryň nesilleri bilen bilelikde işleşmek bagty miýesser eden Milli Liderimiziň beren gürrüňleri esasynda döräpdir. Kitabyň jemlemesinde hormatly Belent Serkerdebaşymyz gadymy Änew medeniýetine, Gündogaryň beýik sö