Maksada okgunly işler durnukly ösüşiň berk binýadydyr

1 Fewral 2021
950

29-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, Mejlisiň Başlygyna söz berdi. Degişli ulgamlaryň ýolbaşçylary öz gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdiler. Hasabatlaryň çäklerinde ýurdumyzda harytlaryň gelip çykan ýerleri bilen baglanyşykly meseleleri tertipleşdirmek boýunça geçirilen işler, «2030-njy ýyla çenli döwür üçin nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler, gurluşyk we senagat toplumyna degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň düzüminde maglumat howpsuzlygy we sanly tehnologiýalar bölümini açmak boýunça ýerine ýetirilýän işler, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler, azyk we oba hojalyk önümleriniň önümçiligini artdyrmagyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Şeýle hem ýurdumyzyň ylym ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, hususan-da, 2021-nji ýylda aspirantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmegiň meseleleri boýunça alnyp barylýan işler, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy, Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem paýtagtymyzda akyldar şahyryň täze ýadygärliginiň açylmagy mynasybetli wideoaragatnaşyk arkaly medeni çäreleri geçirmäge taýýarlyk işleri, ýurdumyzyň sebitlerinde ýazky ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri, milli parlamentiň kanun çykaryjylyk işi, Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasyny işläp taýýarlamak we onuň durmuşa geçirilmegine gözegçilik etmek boýunça Pudagara topary döretmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça kabul edilen Kararnamasynda yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň açylyş dabarasyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri, şu ýylyň 30-njy ýanwarynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işi boýunça Milli toparynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri, harby we hukuk goraýjy edaralarda ýurdumyzda parahatçylygy, asudalygy we durnuklylygy saklamak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.