Parahatçylyk nury bütin dünýä ýaýyldy
Mälim bolşy ýaly, 29-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabara geçirildi. Onda Türkmenistanyň bütin dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy döretmek ugrunda amala aşyrýan işleriniň aýratyn uly ähmiýete eýedigi nygtaldy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna resmi taýdan badalga berildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän türkmen diplomatiýasynyň parahatçylyk döredijilik kuwwatyna berilýän ýokary bahadyr. Türkmenistanyň daşary syýasatynda parahatçylyga we ynanyşmaga aýratyn möhüm orun degişlidir. Bu düşünjeler özara bähbitli hyzmatdaşlygy, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin iňňän zerur bolup durýan möhüm şertlerdir. Munuň hut şeýledigini türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy mynasybetli guralan dabarada çykyş edenler anyk delilleriň üsti bilen subut etdiler. Oňa daşary ýurtly diplomatlar, ýurdumyzda işleýän abraýly halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri